Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ençeme kärhana ýapyldy ýa-da birikdirildi, onlarça adam işsiz galdy


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda barha ýitileşýän maliýe kynçylyklarynyň, işsizligiň we azyk gytçylygynyň fonunda, ýurtda käbir edara-kärhanalaryň ýapylmagy we birikdirilmegi dowam edýär.

Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy ýylyň başyndan bäri azyndan iki kärhananyň ýapylandygyny we başga-da dördüsiniň birikdirilendigini aýtdy.

“Şu ýylyň başyndan bäri “Aşgabatagyzsuw” kärhanasynyň düzümindäki iki kärhana birikdirildi. Iýulyň başynda ýene üç kärhana kemeldilip, “Aşgabatagyzsuw” kärahanasyna birikdirilýär. Onlarça adam işsiz galdy” diýip, kärhananyň inženeri bilen söhbetdeş bolan habarçy 30-njy iýunda gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, habarçymyz kärhanalaryň resmi atlaryny we olarda takyk näçe iş ornunyň kemeldilýändigini anyklap bilmedi.

Mundanam başga, ýurduň oba hojalygyna degişli “Merkezi maddy-enjamlaýyn üpjünçilik” kärhanasy hem ýapylýar. Azatlyk Radiosynda bu baradaky buýrugyň nusgasy (Redaksiýa howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmeýär) hem bar.

“Merkezi maddy-enjamlaýyn üpjünçilik kärhanasynda jemi 17 işgär galdy. Sebäbi ykdysady ýagdaýlar sebäpli kärhana degişli towuk fermasy we ýyladyşhana işlänok” diýip, habarçy belledi.

Ýapylan kärhanalaryň arasynda “Türkmen nebitgaz gurluşyk” kärhanasy hem bar. Habarçymyz bir wagtlar ýüzlerçe adamy iş bilen üpjün eden bu kärhanany türkmen prezidentiniň ogly, ýurduň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň hut özüniň gelip ýapandygyny aýtdy.

“Bu kärhana iýunyň başynda öz işini bes etdi. Munuň netijesinde 470 adam işsiz galdy” diýip, kärhananyň aklawçylarynyň biri anonimlik şertinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu barada “Aşgabatagyzsuw” kärhanasyndan, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden hem-de Aşgabat şäher häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistan indi üç ýyla golaý wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Bu döwrüň dowamynda ençeme iş ýerleri ýapyldy, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesi birikdirildi, dürli edara-kärhanalarda iş orunlary kemeldildi.

Mysal üçin, 2019-njy ýylda Oba we suw hojalyk ministrligi Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen birleşdirilip, olaryň ikisine derek, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi döredildi. 2018-nji ýylyň martynda Azyk senagaty döwlet birleşigi Oba we suw hojalyk ministrligine birikdirilipdi.

Bu üýtgetmeler ýurtda ençeme edara-kärhananyň ýapylmagyna ýa-da olaryň işgärleriniň sanynyň azaldylmagyna getirip, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, öňden-de iş üpjünçiligi öwerlikli bolmadyk ýurtda işsiz raýatlaryň sanynyň has-da artmagyna sebäp boldy.

Azatlyk Radiosy dürli edara-kärhanalarda iş orunlarynyň kemeldilýändigi barada soňky bir ýylyň dowamynda ençeme gezek habar berdi. Şu ýylyň aprelinde Lebap welaýatynyň 10-dan gowrak döwlet kärhanasynda işgärleriň 25-30%-niň wezipesinden çetleşdirilýändigi mälim boldy.

Ýanwarda Lebabyň daýhan birleşiklerinde iş orunlarynyň kemeldilýändigini, iş ýerleriniň ýapylyp, müňlerçe oba hojalyk işgäriniň işsiz galandygyny, Azatlygyň habarçylary habar beripdiler.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda ýapylýan we birikdirilýän edara-kärhanalar, olaryň näçe adamyň iş ornyny ýitirmegine sebäp bolýandygy barada maglumat bermeýärler. Şeýle-de, ýurtda işsizligiň derejesi baradaky statistika hem mälim edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG