Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollar aşaklaýar, ýöne haryt gymmatçylygy saklanyp galýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Soňky günlerde gara bazarda 29 manada çenli ýokarlanan dollaryň bahasy aşaklap, ol häzir 25-25,80 manat töwereklerinde saklanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

Lebaply habarçy sebitde dollaryň resmi däl nyrhynyň 25,80 manada çenli aşaklandygyny habar berdi.

Geçen anna güni Türkmenistanyň tas ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda dollaryň gara bazar nyrhy 28,60 manada çenli ýokarlandy.

Habarçynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi walýutanyň birden arzanlamagyna “ýokardan berlen tabşyrygyň” sebäp bolandygyny aýdýar.

Şeýle-de, çeşme gara bazarda dollar söwdasy bilen meşgullanýan onlarça lebaply “dollarçynyň” tussag edilendigini mälim etdi.

Tussag etmelerden soň walýutaçylar onuň söwdasynda gizlinligiň derejesini we hüşgärligi artdyrdy.

“Häzir Farabyň bazarynda dollar satyn alynýar emma satylmaýar. Aç-açanlyk ýok. Diňe söwda dükanlarynyň içinde, hamala, başga harydyň söwdasyny edýän ýaly walýuta söwdasyny edýärler” diýip, habarçy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan bir faraply gürrüň berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Merkezi banky 5 ýyl bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklaýar. Häzir gara bazarda onuň bahasy resmi kursdan 7 esse töwereklerinde ýokarydyr.

“Öňki hepdeler dollaryň bahasy 29 manada çenli baryp ýeten bolsa, bu günler dollar gara bazarda biraz pese düşdi. Häzir ol 25 manatdan satylýar” diýip, türkmenabatly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne dollar arzanlap, manat hümmetlense-de, bazarlarda we söwda nokatlarynda emele gelen soňky gymmatçylyk saklanyp galýar.

Birinji habarçy Farapda 1 kilogram şekeriň hususy söwdada 27 manada çenli gymmatlandygyny habar berýär.

Ikinji habarçy Türkmenabatda 1 kilogram şekeriň 20 manatdan bahalanýandygyny, bu ýagdaýyň konditer önümleriniň bahalarynyň dessine ýokarlanmagyna getirendigini habar berdi

“Ähli köke we beýleki konditer önümleri, süýjüler 11-15 töwereklerinde gymmatlady, şokoladlaryň bahalary 1 kilogramyna 20 manat galdy” diýip, beýleki bir türkmenabatly Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, süýji-kökeleriň bahalaryndaky gymmatçylyk edara-kärhanalaryň işgärlerine Kärdeşler arkalaşygy tarapyndan beriljek Täze ýyl sowgatlaryna ýaramaz täsir eder.

“Täze ýyl ýetip gelýän wagty has köp mukdarda satyn alynýan süýji-kökeleriň bahalarynyň galmagy, edara-kärhanalara Kärdeşler arkalaşygy tarapyndan beriljek Täze ýyl sowgatlaryna hil we agram taýdan negatiw täsir eder” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ol çagalar baglarynda ene-atalaryň hasabyna çagalara beriljek Täze ýyl sowgatlarynyň üpjünçiliginde gymmatçylyk bilen bagly kynçylygyň ýüze çykmagyna garaşylýandygyny sözüne goşdy.

“Köp ene-atanyň maddy taýdan muňa gurby çatmaýar” diýip, ol belledi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, bir aý mundan ozal 1 kilogram şeker 12 manatdan bahalanýardy; bir aý mundan ozal Türkmenistanda öndürilen şokoladyň 1 kilogramy 32 manat bolsa, häzir ol 55-60 manat aralygynda bahalanýar.

Ol munuň bilen soňky hepdelerde dollaryň gymmatlamagy bilen diňe bir daşary ýurtlardan import edilýän önümleriň däl, içerki önümçilige degişli harytlaryň hem bahalarynyň gymmatlandygyny tassyklady.

Birinji habarçy ýagdaýdan habarly çeşmäniň sözlerine salgylanyp, 12-nji dekabr – Bitaraplyk baýramynyň dowamynda ýurt resmileriniň baýramçylyga gabatlap, bazarlardaky gymmatçylygyň öňüni almaga synanyşýandygyny aýdýandyklaryny habar berdi.

Ýöne “Merkezi bank hiç bir çäre görmedi” diýip, çeşme gürrüň berdi.

“Diňe güýç bilen adamlaryň ykdysady ýagdaýyna zarba urýarlar. Häzir Merkezi bank daşary ýurtlardan haryt getirýän telekeçileriň pullaryny konwertasiýa edip bermeýär” diýip, çeşme tassyklady.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolýan synçylar walýutanyň resmi we resmi däl goşa bahasyndan ýokary wezipeli adamlaryň bähbit araýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG