Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda öýken barlagyna nobatlar we COVID-19-y tassyklaýan testler köpeldi


Türkmenistandaky klinika (Döwlet telewideniýesiniň Altyn Asyr teleýaýlymynyň hasabatyndan. 2020-nji ýylyň 20-nji noýabry)
Türkmenistandaky klinika (Döwlet telewideniýesiniň Altyn Asyr teleýaýlymynyň hasabatyndan. 2020-nji ýylyň 20-nji noýabry)

Türkmenistanyň paýtagtynda öýkeniň kompýuter tomografiýasyny etdirmek üçin nobatlar köpelýär. COVID-19 testleriniň netijesinde ýüze çykarylan ýagdaýlaryň sany welaýatlardaky kärhanalaryň işgärleriniň arasynda artýar. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary maglumat berýärler. Häkimiýetler ýurtda koronawirusyň henizem ýokdugyny öňe sürýärler.

Paýtagtyň kardiologiýa merkezinde kompýuter tomografiýasyny ýagny KT barlagyny edýän lukmanlar üç tapgyrlaýyn, tas gije-gündiziň dowamynda işleýärler. Giňeldilen iş tertibine garamazdan, öýkenini barlatmak üçin ýüz tutuýan adamlaryň sany azalmaýar. Soňky günlerde adamlar 19-njy ýanwara ýazylýar. Barlagyň bahasy hem gymmatlady we 200-den 270 manata ýetdi. Bu barada 12-nji ýanwarda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary maglumat berdiler.

Bu, ýurduň häkimiýetleriniň ykrar etmeýän COVID-19 alamatlary bilen geçýän keseliň gitdigiçe ýaýbaňlanýan döwründe bolup geçýär.

Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gürlän lukmanlar ýurduň "güýçli koronawirus tolkunyny" başdan geçirýändigini aýdýarlar. Hassahanalarda görlüp-eşidilmedik derejede näsaglar, ölüm ýagdaýlary köpelýär. Testleriň köpüsi COVID-19-yň bardygyny tassyklaýar we öýkene zeper ýeten halatlary iňňän köp bolýar. Bu şertlerde lukmanlar gyssag astynda işleýärler, käbir sebitlerde maşgala lukmanlarynyň iş güni uzaldylýar. Keselläp öýde bejergi alýan adamlaryň we meýletin test etdirýänleriň sany artýar.

13-nji ýanwarda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gurulýan gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň 9 işgärinde koronawirusyň tapylandygy mälim boldy. Azatlygyň welaýatdaky habarçysynyň sözlerine görä, koronawirus keseli 5-nji dekabrda Türkiýeden baran hünärmenleriň arasynda anyklanypdyr.

Ýatlatsak, mundan öň, täze ýylyň öňüsyrasynda, Çärjew etrabynyň günorta böleginde ýerleşýän gaz turbinaly zawodyň hünärmenleriniň arasynda geçirilen testler kärhananyň bäş işgärinde COVID-19 keseliniň bardygyny ýüze çykarypdy. Olar hem 5-nji dekabrda Türkiýeden Türkmenistana baran we zawodyň karantin zolagynda 21 günlük karantine salnan türk raýatlarydy. “Karantiniň soňky güni olar saglyk barlagyndan geçdiler we testleri oňyn netijeleri görkezdi we dessine keselhana äkidildi "- diýip, "Rönessan" türk kompaniýasynyň metbugat sekretary dekabr aýynyň ahyrynda aýtdy.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, Türkmenabatdan 120 km uzaklykda, Lebap welaýaty bilen serhetleşýän ýerde ýerleşýän Marynyň täze gaz gysyjy stansiýasynyň azyndan 4 işgärinde COVID-19 tapylypdyr. Koronawirusyň bardygy anyklanan hünärmenler Ukrainanyň raýatlary bolup, olar Türkmenabatyň köpugurly hassahanasyna ýerleşdirilipdir.

Zawodyň anonim gürlän wekilleriniň sözlerine görä, kesellänler täze kärhananyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda ähli işgärleriň arasynda geçirilen testler arkaly anyklanypdyr. Olar resmi çäreleriň gatnaşyjylarynyň, dabaradan üç gün öň koronawirus üçin testden geçirilýändigini we täze kärhananyň 14-nji ýanwarda açylmagynyň planlaşdyrylýandygyny bellediler.

Dekabr aýynyň başynda, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň işgärlerine koronawirus synaglaryny öz hasabyna tabşyrmak tabşyryldy. Dekabr aýynyň dowamynda habarçylarymyz bu keseliň edara-kärhanalaryň işgärlerinde, şol sanda lukmanlarda, mugallymlarda, zawodlarda hem fabriklerde işleýänleriň ençemesinde anyklanýandygyny habar berdiler.

Azatlyk bilen anonim gürleşen lukmanlar, barlanýanlaryň köpüsinde testleriň COVID-19-yň bardygyny görkezýändigini, ýöne hassahanalarda koronawirus hakda gürlemegiň gadagan edilýändigini aýdýarlar.

Resmi derejede COVID-19 bilen bagly ýekeje-de ýagdaýyň ýurtda hasaba alynmandygy yglan edýän häkimiýetler dürli karantin çäklendirmelerini girizmegini dowam etdirýärler. Ýurtda ähli ýerlerde maskalary dakynmak we distansiýany saklanmak talaby, şeýle hem hereket çäklendirmeleri saklanýar, döwlet işgärleri koronawirus synaglaryndan geçmeli edilýär we kesellemek howpy astyndaky raýatlaryň waksina etmek üçin sanawy düzülýär. Mundan başga-da, bazarlar, metjitler ýapyklygyna galýar, kärhanalaryň işi we işleýänleriň sany azaldylýar.​

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG