Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan ilçisi türkmençe aýdym aýtdy, wideo-klipde türkmen tw-sinde ulanylýan şekiller ýerleşdirildi


Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçisi Hugh Philpottiň "Türkmen Sährasy" aýdymyny ýerine ýetirýän wideo-klibinden bir pursat.
Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçisi Hugh Philpottiň "Türkmen Sährasy" aýdymyny ýerine ýetirýän wideo-klibinden bir pursat.

Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçisi Hugh Philpott türkmen dilinde Nury Halmammedowyň “Türkmen Sährasy” aýdymyny ýerine ýetirdi. Bellemeli ýeri, britan ilçisiniň bu wideo-klibinde türkmen telewideniýesinde görkezilýän propoganda äheňli sýužetlerinde ulanylýan şekillerden hem peýdalanylypdyr.

Britan ilçisi 16-njy dekabrda paýlaşan twitinde bu wideo-klibiň YouTube-däki çelgisini ýerleşdirdi, şeýle-de türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan, ýarym-resmi orient.tm neşirine minnetdarlyk bildirdi.

Wideo-klipde ilçi Philpottyň arka planynda baýyrly meýdan ýerleşdirilip, klibiň dowamynda, adatça türkmen propogandasynyň ulanýan, ak mermerli ýaşaýyş jaýlary, ýek-tük ulagly giň ýollary, Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan plakatlary, milli lybasdaky çagalary dagy hem synlamak bolýar.

Britan ilçisiniň bu klibiniň çep burçunda Türkmenistan barada diňe öwgüli makalalary çap edýän orient.tm internet neşiriniň nyşany hem ýerleşdirilipdir.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda media we söz azatlygyny berk çäklendirýärler, şeýle-de döwlet telewideniýesini adatça prezidenti alkyşlamak we gazanylýan diýilýän üstünlikleri wasp etmek üçin ulanýarlar.

Media azatlygy boýunça halkara hasabatlarynda Türkmenistan ýylyň-ýylyna iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär.

Türkmenistanda köp sanly Internet resurslary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň hem-de Türkmenistan barada habar çap edýän beýleki garaşsyz neşirleriň websaýtlary petikli bolmagynda galýar.

Şol bir wagtda, britan ilçisiniň Twitterdäki ýazgylaryndan çen tutulsa, onda onuň COVID-19-y başdan geçirendigini hem aňsa bolýar. Muňa turkmen.news neşiri ünsi çekýär. Emma ilçiniň COVID-19-y Türkmenistanda ýa-da daşary ýurtda geçirendigi belli däl.

Ilçi Hugh Philpott Birleşen Şalygyň Türkmenistandaky ilçisi hökmünde 2018-nji ýylda bellendi.

XS
SM
MD
LG