Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlykda aýlyklar barada çykan habardan soňra, Lebaba Aşgabatdan barlag ýollandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň geçen ýylyň aýagynda Lebap welaýatynda müňden hem aşa býujetçiniň eýýäm üç aý töweregi wagt bäri zähmet haklaryny alyp bilmeýändigi baradaky maglumatyndan soňra, sebite Aşgabatdan ýörite barlag topary iberildi we birnäçe günüň içinde işgärlere aýlyklary geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary maglumat berýärler.

Ýatlatsak, Azatlyk dekabryň aýagynda Lebabyň zawod-fabrikleriniň ençemesinde işleýän 1 müň 500-e golaý işgäriň zähmet haklarynyň öz wagtynda tölenmegi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýändigi barada habar beripdi.

Zähmet haklaryny alyp bilmeýänleriň arasynda: Lebap awto-trans kärhanasynyň ýük, awtobus we taksi sürüjileri, Lebapawtoýollary gurluşyk kärhanasynyň, Lebap welaýat “Türkmenpagta” we pamyk egriji zawodlarynyň, haly fabrikleriniň, Trans gaz hojalyk edarasynyň öýlere hyzmat edýän bölümleriniň işgärleri we Obahyzmat kärhanalarynyň mehanizatorlary dagy hem bardy.

“Azatlykda çykan habardan soňra, [Lebaba] Aşgabatdan Ýörite gözegçilik edarasyndan barlag komissiýasy geldi. Birnäçe günüň içinde Merkezi Bankyň Lebapdaky şahamçasy işgärleriň aýlyk haklaryny geçirip berdi. Ýetişmedik edaralar 1-nji ýanwar güni hem aýlyklary geçirdiler” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren onlarça işgär bilen söhbetdeş bolan habarçymyz 21-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Emma häzire çenli diňe sentýabr aýy üçin gijikdirilen zähmet haklary işgärleriň hasaplaryna geçirilipdir. Galan aýlaryň tölegleriniň anyk haçan býujetçilere geçiriljekdigi barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.

Bu barada, şeýle-de müňden hem aşa işgäriň zähmet haklarynyň näme sebäpden gijikdirilýändigi barada Merkezi Bankyň Lebapdaky şahamçasyndan, welaýatyň degişli häkimliklerinden kommentariýa almak başartmady. Şeýle-de, Ýörite gözegçilik edarasyndan bular dogrusynda we ýüze çykarylan mümkin bidüzgünçilikler barada hem maglumat alyp bolmady.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýerli kärhanalaryň işgärleri gijikdirilen aýlyk haklarynyň tölenip başlanmagyny ýagdaýlarynyň gönümel Azatlyk Radiosynda beýan edilmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

“Kärhanamyzyň ýolbaşçysy Azatlykda berlen maglumatyň göni Aşgabatdaky ýokary derejeli hökümet ýolbaşçylaryna ýetendigini, munuň yzy bilen sebite barlag toparyny ugratmak barada karar alnandygyny aýtdylar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly býujetçileriň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu maglumaty Türkmenistanyň degişli edaralaryna, şol sanda Baş prokuratura, Ýokary gözegçilik edarasyna ne tassykladyp, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Türkmenistan indi dört ýyla golaý wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Bu döwrüň dowamynda ýurtda ençeme iş ýeri ýapyldy, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesi birikdirildi, dürli edara-kärhanalarda iş orunlary kemeldildi.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçylary ençeme edara-kärhananyň öz işgärleriniň aýlyk haklaryny wagtynda töläp bilmeýändigini habar berdiler. Munuň bilen bir wagtda, pandemiýanyň arasynda girizilen karantin çäklendirmeleri sebäpli ençeme kärhanada işgärleriň tölegsiz zähmet rugsadyna iberilendigi barada hem habarlar bar.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary we munuň bilen bagly kärhanalaryň hem-de ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan bökdençliklerini aç-açan boýun almaýarlar. Muňa derek hökümet maslahatlarynda yzygiderli gazanylandygy aýdylýan ykdysady ösüş sanlary getirilýär.

Media azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri hem ilatyň başdan geçirýän kynçylyklary, ýurtdaky maliýe krizisi, azyk harytlarynyň ýetmezçiligi barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG