Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Täze ýyly VPN hyzmatlaryny 'gysyp', düzgün bozanlary 'tutup' garşylady


Aşgabat 2021-nji ýyly garşylaýar.

Çärjew etrabynyň günorta böleginde elektrik toguny öndürmek üçin gurulýan gaz turbinaly zawodyň hünärmenleriniň bäşisiniň Covid-19 synagy oňyn netije görkezdi, olaryň ählisi türk raýatlary diýip, habarçy ýyl aýagynda beren maglumatynda aýtdy.

Koronawirusyň hiç bir hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistan täze, 2021-nji ýyly berk çäklendirmeler astynda garşy aldy we, Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, baýramçylyk günlerinde karantin düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, azyndan onlarça adam tussag edildi.

Farapda täze ýyl baýramyny gutlamak üçin goňşy-golamlaryna baran adamlaryň bir topary polisiýa işgärleri tarapyndan tussag edildi, olar hepdäniň 1-nji gününe çenli öýlerine goýberilmeýär diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, karantin düzgünlerini bozmakda aýyplanan faraplylaryň işine 4-nji ýanwarda, etrap kazyýeti işe başlanda serediler we, olar diňe jerime tölemek barada karar çykarylandan soň öýlerine goýberiler.

Tussag edilenleriň ýakyn hossarlarynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, Täze ýyl gutlamak üçin goňşularyna baran we düzgüni bozan adamlaryň sany diňe Farap şäherinde ýüze golaý diýip hasaplanýar.

Ýöne tutulanlaryň arasynda ozal polisiýanyň gözegçiliginde durýan adamlar hem bar we “aýratyn hasapda durýan garadonlylary” 5-nji ýanwara çenli goýbermän saklamak tabşyrylypdyr diýip, habarçy aýtdy.

Şu aralykda Aşgabatdan gelen habara görä, paýtagtyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky hassahanasynda gulak, bokurdak, burun kesellerini bejerýän lukman, Ýusup Babaýewiç 31-nji dekabrda koronawirus ýokuşmasy zerarly aradan çykdy.

“Merhumyň jesedini garyndaşlaryna bermek islemediler, ýöne olar ahyrynda öz diýenlerini etdirdiler we Ýusup lukmanyň jesedini plastiki kepende alyp gitdiler diýip, habarçy ynamdar çeşmä salgylanyp aýtdy.

Merhumyň Ahal sebitiniň Bäherden etrabynda, doglan ýeri bolan Nohur obasynda jaýlanandygy habar berilýär.

Resmi Aşgabadyň hiç bir Covid-19 näsaglygyny tassyklamandygyna garamazdan, täze koronawirus hadysalary baradaky habarlar Lebapdan hem geldi.

Çärjew etrabynyň günorta böleginde elektrik toguny öndürmek üçin gurulýan gaz turbinaly zawodyň hünärmenleriniň bäşisiniň Covid-19 synagy oňyn netije görkezdi, olaryň ählisi türk raýatlary diýip, habarçy ýyl aýagynda beren maglumatynda aýtdy.

Synaglary oňyn netije görkezen we gyssagly Lebapdaky welaýat hassahanasyna ýerleşdirilen hünärmenler Türkiýeden 5-nji dekabrda gelip, Ronisan firmasynyň gurýan zawodynyň çägindäki karantin zonasynda 21 günlük karantinde bolupdyr.

“Olar karantiniň soňky gününde saglyk synagyndan geçirildi we oňyn netije görkezdi. Şondan soň olary derrew hassahana ýerleşdirdiler” diýip, habarçy Ronisan firmasynyň bir hünärmenine salgylanyp habar berdi.

Gürrüňi edilýän zawodyň gurluşygy 2018-nji ýylda başlandy, onuň 2021-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga berilmegine garaşylýar.

Azatlyk biraz öň Türkmenistanda koronawirusdan ölen türk diplomaty Kemal Uçkunyň ýatan hassahanasynda onuň özünden başga, COVID-19 alamatlary bilen, ýene-de azyndan 30 adamyň bolandygy baradaky maglumatlary aldy.

metbugat habarlaryna görä, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň dini meseleler boýunça geňeşçisiniň, 7-nji iýulda aradan çykan Kemal Uçkunyň dul galan aýaly birnäçe emeldaryň üstünden prokuratura şikaýat etdi.

Güzide Uçkun “Türkmenistana aralaşmadyk” COVID-19 ýokuşan 57 ýaşly diplomaty wagtynda dogduk mekanyna getirmegi başarmadyk emeldarlaryň jogapkärçilige çekilmegini talap edýär diýip, "Sozcu" neşiri 19-njy dekabrda habar berdi.

Koronawirus näsaglary baradaky maglumatlar Türkmenistanda baýramçylyga gabat VPN hyzmatlarynyň işiniň has çylşyrymlaşan wagtynda berildi.

“Görnüşinden, petiklemäniň ähli ulgamy güýje girizildi, maksat maglumat syzmalarynyň öňüni almak, bu iş baýramçylyk günlerinde has-da güýçlendirilýäne meňzeýär” diýip, habarçy aýtdy.

Aýdylmagyna görä, süzgüçden geçirmek we petiklemeler üçin uly tagalla edilýär, bu iş üçin has köp we ýöriteleşdirilen kompýuterler gerek, emma olar hemişe ýeterlik bolmaýar. Baýramçylyk günlerinde bu işe başga ugurlarda ulanylýan kompýuterleri hem çekýärler, adaty günlerde ýene öňki ýagdaýa dolanylýar diýip, ýagdaýy bilýän hünärmen aýtdy.

Şol bir wagtda, ýakyn aýlarda süzgüçden geçirmek we petiklemek üçin has täze programma üpjünçiliginiň ýola goýulmagyna garaşylýar diýen maglumat hem bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG