Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Barha köp adam wirusa ýolugýar, daşary ýurt kärhanasy hünärmenlerini öz hasabyna bejerýär


Aşgabadyň köçesinden barýan ýüzi maskaly adamlar.
Aşgabadyň köçesinden barýan ýüzi maskaly adamlar.

Koronawirusyň ýeke ýagady hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistanda barha köp adam, şol sanda saglyk işgärleri hem COVID-19-a ýolugýar. Ýurduň keselhanalarynyň COVID-19 alamatly hassalaryň ählisini kabul edip bilmeýändigi, näsaglaryň hem zerur dermanlary öz hasabyna satyn aldyrylýandygy baradaky maglumatlaryň arasynda, daşary ýurt kärhanalarynyň wirusa ýolugan işgärlerine öz hasabyna, özleriniň esaslandyran karantin zolaglarynda bejergi berýändigi aýdylýar. Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri “dünýädäki ýiti sowuklama keseline” salgylanyp, şu ýylky aw möwsüminiň ýapylýandygyny yglan etdiler.

Geçen ýylyň aýagynda paýtagtyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky hassahanasynyň gulak, bokurdak, burun kesellerini bejeren lukman Ýusup Babaýewiçiň koronawirus ýokunjyndan heläk bolmagynyň yzy bilen, onuň ýakyn garyndaşlarynyň hem COVID-19-a ýolugandygy barada maglumat gowuşdy.

“Merhum lukmanyň aýaly we gyzy hem koronawirus bilen keselledi. Olary keselhana ýerleşdirdiler we daşarky dünýäden üzňeleşdirdiler. Maşgala agzalaryna lukmanyň jynazasyna hem gatnaşmaga rugsat berilmedi. Ýusup Babaýewiçiň ýedisi hem sowulmanka, onuň aýal dogany öýkenine ýeten zeperden aradan çykdy. Ony Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Nohur obasynda, dogany Ýusup Babaýewiçiň gapdalynda jaýladylar” diýip, maşgalanyň tanyşlarynyň biri Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysyna 13-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Resmi Aşgabadyň hiç bir COVID-19 näsaglygyny tassyklamandygyna garamazdan, täze koronawirus hadysalary baradaky habarlar ýurduň beýleki künjeklerinden hem gowuşýar.

Lebabyň Çärjew etrabynyň günorta böleginde elektrik toguny öndürmek üçin gurulýan gaz turbinaly zawodyň daşary ýurtly hünärmenleriniň, ýagny Türkiýäniň raýatlarynyň ýene-de dokuzsynyň COVID-19 synagy oňyn netije görkezdi. Mundan öň, Azatlygyň habarçysy bu gurluşyk obýektinde işleýän başga-dadaşary ýurtly bäş hünärmeniň koronawirusa ýolugandygyny habar beripdi.

Şol bir wagtda, sebitiň hassahanalarynyň COVID-19 alamatly näsaglaryň akymyna döz gelip bilmeýändigi we ýerli dermanhanalarda gerekli dermanlaryň tapdyrmaýandygy baradaky maglumatlaryň arasynda, gürrüňi gidýän zawodyň gurluşyk işlerini alyp barýan daşary ýurt kärhanasynyň özbaşdak karantin zonasyny esaslandyryp, wirusa ýolugan daşary ýurtly hünärmenlerine öz hasabyna bejergi berýändigi bellenilýär.

“Daşary ýurt kompaniýasynyň, gurluşygyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin, Türkiýeden we Russiýadan gelen hünärmenleriniň ençemesinde koronawirus ýüze çykaryldy. Kompaniýa ähli çykdajylary öz üstüne alyp, ýerli dermanhanalarda tapdyrmaýan dermanlary hem özi daşary ýurtdan getirýär” diýip, kärhananyň ýerli işgärleriniň biri Azatlygyň habarçysyna maglumat berdi.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri koronawirus pandemiýasyny agzamazdan ýurduň çäklerinde girizilýän çäklendirmeleriň gerimini artdyrýarlar.

“Türkmenistan” gazetiniň 14-nji ýanwarda çap bolan sanynda şu ýylky aw möwsüminiň onuň kesgitlenen möhletiniň soňuna, ýagny 31-nji marta çenli ýapyk yglan edilendigi barada bildiriş çap edildi. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi muny “dünýäde ýiti sowuklama keselleriniň, şol sanda guş dümewiniň ýaýramagy bilen baglylykda emele gelen ýagdaý”, şeýle-de “bu ýokançlaryň ýurduň ilatynyň arasynda ýaýramagynyň öňüni almak” tagallalary bilen düşündirdi.

Türkmenistan ýurduň içindäki hereketlere, üýşmeleňlere, bazarlaryň işine çäklendirmeleri, şeýle hem ähli ýerde maskalary geýmek we fiziki aralygy saklamak talaplaryny Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa boýunça edarasynyň koronawirus baradaky missiýasynyň iýulda eden saparyndan soň girizipdi. Şol saparyň dowamynda missiýanyň bilermenleri Türkmenistana ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG