Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus gözegçilik gullugy daşary ýurt agentleri kanuny esasynda AÝ/AR-a garşy 'çärelerine' başlady


AÝ/AR-nyň esasy binasy. Praga.

AÝ/AR-nyň prezidenti Ted Lipien bu çäräni "aşa gyzmak" hökmünde häsiýetlendirdi we teleradio ýaýlymyň Russiýadaky we beýleki ýerlerdäki diňleýjileriniň öňünde öz üstüne alan wezipesini ýerine ýetirmek babatdaky aýgytlylygyny ýene bir gezek tassyk etdi.

Russiýanyň telekommunikasiýa gözegçisi "Roskomnadzor" ýurduň jedelli daşary ýurt agentleri kanunyny bozmakda aýyplap, ilkinji sekiz administratiw protokolyny düzdi, olaryň ählisi AÝ/AR-a garşy gönükdirilen.

"Roskomnadzoryň" 12-nji ýanwarda öz web sahypasynda çap eden beýanatynda bu düzgün bozmalaryň "daşary ýurt agentiniň wezipelerini ýerine ýetirýän habar beriş serişdeleriniň özleri tarapyndan ýaýradylan maglumatlara bellik etmek baradaky kanun talaplaryny ýerine ýetirmezligi bilen" baglydygy aýdylýar.

Protokollarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň rus dilindäki dört taslamasy – onuň Russiýa üçin esasy gullugy, Azatlyk radiosy; Häzirki zaman TW-si we sanly tor; Sibir.Reality we Idel.Reality, Sibirdäki we Wolga-Urallardaky tomaşaçylara ýerli habarlary we maglumatlary ýetirýän iki sebit sahypasy nyşana alynýar.

"Düzülen protokollar administratiw jerime salmak barada karar çykarylmagy üçin üç iş gününiň dowamynda kazyýete iberiler" diýip, "Roskomnadzor" aýtdy.

AÝ/AR-nyň prezidenti Ted Lipien bu çäräni "aşa gyzmak" hökmünde häsiýetlendirdi we teleradio ýaýlymyň Russiýadaky we beýleki ýerlerdäki diňleýjileriniň öňünde öz üstüne alan wezipesini ýerine ýetirmek babatdaky aýgytlylygyny ýene bir gezek tassyk etdi.

"Internet düzgünleşdiriji Roskomnadzoryň bu çäresi rus hökümetiniň orsýetlileri Azatlyk radiosy we Orsýete gönükdirilen beýleki habar gulluklarymyz tarapyndan hödürleýän senzurasyz habarlardan, jogapkärçilikli pikir alyşmalardan we açyk çekişmelerden kesmek ugrunda edýän tagallalaryny düýpli ýokarlandyrmagy bolup durýar" diýip, Lipien aýtdy.

"AÝ/AR Orsýetde ýa beýleki habar berýän ýerlerinde ne öz diňleýjilerini, ne-de öz missiýasyny terk eder" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ilkibaşda 2012-nji ýylda kabul edilen "daşary ýurt agenti" kanuny bellenen guramalardan öz işleri barada hasabat bermegini we maliýe barlaglarynyň geçirilmegini talap edýär. Bu kanuna 2020-nji ýylyň dekabrynda girizilen üýtgetmeler köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, eger 'daşary ýurt agenti" diýip kesgitlenen şahslary ýa-da toparlary agzasalar, bu barada bellik etmäge mejbur edýär.

Şeýle-de, täze kanun şahslary, şol sanda Orsýetiň syýasy wakalary ýa-da milli howpsuzlyk meseleleri bilen baglanyşykly materiallary we maglumatlary ýygnaýan daşary ýurt žurnalistlerini daşary ýurt agentleriniň sanawyna goşmagy talap edýär.

Tankytçylaryň pikiriçe, bu kanun Russiýanyň raýat jemgyýeti guramalaryny, adam hukuklaryny goraýjylary we syýasy aktiwistleri, şol sanda Kremliň aç-açan tankytçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasyny nyşana almak üçin esassyz ýagdaýda, eden-etdilikli ulanylýar.

Amnesty International ýakynda bu kanunyň "diňe Russiýanyň daşyndan pul alýan raýat jemgyýeti guramalarynyň däl, eýsem beýleki toparlaryň hem köpüsiniň işine, düýpli çäklendirmek bilen, uly zyýan ýetirjekdigini" aýtdy.

Umuman, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy 2017-nji ýylyň dekabrynda, Azatlyk Radiosynyň sebitleýin habar saýtlarynyň birnäçesi bilen birlikde, diýilýän sanawa girizildi.

"Amerikanyň sesi" bilen hyzmatdaşlykda işleýän we rus dilinde gepleşik taýýarlaýan "Hazirki zaman" TW-si hem, "Amerikanyň sesi" bilen birlikde, talap edilýän sanawa girizildi.

2019-njy ýylyň noýabr aýynda bu sanaw "Sever.Realii" hem goşuldy. 2020-nji ýylyň fewral aýynda bolsa, Russiýanyň Adalat ministrligi AÝ/AR-nyň Russiýadaky edarasyny hem sanawa goşdy.

Moskwa 2020-nji ýylyň dekabrynda bu sanawa şahslary hem goşup başlady. Şeýlelikde, Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän üç žurnalist: Lýudmila Sawitskaýa we Sergeý Markelow, Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň Demirgazyk bölüminiň (Sever.Realii) ştatdan daşary habarçylary we Pskow sebitiniň onlaýn habarlar sahypasynyň baş redaktory, Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýän Denis Kamalýagin "daşary ýurt agentleri" sanawyna goşuldy.

Rus resmileri "daşary ýurt agentleri kanunyny" 2017-nji ýylda köpçülikleýin habar serişdelerini goşmak üçin üýtgetmegiň ABŞ-nyň Daşary ýurt agentlerini hasaba alyş kanuny (FARA) boýunça rus döwleti tarapyndan maliýeleşdirilýän RT kanalynyň daşary ýurt agenti hökmünde bellige alynmagyny talap etmegine berlen "simmetrik jogap" bolandygyny aýtdylar.

ABŞ resmileri bu hereketiň simmetrik däldigini, amerikan we rus kanunlarynyň tapawutlydygyny,
Russiýanyň "daşary ýurt agenti" kanunçylygyny başgaça pikirleri bogmak we erkin pikir alyşmagy gadagan etmek üçin ulanýandygyny aýtdylar.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG