Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaspiniň türkmen kenaryna ýüzlerçe düwleniň maslygy akyp çykdy


Dagystanyň kenaryndaky düwleniň maslygy. Dekabr, 2020 ý.
Dagystanyň kenaryndaky düwleniň maslygy. Dekabr, 2020 ý.

Türkmenistanyň Kaspi deňziniň kenarlaryna ýüzlerçe düwleniň we müňlerçe balygyň maslygy akyp çykdy. Deňiz serhet gullugynyň bir işgäriniň anonimlik şertinde gürrüň bermegine görä, türkmen häkimiýetleri bu ýagdaýlary gizlinlikde saklap, häzir suw jandarlarynyň köpçülikleýin ölüminiň sebäplerini anyklamaga synanyşýarlar. Geçen ýylyň aýagynda Kaspiniň günbatar ýakasynda, ýagny Russiýanyň Dagystan respublikasynyň kenarlarynda hem ýüzlerçe düwleniň maslygy tapylypdy.

“Balkanyň Türkmenbaşy we Gyýanly şäherleriniň Hazar kenarlarynda geçen dekabrdan bäri öli düwlenler peýda bolup başlady. Ýanwaryň dowamynda deňizçi harbylar has hem köp düwleniň maslyklaryny çykaryp aldylar. Olaryň sany ýüzlerçe. Mundan başga-da, sebitde köp sanly öli balyklaryň we guşlaryň maslyklary hem bar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan deňiz serhet gullugynyň bir işgäri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran serhetçiniň maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri Kaspi deňzindäki ýeke-täk süýdemdirijiniň köpçülikleýin ýagdaýda gyrylmagyny gizlinlikde saklamaga we onuň sebäplerini anyklamaga synanyşýarlar.

“Ýolbaşçylar bu barada dil ýarmazlygy berk tabşyrdylar. Aşgabatly alymlar düwlenleriň wirus ýa-da sebitdäki zawodlardan syzyp çykan erginler sebäpli haram ölýändigini anyklajak bolýarlar” diýip, serhetçi 3-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Gürrüňi gidýän sebitde ençeme senagat desgalary, şol sanda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawod hem bar.

Bellesek, Türkmenistanda öli düwlenleriň kenara akyp çykyp başlamagy bilen bir wagtda, Kaspiniň günbatar ýakasynda, ýagny Russiýanyň Dagystan respublikasynyň paýtagty Mahaçkalanyň hazar kenarlarynda hem 300-e golaý düwleniň maslygy tapylypdy.

Häzirki pursat rus alymlary munuň sebäpleri bilen bagly dürli çaklamalary orta atýarlar.

Russiýanyň Balyk hojalygy we okeanografiýa boýunça ylmy-barlag institutynyň bu ýagdaýlary seljermek üçin esaslandyran Kaspi ylmy ekspedisiýasynyň alymlarynyň 10-17-nji dekabr aralygynda geçiren birinji tapgyr derňewleriniň netijelerine görä, düwlenleriň köpçülikleýin ölmegine adaty tebigy ýagdaýlaryň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigi aýdylýar. Bu barada Interfax habar gullugy 21-nji dekabrda Russiýanyň Balykçylyk boýunça federal gullugyna salgylanyp habar berdi.

Şol bir wagtda, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň A.N. Sewersow adyndaky ekologiýa we ewolýusiýa meseleleri boýunça Instituty geçen ýyl Dagystanyň kenarlarynda düwlenleriň ölmegine seýsmiki ýagdaýlaryň netijesinde syzyp çykan tebigy gazyň sebäp bolandygyny çaklaýar. Bu barada TASS gullugy 26-njy ýanwarda habar berdi.

Maglumata görä, rus alymlary düwlenlerde koronawirusy, mergini, parwowirus infeksiýasyny we uly intensiwlikdäki gelmintozy ýüze çykarmandyrlar.

Kaspi deňzinde düwlenleriň köpçülikleýin haram ölmegi ýaly ýagdaýlar wagtal-wagtal ýüze çykýan hem bolsa, soňky döwür bular ýaly hadysalaryň sany göz-görtele köpeldi diýip, naked-science rus internet neşiri maglumat berýär. Eger-de geçen asyryň ikinji ýarymynda düwlenleriň köpçülikleýin ölmegi boýunça sekiz ýagdaý resmi taýdan hasaba alnan bolsa, bu ýüzýyllykda şeýle ýagdaýlaryň eýýäm azyndan ýedisi hasaba alyndy.

Gazak habar serişdeleri 2020-nji ýylyň diňe özünde Kaspide 30 müň düwleniň ölendigine ünsi çekdiler.

Hazar düwleni (Phoca caspica) Tebigaty goramak baradaky halkara birleşigiň Gyzyl kitaby bilen birlikde, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna hem girizilendir.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň BMG-nyň biologik dürlülik hakyndaky konwensiýasynyň çözgütlerini milli derejede amala aşyrmak boýunça 2014-nji ýyldaky bäşinji hasabatynda Kaspidäki düwlenleriň sanynyň azalýandygy hem bellenilip geçilýär.

Hasabatda muňa esasan wirus keselleriniň, ene düwlenleri önelgesizlige getirýän durnukly zäherli himikatlaryň täsiriniň, şeýle hem olaryň, aýratyn-da ýaş çagalarynyň köpçülikleýin tutulmagynyň sebäp bolýandygy nygtalýar.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginden kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG