Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dollar günsaýyn gymmatlaýar, resmi kursdan sekiz esse ýokarlandy


Dollaryň soňky nyrhy hökümetiň kesgitlän resmi 3,5 manat kursundan tas sekiz esse ýokarydyr.
Dollaryň soňky nyrhy hökümetiň kesgitlän resmi 3,5 manat kursundan tas sekiz esse ýokarydyr.

Lebapda gara bazarda bir hepde mundan ozal 25 manatdan bahalanan dollaryň nyrhy 27,4 manada göterildi. Mundan iki hepde ozal bolsa, bir dollaryň nyrhy 23 manada deňdi. Munuň bilen bir hatarda, hususy söwdadaky, diňe bir daşary ýurtdan getirilen däl, eýse Türkmenistanyň öz içinde öndürilen harytlaryň bahalary hem 10-15% töweregi gymmatlady. Walýutaçylar dollaryň nyrhynyň mundan beýläk hem galmagyna garaşylýandygyny, ýylyň aýagyna onuň 30-35 manada çenli ýetmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Azatlygyň Lebapdaky walýuta bazarlarynyň ýagdaýyny ýakyndan yzarlaýan habarçylarynyň sözlerine görä, noýabryň ortalaryndan başlap dollaryň gara bazardaky nyrhy günsaýyn, her günde ortaça 20 teňňe möçberinde gymmatlaýar. Dollaryň soňky nyrhy hökümetiň kesgitlän resmi 3,5 manat kursundan tas sekiz esse ýokarydyr.

Bu ýagdaýlaryň arasynda, walýutaçylar hem diňe daşary ýurt pul birligini manada satyn alyp, onuň satyşyny bes etdiler.

“Dollaryň [gara bazardaky] nyrhy, belli bir derejede, sebitdäki daşary ýurt firmalarynyň işgärlerine aýlyklaryny dollarda berip-bermeýändigine hem bagly. Zähmet haklary ýerli pul birliginde berilse, aýlanyşykdaky dollaryň kemelmegi, onuň gymmatlamagyna getirýär. Ýöne biz esasan Aşgabatdaky ýagdaýlara görä hereket edýäris. Paýtagtda dollar galsa, ýurduň ähli ýerinde-de ol gymmatlaýar” diýip, lebaply walýutaçylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, bazar ýagdaýlarynyň ýaramazlaşýandygy baradaky maglumaty Azatlygyň beýleki sebitlerdäki we Aşgabatdaky habarçylary hem tassyk edýärler.

Atlandyrylmasyzlygyny soran walýutaçy, her ýylda hem bolşy ýaly, Täze ýyla çenli dollaryň bahasynyň göterilmegini dowam etdirjekdigini, onuň 30, hat-da 35 manada çenli galyp biljekdigini aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we Merkezi Banky ýurtda eýýäm ençeme ýyldan bäri dowam edip gelýän dollaryň iki kursy, onuň ykdysadyýete, şeýle-de adamlaryň gündelik durmuşyna ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýtmaýarlar. Azatlygyň hem bu baradaky soraglaryny jogapsyz goýýarlar.

Emma ýerli ýaşaýjylar munuň daşary ýurtlar bilen söwda etmek mümkinçiliklerini çäklendirmek bilen birlikde, adamlaryň gün-güzeran aladalarynyň hem barha kynlaşmagyna sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

“Türkmenabadyň bazarynda daşary ýurtdan getirilen bir lybasyň bahasyny ylalaşanymdan soňra, ertesi gün gelenimde ol eýýäm gymmatlapdyr. Satyjy muny dollaryň nyrhynyň galmagy bilen düşündirdi, harydyň bahasynyň ýene galyp biljekdigini duýdurdy” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri başdan geçirenlerini habarçymyza gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, dollaryň nyrhynyň galmagynyň diňe bir daşary ýurtdan getirilen däl, eýse ýurduň öz içinde öndürilen harytlaryň bahalarynyň hem gymmatlamagyna getirýändigi bellenilýär. Habarçymyz dollaryň nyrhynyň sement, şpaklýowka suwaglary, demir-armatura ýaly gurluşyk harytlarynyň, şeýle-de azyk önümleriniň bahalaryna täsir ýetirýändigini aýdýar.

Galyberse-de, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, gün-güzeran aladalarynyň barha kynlaşýandygyny, şol bir wagtyň özünde-de ogurlyk ýaly hadysalaryň köpelýändigini gürrüň berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG