Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň tussaglygy rus oppozisiýasy üçin duýduryş hökmünde häsiýetlendirilýär


Nawalny öz üstünden geçýän sud diňlenişiginiň Kremle garşy çykýan islendik kişiniň howluny basyp ýatyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.
Nawalny öz üstünden geçýän sud diňlenişiginiň Kremle garşy çykýan islendik kişiniň howluny basyp ýatyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Moskwa sudunyň rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnyny türme tussaglygyna höküm etmek baradaky kararyna Günbatar döwletleri berk reaksiýa görkezdiler. Suduň höküminiň yzýany Russiýanyň özünde şol bada protestler döredi.

2-nji fewralda sudýa Natalýa Repnikowa Nawalna 2014-nji ýylda çykarylan 3,5 ýyl şertli tussaglyk möhletini ýatyryp, onuň eýýäm öý tussaglygynda geçiren ýyllaryny aýyryp, Kremliň tankytçysyny 2 ýyl 8 aý hakyky türme tussaglygyna höküm etdi.

Nawalnynyň tarapdarlary suduň kararyna nägilelik bildirdiler, olaryň ýüzlerçesi muňa protest bildirip köçelere çykdylar.

Waşington Nawalnynyň we soňky protestlerde saklananlaryň azatlyga goýberilmegini talap etdi.

Nawalnynyň aklawçysy, Olga Mihaýlowa, suduň kararyna şikaýat etjekdiklerini aýtdy.

44 ýaşly syýasatçy ençeme ýylyň dowamynda sosial ulgamlarda ilatyň ýaşaýyş derejesiniň peselmegi, prezident Wladimir Putiniň we onuň töweregindäkileriň korrupsiýa gatnaşyklary ýaly ýagdaýlary açyp görkezip, ýurduň iň bir täsirli oppozisiýa syýasatçysyna öwrüldi.

Bilermenler Kremliň Nawalnyny özüne abanýan mümkin howp hökmünde kabul edip, onuň mysalynda, göz edip, beýlekileriň howuny basyp ýatyrmaga synanyşýandygyny aýdýarlar.

“Putin şular ýaly berk jezany berip, Nawlana we beýlekilere galan ömürlerini gözenegiň aňyrsynda geçirip biljekdiklerini görkezýär” diýip, “R.Politik” ylmy-barlag merkeziniň esaslandyryjysy Tatýana Stanowaýa aýtdy.

Ol Kremliň soňky ýyllar barha artýan protest çäreleriniň öňüni almak üçin, beýleki toparlara, şol sanda liberal media, hökümete degişli bolmadyk guramalara we oppozision aktiwistlere basyşlary güçýlendirip biljekdigini hem duýdurdy.

Kreml eýýäm ýuduň parlamentiniň kabul eden täze repressiw kanunlary bilen oppozisiýany we hukuk toparlaryny basyp ýatyrýar.

3-nji fewralda Kreml pitnä garşy polisiýanyň Nawalnynyň tussaglyk möhletine garşy çykan protestçileri gazaply basyp ýatyrmagyny aklap, muny bikanun protestleriň öňüni almak maksatlary bilen delillendirdi.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Nawalnynyň tarapdarlarynyň 2-nji fewraldaky suduň höküminden soňra köçelere çykmak çagyryşyny prowokasiýa atlandyrdy.

Kremliň tankytçysy we Dumanyň ozalky agzasy Wladimir Ryžkow Nawalnynyň tussag edilmegi, ýurduň syýasy taýdan has işjeň raýatlarynyň arasynda täze migrasiýa tolkunyny döredip biljekdigini duýdurdy.

Nawalny 17-nji ýanwarda Germaniýada Nowiçok zäherlenmesinden bejergi alyp gelende tussag edildi. Nawalny we onuň goldawçylary ony Putiniň buýrugy bilen FSB-niň zäherländigini aýdýar.

Russiýanyň türmelere gözegçilik edýän gullugy (FSIN) Nawalnynyň tussag edilmeginiň sebäbini onuň 2014-nji ýylda hyýanatçylykda aýyplanyp, jenaýat gözegçilerinden gaçmak bilen baglanyşykly şertli höküminiň düzgünlerini "köp bozandygy" bilen düşündirdi.

2-nji fewralda Nawalny suduň zalynda eden beýanatynda Putini dowamly ýaňsa aldy we öz üstünden geçýän sud diňlenişiginiň Kremle garşy çykýan islendik kişiniň howluny basyp ýatyrmaga gönükdirilendigini aýtdy.

23-nji we 31-nji ýanwarda, polisiýa tarapyndan saklanmak howpuna garamazdan, on müňlerçe adamyň Nawalnynyň tussag edilmegine garşy köçelere çykmagy bilen, Kreml tankyçysynyň ilat arasynda syýasy täsire eýedigi äşgär boldy.

Protestçiler ýurduň 100-den gowrak şäherinde köçelere çykdylar. Bu soňky onýyllygyň dowamynda Russiýadaky iň iri demonstrasiýalar hökmünde häsiýetlendirildi. Polisiýa protestçileri gazaply dargatdy we 10 müňden gowrak demonstranty saklady.

Nawalna çykarylan hökümiň yzýany onuň toparynyň agzalary adamlary ýene köçelere çykmaga çagyrdylar.

Emma häkimiýetler Moskwada köp sanly polisiýa işgärini ýerleşdirdi we ençeme köçäni petikledi.

“OWD-Info” gözegçi toparynyň maglumatyna görä, Russiýanyň 10-dan gowrak şäherinde 1 müň 400 adam, şol sanda Moskwada 1 müň 100 adam saklanypdyr.

Suduň 2-nji fewralda çykaran hökümine Günbatar ýurtlary berk reaksiýa görkezdiler. ABŞ, Britaniýa, Kanada we Ýewropa Bileleşigi bu karary ýazgaryp beýanat ýaýratdylar.

Günbatar bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar onsuz hem dartgynly ýagdaýdady. ÝB, Birleşen Ştatlar we beýleki döwletler saýlawlara gatyşmak, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän haker hüjümleri we himiki ýaraglary ulanmak ýaly ýagdaýlarda Kremliň eliniň bardygyny belläpdiler.

Nawalnynyň türmä höküm edilmegi netijesinde, Günbataryň Russiýa garşy täze sanksiýalary hem girizmegi mümkin.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Waşingtonyň Nawalnynyň tussag edilmegi bilen “juda aladalanýandygyny” aýtdy, şeýle-de Russiýany aktiwisti we “soňky hepdeleriň dowamynda öz kanuny borjuny berjaý edeni üçin ýalňyşlyk bilen saklanan Russiýanyň ýüzlerçe raýatyny azat etmäge” çagyrdy.

Ol, eger-de Russiýa adamlaryň azat ýagdaýda toplanmak we özüni beýan etmek hukuklaryny kepillendirmek boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryna laýyklykda hereket etmese, onda Waşingtonyň we Günbatar hyzmatdaşlarynyň çäre görjekdiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG