Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurluşyk üçin boý alan baglar çapylýar, tokaýçylara 'seslerini çykarmazlyk' tabşyryldy


Aşgabatda geçen ýylyň ferwalynda çapylan 100 bagyň biri. Arhis suraty

Darganata şäherçesiniň demirgazyk-günbatarynda ýarym tebigy tokaý bar, bu ýerdäki baglar häzir, geleňsiz emeldarlaryň hemaýaty bilen, gowy selçeňledi, kesilen agaçlar hususy hojalyklarda gaýtadan işlenip, gerekli ölçeglerde kesilen tagta görnüşinde, bir metri 20 manatdan bazara çykýar.

Türkmenistanda barha kän ýakasyny tanadýan gytçylyk ýurduň tokaý hojalyklaryndaky baglaryň, boý alan ýa heniz boý alyp ýetişmedik daragtlaryň hem düýbüne palta, pyçgy salýar diýip, diýip Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär.

Türkmenistan soňky ýyllarda importuň ornuny tutýan, eksport edip boljak ýerli önümleri köpeltmek, şol sanda ýurdy ýerli gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek maksatlaryny yzarlaýar. Emma synçylar, häzirki dolandyryş usullary saklanyp galsa, bu maksada ýetmegiň kyn boljakdygyny çaklaýarlar.

“Gurluşyk harytlary yzygiderli gymmatlaýar, bu ýagdaý Darganatada, Farapda tokaý hojalyklarynda ýetişdirilen müňlerçe daragtyň düýbünden pyçgy salynmagyna sebäp bolýar” diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy 20-nji dekabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, agaç, tagta gytçylygy tokaý brakonýerligine barha giň ýol açýar.

Ýerli emeldarlaryň özara ylalaşmagynda kesilýän daragtlar hususy hojalyklarda gurnalan çaklaňja sehlere satylýar we tagta görnüşinde bazara çykýar diýip, habarçy sözüni dowam etdirdi.

Türkmen metbugaty soňky ýyllarda ekilen bag nahallarynyň ýurdy bag-bossanlyga öwürmekde, howanyň tämizlenmeginde we tokaýçylyklarda, baglyklarda ýaşaýan janly-jandarlaryň, şol sanda dürli guşlaryň köpelmeginde uly ähmiýetiniň bolandygyny nygtaýar.

Resmi maglumata görä, Türkmenistanda ýylda millionlarça düýp bag nahaly ekilýär, ýöne, gurakçylyk, suw ýetmezligi ýa ýeterlik esewan edilmezligi we ýerleriň aşa şorladylmagy sebäpli, olaryň näçe göteriminiň düýp tutup, boý alýandygy, näçe göteriminiň gurap, gaýtadan ekilmeli bolýandygy aýdylmaýar.

Ikinji tarapdan, ýerli synçylar ýylda millionlarça düýp bag ekmegiň arkasynda uly korrupsiýanyň ýatan bolmagynyň ahmaldygyny, bag nahallarynyň köpüsiniň daşary ýurtlardan import edilýändigini we bu söwda dahylly adamlar üçin uly düşewünt getirýändigini öňe sürýärler.

Indi, habarçynyň maglumatyna görä, ýerli şertlere uýgunlaşan, boý alan we saýa bolan daragtlar hem, ýerli ýolbaşçylaryň ekologiýa ýetirilýän zyýana göz ýummagy netijesinde, korrupsiýanyň täze bir görnüşiniň pidasy bolýar.

Darganata şäherçesiniň demirgazyk-günbatarynda öň tokaý hojalygy atlandyrylan ýarym tebigy tokaý bar, bu ýerdäki baglar häzir, geleňsiz emeldarlaryň hemaýaty bilen, gowy selçeňledi, kesilen agaçlar hususy hojalyklarda gaýtadan işlenip, gerekli ölçeglerde kesilen tagta görnüşinde, bir metri 20 manatdan bazara çykýar diýip, habarçy aýtdy.

Aýdylmagyna görä, bu ölçeglerdäki rus tagtasynyň bir metri 38-45 manat aralygynda bahalanýar. Ýerli agaçlaryň hili, daşardan getirilýän agaç önümleri bilen deňeşdirilende, esasan pes hasaplanýar we olary başga ýagdaýy bolmadyk adamlar, alaçsyz ýagdaýda satyn alýarlar diýip, synçylar aýdýar.

Ýerli resmiler, şol sanda tokaý ýa-da döwlet tebigy goraghanalarynyň emeldarlary gurluşyk materiallaryny taýýarlanýanlara satmak üçin tokaýdaky baglary çapýan adamlara hiç bir çäre görmeýärler, bu iş aşaklykdan ylalaşylana meňzeýär diýip, habarçy belledi.

Azatlyk bilen gürleşen lebaply synçylaryň, şol sanda tokaýlardaky daragtlaryň barha köp çapylyp başlanmagyndan habarly hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, şu ýyl Lebap sebitinde oturdylan bag nahallarynyň sanyna garanda kesilen we satylan daragtlaryň sany has köp boldy.

Ýöne Azatlyk bu meselede has anyk sanlary alyp bilmedi. Ýerli habarçy bilen gürleşen tokaý hojalyk işgärleriniň birnäçesi özlerine “seslerini çykarmazlygyň tabşyrylandygyny" aýtdy.

Türkmenistanda gurluşyk harytlarynyň önümçiligine prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow gözegçilik edýär.

Türkmenistanda diňe agaç, tagta däl, ýurtda öndürmek mümkinçiligi has uly hasaplanan sement hem ýetmezçilik edýär we, resmi habarlarda bolçulygy döredilendigi aýdylýan gallanyň, kartoşkanyň we beýleki azyk önümleriniň barha kän import edilişi ýaly, soňky döwürde Aşgabadyň dokma önümlerini hem köp import edilýändigi habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG