Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalda we Maryda ýagan gar hereketi çäklendirdi. Berdimuhamedow agtygy bilen Köpetdagda gezelenç etdi


Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň eteginde gezelenç etdi. TDH-dan alnan surat.
Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň eteginde gezelenç etdi. TDH-dan alnan surat.

Ahalda we Maryda hepdäniň ahyrynda ýagan gar ýerli ilat üçin bir topar kynçylyk döretdi. Aýazly howanyň we garyň netijesinde emele gelen sürçek ýollarda Aşgabatda bir awtobus agdaryldy, Maryda ençeme awtoulag ýoldan çykdy, köçede adamlar typyp ýykylyp, tenine şikes ýetirdi. Türkmen döwlet telewideniýesinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygy Kerim bilen Köpetdagyň eteginde gezelenç edendigi görkezilse-de, sowuk howanyň döreden kynçylyklaryndan söz açylmady.

Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy 25-nji dekabrda ýagyp başlan garyň ertesi bilen dowam edendigini we ýere düşen garyň galyňlygynyň 10 santimetrden hem geçendigini habar berdi.

Garly howa ozaly Aşgabat şäheriniň jemagat hojalygy gullugynyň we paýtagtyň awtoulaglar agentliginiň, habarçymyzyň sözlerine görä, gyş paslyna we gyş howasynyň döredip biljek kynçylyklaryna düýpden taýýarlyksyz bolandygyny ýüze çykardy.

26-njy dekabrda Teke bazar – Täze zaman aralygynda gatnaýan 64-nji awtobus sürçek ýolda agdaryldy. Habarçymyzyň aýtmagyna görä, awtobusyň agdarylmagyna onuň tekerleriniň ýülmekligi, goragynyň gutarara gelmegi we sürüjiniň ulag dolandyryşyny ýitirmegi sebäp boldy. Hadysada ölen adam bolmady, ýöne ýaraly bolanlar bar.

Habarçymyz awtobus we taksi ulaglarynyň şu wagta çenli tomus tekerlerinde, şol sanda köplenç ulanmak möhleti bireýýäm geçen köne tekerlerinde halka hyzmat edýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Ýagyş-gar, şol sanda sowuk howa we ýel Marynyň ilaty üçin hem hereket kynçylyklaryny döretdi. Azatlygyň Marydaky habarçysynyň 28-nji dekabrda beren maglumatyna görä, garyň ýagmagynyň yzýany, ýollarda dörän sürçek zerarly ençeme awtoulaga zyýan ýetdi we adamlar şikeslendi.

"Ýollar sürçek bolansoň, ulaglar hatardan çykyp, tormuzlary tutmaýar. Käbir ulaglar ýoluň gyrasyndaky bordýury kakyp ýyksa, käbiri biri-biriniň yzyndan kakýar. Häzir ençeme awtoulag eýesi hem öz ulagyny, hem-de zyýan ýetiren beýleki ulaglary bejertmeli bolýar" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran maryly ýaşaýjylaryň biri şaýat bolan ýagdaýlaryny habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, käbir adamlar puly bolmansoň, öz ulagyny satyp, zyýan ýetiren ulaglaryny bejertýärler. Käte bolsa adamlar wakanyň bilkastlaýyn bolmandygyny aýdýarlar we her kim öz çykdajysyny öz üstüne almaga razy bolýar.

"Gündiz polisiýanyň ulaglary hem sürçek ýoldan çykdy, käte bolsa olar beýleki ulaglara zyýan ýetirdi. Mundan öň her köçede azyndan iki polisiýa ulagyny görse bolýardy. Şu gün uzak günüň dowamynda şäherde iki polisiýa ulagyny ýa görersiň, ýa-da görmersiň" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz sürçek ýollarda ýöräp barýarka ýykylyp şikeslenen adamlaryň sanynyň sanardan köpdügini aýdyp, olaryň aglabasynyň garrylardygyny hem belledi. Eginlerini ýa-da aýaklaryny agyrdan bu garrylar köplenç agsaklap öýlerine gidýärler diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

"Öňki ýyllarda ýollar doňup, buza öwrülmez ýaly etraplara gatnalýan uly we orta ýollara çäge ýa-da duz sepýärdiler. Bu doňakçylykda duz we çäge sepilmedi. Şol sebäpden etraplara gatnaýan awtobuslar hem gatnamasyny bes etdi" diýip, ýagdaýdan habarly maryly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Munuň netijesinde, onuň sözlerine görä, bu aralyga gatnaýan taksileriň bahasy 5 manatdan 10-15 manada gymmatlady. Şäher içindäki taksiler 2-3 manatdan 5 manada ýokarlandy. "Şäherdäki ýollarda-da ulaglaryň sany gaty azaldy" diýip, ol belledi.

Azatlyk Radiosy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabat we Mary şäher häkimliklerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen döwlet telewideniýesiniň “Watan" programmasynyň 24-nji we 25-nji dekabrdaky howa maglumatlarynda ýurduň sebitlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde gar gatyşykly ýagyş ýa-da az-kem gar ýagjakdygy, ýelli howanyň boljakdygy aýdyldy, ýollaryň sürçek bolmagynyň ahmaldygy duýduryldy.

Bu programmanyň 27-nji dekabrda efire berlen sanynda bolsa, prezident Berdimuhamedowyň agtygy Kerim bilen Köpetdagyň eteginde gezelenç edendigi görkezildi.

"Berdimuhamedow bu töwerekleri synlap, agtygyna tebigatyň gudratly güýji... barada gürrüň berdi. Kerim atasynyň gürrüňlerini diňläp, dag etekleriniň gözelliklerini, ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini surata düşürdi. Bu şekiller uzak wagtlap ýatda galar, sebäbi Türkmenistanda garyň şeýle galyň düşmegi seýrek hasaplanylýar" diýlip, habarda aýdyldy.

Ýöne türkmen telewideniýesiniň maglumatynda ýagyş-garyň, şol sanda sowuk howanyň we ýeliň döreden kynçylyklaryndan söz açylmady. Şeýle-de, ýol hadysalary barada hem maglumat berilmedi.

Galyberse-de, tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda howanyň sowamagy bilen, ýylynmak uly problema bolmagynda galýar.

26-njy dekabrda Azatlyk bilen gürleşen aşgabatly we maryly ýaşaýjylar gazyň köplenç howa sowanda güýçlendirilmän, tersine, haýalladylýandygyny, toguň bolsa kesilýändigini gürrüň berdiler. Şeýle-de, olar bejeriş işleriniň hiç wagt wagtynda geçirilmeýändigini, netijede adamlaryň ýagyn ýagandan soň köplenç birnäçe gün toksuz we gazsyz oturýandygyny hem aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG