Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mekdep okuwçylary adatdakysyndan has köp dynç alarlar, studentler dynç alyşda öýlerine gitmezler


Studentler. Aşgabat (Illýustrasiýa suraty) 

Türkmenistandaky käbir uniwersitetleriň studentleri täze ýyl baýramçylyklarynda öýlerine gaýdyp bilmezler. Ýurduň orta mekdeplerde bolsa, kanikul döwri uzaldyldy. Bu aralykda edara-kärhanalarynda baýramçylyk çäreleri, korporatiw oturylyşyklar ýatyryldy. Şahsy oturylyşyklar, toýlar we ýas çäreleri hem berk çäklendirildi. Häkimiýetleri adamlaryň duşuşmakdan saklanmagyny wagyz edýärler. Bu çäreler ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak bilen düşündirilýär. Koronawirus henizem ýurtda agzalmaýar.

Türkmenabadyň iki okuw jaýynyň okuwçylary täze ýyl baýramçylyklarynda öýlerine gaýdyp bilmezler. Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet pedagogiki institutynyň we medisina mekdebiniň ýurduň beýleki welaýatlarynda ýaşaýan studentlerine dynç alyş günlerinde öýlerine gitmegiň gadagan edilendigi aýdylypdyr.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bu gadagançylygy karantin çäklendirmeleri bilen düşündiripdirler, ýöne şol bir wagtyň özünde-de studentleri täze ýyl baýramçylyklary barada döwlet telewideniýesiniň taýýarlaýan gepleşikleri üçin öňünden ýazgy edilýän çärelere gatnaşdyrýarlar.

Çäreçi studentlerden toý lybaslar üçin öňünden pul toplanypdyr. Uniwersitetiň okuwçylaryndan baýramçylyk eşikleri üçin 5200 manat, orta ýöriteleşdirilen okuw jaýlarynyň okuwçylaryndan 2000 manat ýygnalypdyr. Mundan başga-da, talyplar telewideniýäniň ýazgy edýän baýramçylyk çäreleri üçin 500 manatdan tabşyrmaly bolupdyr.

Häzirki wagtda täze ýyl teleprogrammalary Türkmenabadyň şäher kafelerinde we restoranlarynda ýazga alynýar, şeýle hem Ruhyýet köşgüniň golaýyndaky esasy arça agajynyň öňünde ýazgy etmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Bu döwürde ýurduň orta mekdeplerinde gyşky dynç alyşlar uzaldyldy. Aşgabatdaky habarçylaryň 24-nji dekabrda aýdyşy ýaly, şu ýyl dynç alyşlar 28-nji dekabrdan 18-nji ýanwar aralygynda üç hepde dowam eder. Bu barada ýarym resmi "Türkmenportal" neşiri hem Aşgabat bilim bölümine salgylanyp habar berdi. Mekdeplerde dynç alyşlarynyň uzaldylmagynyň resmi sebäbi görkezilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýoklugyny öňe sürýän wagtynda bu keseliň ýaýramagy ýurtda dowam edýär. Hassahanalarda COVID-19 alamatlary bolan hassalar köp, lukmanlar keselleýärler. Mekdebe gatnaýanlar azaldy, kesellän çagalar köp, ene-atalaryň ençemesi çagalaryna keseliň ýokaşmagyndan gorkup, sagdyn çagalary öýlerinde alyp galýarlar. Öýlerinde bejergi alýan hassalar köp, koronawirus testinden meýletin geçýänler köpelýär.

Soňky hepdelerde döwlet edaralary öz işgärlerine koronawirus testini öz hasabyna etmegi tabşyrdylar. Indi täze buýruga laýyklykda birnäçe býujet edaralarynda işgärlerden dümew sanjymyny edip, muny tassyklaýan resminama getirmek talap edilýär we bolmasa, işden kowuljakdygyny aýdýarlar. Bu barada 25-nji dekabrda Aşgabatdaky habarçymyz gürrüň berdi.

Täze ýylyň öňüsyrasynda şu ýyl welaýatlarda baýramçylyk duýulmaýar. Mary welaýatynyň welaýat merkezinde bu ýyl arça agaçlary bezelmeýär. Mary şäherinde esasy arça agajy Mollanepes köçesindäki kitaphananyň öňünde bezelýär. Emma ýaşaýjylara agaja ýakynlaşmaga rugsat berilmeýär. Şeýle hem ýaşaýjylara bu ýerde surata düşmek gadagan edilýär. Raýat eşikli adamlar muňa gözegçilik edýärler saklaýarlar we "düzgün bozýanlara" jerime salýarlar.

Azatlygyň habarçysy arça agajynyň fonunda çagalary bilen surata düşmäge synanyşan ene-atalaryň jerimä sezewar bolmagyna degişli birnäçe waka barada habar berdi. Jerimäniň mukdary nagt görnüşinde 60-100 manat aralygynda, emma kwitansiýa berilmeýär.

Habarçymyzyň gürrüň beren wakalarynyň birinde iki çagasyny täze ýyl agajynyň öňünde Aýaz baba eşikli bir ýigit bilen surata düşürjek bolan bir zenana jerime salnypdyr. Aýaz baba eşikli ýigit sorag edilip, onuň eşigi elinden alnypdyr. Ýerli häkimiýetler Mary şäherinde bezelen arça agajynyň Täze ýyl teleprogrammalaryny ýazga almak üçin dikilendigini aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde, şu ýyl kärhanalarda medeni çäreleri geçirmek resmi taýdan gadagan edildi. 23-nji dekabrda ýarym resmi "Orient" onlaýn neşri eýeçiligine garamazdan, ähli edara-kärhanalarda, şol sanda bilim guramalarynda adamlaryň arasynda aragatnaşygy azaltmak üçin täze ýyl çärelerini geçirmegiň gadagan edilendigini habar berdi.

Ýurduň häkimiýetleri ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini hem alyp barýarlar, adamlaryň öýlerinde galmagyna we täze ýyly bellemezligine çagyryşlar edilýär. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, düşündirişler okuw jaýlarynda we kärhanalarda geçirilýär. Agitasiýa toparlarynyň düzümine edaralaryň ýolbaşçylary, häkimlikleriň we polisiýanyň wekilleri we mollalar girýär. Mollalar käbir halatlarda täze ýyly "ýerli medeniýete ýat" baýramçylyk diýip, ony bellemekden ýüz öwürmegi wagyz edýärler.

Mundan başga-da, ilata täze ýyl gijesinde köçä çykmazlyk, bolmasa munuň üçin tussag edilmek we jerimä sezewar bolmak mümkinçiligi barada dilden duýduryş berilýär.

Türkmenistanda täze ýylyň öňüsyrasynda arça agaçlaryny dikmek we baýramçylyk bezeglerini guramak üçin her ýyl pul serişdeleri ilatdan ýygnalýar. Koronawirus pandemiýasynyň fonunda ýurtda girizilen çäklendirmelere garamazdan, türkmen häkimiýetleri şu ýyl hem döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärlerinden pul toplapdy we täze ýyl agaçlaryny oturtmagy tabşyrypdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG