Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ öňki gyrgyz resmisini Magnitskiý kanuny astynda gadaganlyga salýar


Raimbek Matraimow

Saýmaýtiniň öldürilmegi bilen baglanyşykly geçirilen türk derňewinden syzdyrylan ýazgylar, Azatlyk radiosynyň soňra beren maglumatyna görä, onuň Matraimowy özüne bir zat bolan ýagdaýynda jogapkär boljak iki adamyň biri diýip atlandyrandygyny görkezýär.

Birleşen Ştatlar Gyrgyzystanyň gümrük gullugynyň öňki resmisi, häzirki wagtda Gyrgyzystanda öý tussaglygynda saklanýan baý we täsirli syýasy oýunçy Raimbek Matraimowa garşy gadaganlyk girizdi.

ABŞ-nyň Gazna departamenti 9-njy dekabrda, merkezi aziýa ýurdundaky giň korrupsiýa we pul ýuwmak shemasynda oýnan roly sebäpli, Matraýimowyň garşysyna sanksiýa girizýändigini yglan etdi.

700 million dollarlyk shema, Matraimowyň gözegçiligindäki kompaniýanyň gatnaşmagynda, gümrük töleglerini tölemezlik we düzgünlere tabyn bolmazlyk üçin resmilere para bermek, "mümkin boldugyça kän girdeji almak üçin pul ýuwmak bilen meşgullandy diýip, Gazna departamenti aýtdy.

"Matraimow Gyrgyzystanyň gümrük gullugynyň başlygynyň öňki orunbasry wezipesinden peýdalanyp, gümrük shemasyna goşulmak arkaly ýüzlerçe million dollar gazandy" diýip, beýanatda aýdylýar.

Bu sanksiýalar ABŞ-nyň 2012-nji ýylda adam hukuklarynyň bozulmagy ýa-da möhüm korrupsiýa hereketleri üçin jogapkär adamlary jezalandyrmak üçin kabul eden Magnitskiý kanuny esasynda girizilýär.

Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň geçen ýyl Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasy (OCCRP), gyrgyz habar saýty "Kloop" bilen bilelikde geçirilen derňewi Matraimowyň hytaýda doglan uýgur telekeçisi, 2019-njy ýylyň noýabynda Stambulda öldürilen Aýerken Saýmaýtiniň Gyrgyzystandan ýüzlerçe million dollar pul geçiren korrupsiýa shemasyna gatnaşandygyny ýüze çykardy.

Saýmaýtiniň öldürilmegi bilen baglanyşykly geçirilen türk derňewinden syzdyrylan ýazgylar, Azatlyk radiosynyň soňra beren maglumatyna görä, onuň Matraimowy özüne bir zat bolan ýagdaýynda jogapkär boljak iki adamyň biri diýip atlandyrandygyny görkezýär.

Gürrüňi edilýän iki adamyň beýlekisi Hytaýda doglan uýgur ýük magnaty, gazak raýatlygyny alan Khabibula Abdukadyr bolup, Saýmaýti onuň pul ýuwandygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň Saýmaýtiniň öldürilmegi bilen bagly ýagdaýlary öwrenen parlament komissiýasy iýun aýynda tamamlan hasabatynda bu jenaýatyň mümkin bolan sebäbini ýa-da ony öldürmegi kimiň buýrandygyny görkezmedi. Matraimow Saýmaiti ýa-da onuň ölümi bilen baglanyşykly bolandygyny inkär etdi.

Tankytçylar komissiýany Azatlyk radiosynyň, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň we "Kloopyň" derňewinde ýüze çykarylan korrupsiýa subutnamalaryna seretemezlikde aýyplady. Emma oktýabr aýynda geçirilen dawaly saýlawlardan soň gyrgyz hökümeti dargady we Bişkek etrap kazyýeti Matraimowy korrupsiýa aýyplamalary esasynda öý tussaglygyna höküm etdi.

Gyrgyzystanyň täze häkimiýetleri biraz öň, öňki prezident Sooronbaý Jeenbekowyň ýarany Matraimowy täze korrupsiýa derňewiniň çäginde tussag etdi.

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň çap eden öz beýanatynda Matraimowyň "gümrük edaralarynda korrupsiýa boýunça geçirilýän deslapky derňewiň çäginde" tussag edilendigi aýdylýar.

Şeýle-de, MHDK öňki gümrük resmisiniň döwlet býujetine "aýratyn uly möçberde zyýan ýetiren" korrupsiýa shemasyna dahylly bolandygyny aýtdy.

Mundan başga, MHDK Matraimowyň döwlete ýetirilen zyýan üçin takmynan 2 milliard som (23,5 million dollar) tölemäge razy bolandygyny we 80 million som (takmynan 1 million dollar) möçberindäki serişdäniň öz hasabyna geçirilendigini aýtdy.

Matraimow Gyrgyzystanyň iň baý we iň güýçli maşgalalarynyň biri diýlip bilinýän üç doganyň biri bolup, sayýasy partiýalaryň we prezidentleriň, şol sanda Jeenbekowyň, "Mekenim" partiýasynyň esasy maliýe goldawçysy hasaplanýar.

"Mekenim" Jeenbekowyň erkek doganyny hem öz içine alýan "Birimdik" partiýasy bilen bilelikde, 4-nji oktýabrda geçirilen dawaly parlament saýlawlarynda öňe saýlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG