Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk krizisi: Sowuk howada çörek nobatlarynyň aglabasyny çagalar we pensionerler emele getirýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän azyk krizisiniň arasynda, Mary şäheriniň döwlet dükanlarynda çörek nobatlary saklanyp galýar. Howanyň temperaturasy gijelerine -7, gündizlerine 2 gradusa çenli ýetýän şu günlerde nobatdaky adamlaryň aglabasyny okuwçy çagalar we garry pensionerler emele getirýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji dekabrda Marydan habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Mary şäherinde adamlar irden sagat 5:30-da döwlet dükanlarynyň arka tarapynda çörege nobata durýarlar. 7-nji dekabrda 10-njy belgili dükana baran adamlaryň köp bölegi okuwçy çagalardan we garry adamlardan ybarat boldy.

"AccuWeather" websaýtynyň maglumatynda Maryda howanyň temperaturasy 1 gradusy görkezýän mahaly, irden şäherde ýagyş gatyşykly gar ýagdy. Bu bolsa, ýagşyň, garyň aşagynda nobata duran adamlaryň belli bir derejede ezilmegine hem getirdi.

Habarçynyň aýtmagyna görä, sowuk howa şertlerinde nobata duran garrylaryň we çagalaryň arasynda talaba laýyk gyş egin-eşiklerini geýmedikler hem köpdi. Çagalaryň köpüsinde papaklary bolmandygy üçin olar mekdebe geýýän börüklerini geýip, nobata durdular. Olaryň aýaklary ýukajyk aýakgaply bolup, eginlerinde paltolary bar bolsa-da, onuň içinde žempirleri ýokdy.

"Üşäp duran çagalaryň birine "Ejeň-kakaň ýokmy? Üşäp dursuň, papak geýip gelmeli ekeniň" diýdim. "Kakam Orsýetde işleýär, ejemiň aýagy agyrýar. Ýokarky etaža münüp düşmesi kyn. Papagym ýok, [ejem] kakam pul iberse alyp berjek diýdi" diýip, çagajyk jogap berdi" diýip, nobatda duran maryly zenan anonim şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ol hökümet tarapyndan paýok uny wagtynda berilse, şeýle derejä ýetilmezdi diýip, "Meniň özüm maý aýynyň paýogyny geçen aýda aldym" hem diýdi.

Sagat 6-da dükan açylyp, 1 manatdan çörek satylyp başlandy. Dükan işgärleri maşgala agzalarynyň sanyna garamazdan, her bir jaýyň ýaşaýjysyna diňe iki çörek satdylar.

"Maşgalada iki adam ýaşaýan bolsa-da, dokuz adam ýaşaýan bolsa-da 2 çörek berilýär. Ýöne şonda-da çörek hemme adama ýetmedi. Şeýle-de, çörekleriň göwrüminiň mundan iki-üç aý öň bilen deňeşdireniňde has-da kiçelendigini görse bolýar" diýip, maryly zenan habarçymyza aýtdy.

Nobatlara polisiýa işgärleri tarapyndan gözegçilik edildi.

Adamlar özleriniň şol dükana degişlidikleri barada öý müdirliklerinden alnan kepilnamalaryny görkezende, dükan işgärleri öz žurnallarynda şol alyjynyň adynyň gapdalyndan goşmak belgisini hem goýýarlar.

"Olar adamlar ikilenji gezek çörek satyn alaýmasyn diýip, şu usul arkaly gözegçilik edýärler" diýip, maryly zenan aýtdy.

Türkmenistanda raýatlar un ýa-da beýleki paýoklaryny almak üçin propiska esasynda döwlet dükanlaryna ýazylýarlar we diňe şol dükanlardan paýoklaryny alyp bilýärler. Geçen aý Maryda çörek hem propiska görä satylyp başlandy.

Türkmenistanda dört ýyla golaý wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Hususyýetçilerde azyk önümleriniň bahalary yzygiderli gymmatlaýan mahaly, döwlet dükanlarynda un we ýag ýaly gündelik iýmit önümleriniň gytçylygy ýygy-ýygydan emele gelýär.

Munuň bilen bagly, ýurt raýatlarynyň ýerli resmilere arz-şikaýatlary we nägilelikleri hem artýar.

Türkmen resmileri azyk krizisi, munuň bilen bagly ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, arz-şikaýatlary we nägilelikleri barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler. Azatlyk Radiosy bu hakda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden hem kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG