Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM, IIM gözegçiligindäki walýuta söwdasy ýene gysylýar, indi näme bolar?


Türkmen manady we walýuta
Türkmen manady we walýuta

Walýutaçylaryň garşysyna alnyp barylýan göreş güýçlendi. Iki gün öň Lebapda bir hepde ozal 23 manat bahalanan dollar 25,60 manada çykdy, hususy söwdadaky bahalar 10-15% gymmatlady. Synçylaryň käbiri walýuta söwdasynyň häkimiýetdäki ýagdaý bilen baglydygyny belleýär.

Soňky günlerde häkimiýetler Türkmenabadyň bazarlaryndaky walýuta sowdagärlerine gazaply darap başladylar. Polisiýa işgärleri olary ýüzlerinden tanaýarlar we "gaýdyp gözüme görünme" diýip, azgyrylyp kowýar diýip, habarçy aýtdy.

Walýuta sowdagärleri bazara gelýänleri “Dollar barmy? Dollar?” diýip, güler ýüz bilen garşy alýarlardylar. Ýöne düýnden bäri walýutaçylaryň ýerlerini polisiýa işgärleri eýeledi. Bu türkmenabatly walýutaçylaryň "işinden, eklenjinden' kesilendigini, bazarda söwdanyň üzül-kesil azalandygyny we daşarda ýa içerde walýutada gazanylan puly hakyky bahasynda çalyşmagyň has kynlaşdyrylandygyny aňldýar diýip, habarçy aýtdy.

Bazar ýagdaýlarynyň ýaramazlaşýandygy baradaky maglumaty Azatlygyň beýleki sebitlerdäki we Aşgabatdaky habarçylary hem tassyk etdi. Aýdylmagyna görä, ýurtdaky işsizlik, býujet işgärleriniň aýlyklarynyň, pensiýa pullarynyň bazar nyrhlary bilen deňeşdirilende aşa pes bolmagy ýurtdaky söwda agyr zarba urýar, bazarlar esasan walýutanyň gara bazar nyrhynda çalşylmagy netijesinde işläp bilýär diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly bazar resmisi Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Radio bilen anonimlik şertinde gürleşen walýutaçylaryň käbiri polisiýanyň nobatdaky göreşiniň düýn irden başlanandygyny, emma onuň anyk sebäbini bilmeýändiklerini aýtdy.

"Walýutaçylary bazardan kowmak düýn irden başlandy. Polisiýa işgärleriniň arasynda raýat eşikli adamlar hem bar. Olar walýutaçylaryň adatça durýan ýerlerine gelip, adamlara azgyrylyp, olaryň bu ýerde näme işleýändiklerini soradylar, “derrew git şu ýerden, gözüme görünme” diýip kowdular" diýip, işsizlikden walýuta alyp-satýandygyny gürrüň beren ýaşaýjy aýtdy.

Bazara söwda etmäge gelen adamlar polisiýa işgärleriniň walýutaçylary ýüzüniň ugruna tanaýyşlaryna we olar bilen gaty gödek gepleşmeklerine geň galyp, bu ýagdaýa biygtyýar tomaşaçy boldular. Emma bazardaky satyjylar polisiýa işgärleriniň walýutaçylary ýüzlerinden tanamagyna we olara beýle gödek daramagyna geň galmaýar, sebäbi olar häkimiýetler bilen walýutaçylaryň arasynda ýola goýlan gatnaşygy bilýär diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda bazardaky tertip-düzgün meselesi tas otuz ýyl bäri çözülmän gelýär we polisiýa hemişe diýen ýaly rugsat berilmeýän ýerde süýt-gatyk, gök-bakja önümlerini ýa başga harytlary satýan işsiz adamlara garşy göreş alyp barýar.

Polisiýa hususan-da bazaryň töwereginde we içinde adamlaryň, awtoulaglaryň geçýän ýerlerini daraldýan 'bikanun' sowdagärleri kowýar. Walýutaçylar adatça bu hili päsgelçilik döretmese-de, wagtal-wagtal 'gazançly' ýerinden kowulýar diýip, bazardaky ýagdaýy günde-günaşa görýän ýerli synçylar aýdýar.

Walýutaçylaryň kowulmagy bazarlardaky polisiýa işgärleriniň sanynyň birden aşa köpeldilmegi bilen başlandy, olaryň içinde uly wezipeli, ýöne raýat eşigindäki polisiýa işgärlerini hem görmek mümkin.

Türkmenistanyň banklarynda walýuta alyş-çalyşmalary ýatyrylandan soň, walýutanyň gara bazary onuň öz hakyky bazar bahasynda çalşylýan ýeke-täk ýerine öwrüldi diýsek hem bolar, adamlar daşary ýurtda işleýän maşgala agzalaryndan gelen puly, ýurt içinde daşary ýurt walýutasynda alan aýlyklaryny bazarda çalşyp, soň gerek zatlaryny alýarlar, eger olar bu mümkinçilikden kesilse, döwlet bankyndan manat alyp, iýjek zatlaryny alyp bilmezler, bu olary çökerer diýip, bazar resmisi aýtdy.

Onuň pikiriçe, häzir ýurtda walýuta söwdasyna garşy alnyp baylýan göreş hakykatda bazardaky söwda, adamlaryň daşary ýurtda gazanan pullaryny erkin sowmagyna, ýaşamagyna garşy göreşe öwrülýär.

Walýuta söwdagärleriniň kowulmagy bankomatlarda manat nagtlaşdyrmagyň kynlaşmagy bilen goşulyşyp, bazaryň içki aýlanyşygynyň düýpli haýalladar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlygyň habarçysy walýutaçylaryň Türkmenbadyň ähli bazaryndan kowlandygyny aýdýar.

"Türkmenabadyň birinji mikroraýonynda walýutaçylar köplenç bazaryň çep tarapynda durýardylar, emma olary düýnden bäri gören ýok. Walýutaçylaryň öz sözi bilen aýtsak, “oblawa” bolupdyr, birden köp polisiýa işgäri gelip, olary gapyl basypdyr. Ofiserleriň biri buýrugyň Aşgabatdan gelendigini aýtdy diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistandaky walýuta söwdasy adatça MHM-niň we IIM-niň gözegçiligi astynda, dolandyryşyň ýokary gatlaklaryndaky ýagdaý bilen baglylykda, wagtal-wagtal 'nurbatlary berkitmek we gowşatmak' esasynada amala aşyrylýar. Walýuta söwdasy käte häkimiýetiň ýokary gatlagyndaky özara göreş netijesinde onlarça resminiň işini ýitirmegine, türmä basylmagyna hem alyp gelýär.

Mysal üçin, 2018-nji ýylyň tomsunda milli howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramow işden boşadyldy we ozal birnäçe gezek “käýinç” alan içeri işler ministri Isgender Mulikowyň harby çini beýgeldildi. Şonda çeşmeler hamala bikanun konwertasiýa, walýuta söwdasy bilen bagly käbir raýatlara we MHM işgärlerine garşy açylan derňew işini IIM-niň alyp barýandygyny habar berdi. Emma türkmen häkimiýetleri soň I.Mulikowyň hem türmä basylmagyna getiren ýagdaýlar baradaky detallary açmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG