Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý kompaniýasynyň Türkmenistandaky işgärleri iki aý arakesmeden soň aýlyklaryny dollarda aldylar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Hytaýyň Türkmenistanda iş alyp barýan CNPC ('China National Petroleum Corporation', ýagny 'Hytaýyň Milli Nebit-gaz Korporasiýasy') kompaniýasy öz işgärleriniň soňky iki aý üçin çeken zähmet haklaryny töledi. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän aşgabatly habarçysy bu gijikmä kompaniýanyň öz işgärleriniň walýuta bank hasaplaryny "Senagat" bankdan "Türkmen-türk" bankyna geçirmek prosesiniň sebäp bolandygyny aýtdy.

"Türkmenistan daşary ýurt walýutasynda aýlyk alýan işgärleriň zähmet haklaryny dollaryň resmi kursy boýunça manatda tölemegi buýrandan soň, işgärler iki aýlap zähmet haklaryny alyp bilmediler. Sebäbi şonda "Senagat" bank pul geçirimleriniň prosent tölegini hem gymmatlatdy. Muňa jogap edip, hytaý kompaniýasy "Senagat" bankyň hyzmatlaryndan ýüz öwrüp, öz işleşýän bankyny "Türkmen-türk" bankyna çalyşdy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 18-nji iýunda gürrüň berdi.

Ýatlatsak, şu ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Merkezi banky ýurduň banklaryna dil üsti bilen görkezme ýaýradyp, Türkmenistandaky daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleriniň walýuta hasaplaryndaky zähmet haklaryny walýutada däl-de, dollaryň döwlet kursy boýunça​ diňe manatda bermegi tabşyrdy.

2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi kursyny 3,50 manat möçberinde saklap gelýär. 2016-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda dollaryň nagt söwdasy gadagan edilenden soň, onuň "gara bazardaky" bahasy 20 manada ýetdi.

Habarçymyzyň sözüne görä, CNPC kompaniýasynyň Türkmenistanda, Lebap welaýatynyň işgärleri bilen birlikde, jemi 1240 sany işgäri bar. Olaryň käbiriniň zähmet haky $680-a barabar bolsa, käbiri 1000 dollardan gowrak aýlyk alýar.

"Geçen hepde "Türkmen-türk" banky işgärleriň iki aýlygyny töledi we has gowy hyzmat üçin Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde bank şahamçasyny açmagy wada berdi. Aýlyklar walýuta VISA kartlaryna geçirildi we häzırki gün işgärler aýlyk haklaryny dollar görnüşinde nagtlaşdyryp bilýärler" diýip, işgärleriň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda, "Türkmen-türk" bankynda işgärleriň walýutadaky aýlyklaryny dollarda tölemek hyzmatynyň näçe wagt dowam etjegi belli däl. Sebäbi bank resmileri hytaý kompaniýasyna "eger türkmen hökümeti işgärleriň aýlyklaryny dollarda bermezligi buýursa, onda zähmet haklarynyň dollaryň resmi kursy boýunça manatda tölenjekdigini" duýdurypdyr.

"Häzirki wagtda işgärler öz kartlaryndaky dollary doly alyp, hasapda pul galdyrmadylar. Sebäbi işgärler gorkýarlar. Olaryň türkmen hökümetine ynamy galmady" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky edarasyndan we "Türkmen-türk" bankyndan kommmentariý alyp bilmedi.

Şeýle-de, Türkmenistanda iş alyp barýan beýleki daşary ýurt kompaniýalaryň işgärleriniň-de walýuta bank hasaplaryndaky aýlyklarynyň dollarda tölenýändigini ýa-da tölenmeýändigini hem anyklap bolmady.

Soňky aýlarda Türkmenistan öz ilaty we ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlylar üçin walýuta çäklendirmelerini güýçlendirdi.

1-nji aprelden başlap ýurtda walýuta bank hasaplarynyň eýelerine pul serişdesiniň, şol sanda zähmet haklarynyň dollaryň resmi kursy boýunça diňe manatda beriljekdigi habar berildi.

Mart aýynda bolsa, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň raýatlaryň her aýda milli bank kartlarynda ýerli manatda serişde goýup, ABŞ walýutasynda yzyna alyp bilýän walýuta serişdesini 500 dollardan 300 dollara çenli azaldandygy habar berildi.

Türkmenistandaky soňky walýuta çäklendirmeleri, ýurtda öňden gelýän ykdysady kynçylyklar bilen bir hatarda, global nebit bahalarynyň aşaklan we türkmen gazynyň esasy alyjysy "PetroChina" kompaniýasynyň ýurda import edýän tebigy gazynyň möçberini azaldýandygyny yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG