Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar bagyndaky nahar 'tagamsyz'. Terbiýeçiler işlerini ýitirmekden 'gorkýar'


Aşgabatly çagalar. 2015. Bezeg suraty
Aşgabatly çagalar. 2015. Bezeg suraty

“Ene-atalaryň köpüsinde çagalar bagynyň 80 manat tölegini tölemäge hem pul ýok, bu ýagdaý şäher ýerlerindäki çagalar baglaryndaky orunlaryň 40 göterim, oba ýerlerindäki çagalar baglaryndaky orunlaryň bolsa 80-90 göterim boş durmagyna alyp geldi” diýip, Lebapdaky habarçymyz aýdýar.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy sebitiň käbir etraplarynda çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň iş orunlarynyň gysgaldyljakdygyny, bu ýagdaýda onlarça aýal-gyzyň işini ýitirjekdigini habar berýär. Bu maglumat ýurduň çagalar baglarynda berilýän naharyň, miweleriň we gök önümleriň hili barada eşidilen ladalaryň yz ýanyna gabat geldi.

Lebabyň Farap, Çärjew etraplaryndaky çagalar baglarynda terbiýeçileriň mart aýyndan başlap, tas ýarysynyň işden boşadyljakdygy duýduryldy, mekdebe çenli edaralarda işleýän aýal-gyzlaryň iş orunlarynyň gysgaldylmagy ýurtdaky ykdysady çökgünlik bilen bagly diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, diňe Farap, Çärjew etraplarynyň çagalar baglarynda däl, Lebap sebitindäki çagalar baglarynyň köpüsinde “ýagdaý agyr”. Çagalaryny çagalar baglaryna berýän ebe-atalar ol ýerde çagalara berilýän azygyň-da, terbiýeniň-de azalandygyny, üstesine, şahsy arassaçylyk düzgünleriniň hem “gowy berjaý edilmeýändigini” aýdýarlar.

Çagalara berilýän azygyň paýtagt Aşgabatdaky çagalar baglarynda hem “gowy däldigi” habar berilýär.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary golaýda aşgabatly çagalaryň ene-atalaryna çagalar bagynda berilýän naharlardan şikaýat edýändiklerini, olaryň duzsuz we şekersiz suwda gaýnadylýandygyny, tagamsyzdygyny habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, güýzde çagalara günortan naharynda hyýar we pomidor hem berilýän eken, häzir gök önümler hepdede aňry gitse iki gün berilýär.

2017-nji ýylda çagalar baglarynyň aýlyk tölegleri 8 manatdan 80 manada galdyrylanda, çagalar baglarynyň müdirleri indi çagalaryň naharlarynyň gowulanjakdygyny aýdypdylar diýip, TH belleýär.

Türkmenistanyň çagalar baglaryndaky “açlygy”, Balkan sebitindäki çagalar baglaryndaky azyk ýagdaýyny öwrenen çeşmelerine salgylanyp, “Turkmen.news” hem tassyk edýär.

Bu neşir çagalar baglarynyň agyr ýagdaýy barada iki ýarym ýyl ozalam ýazypdy, emma onuň çeşmeleri soňky bir ýylda ýagdaýyň has ýaramazlaşandygyny habar berdiler.

Lebapdaky çagalar baglarynyň abatlyk derejesiniň hem peselendigi aýdylýar.

Şu aralykda Lebap welaýat häkimliginiň 44 desganyň gurluşygy we abatlanmagy üçin tender yglan edendigi mälim boldy.

“Gundogar” neşiri sebitiň şäherçelerindäki we obalaryndaky çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglyk edaralarynyň, energiýa, suw üpjünçiligi, lagym ulgamlarynyň gurluşygyny we abatlanmagyny öz içine alýan tenderiň geçen ýylyň aprelinde gopan harasat netijesinde weýran bolan infrastrukturany dikeltmek bilen baglydygyny çaklaýar.

Türkmen häkimiýetleri geçen ýyl Lebapda we Maryda bolan tebigy hadysalar barada ne maglumat berdi, ne ýykylan jaýlar, ýogalan adamlar barada çykan maglumatlara reaksiýa bildirdi.

Tupandan ejir çeken raýatlara, şol sanda ýaşaýyş jaýy ýykylanlara hem döwlet öwez puluny bermedi diýip, ýaşaýjylar aýtdylar.

Çagalar baglaryndaky iş orunlarynyň gysgaldylmagyna, görnüşinden, ýurtdaky işsizlik, manadyň hümmetiniň barha pese gaçmagy we ilatyň garyplaşmagynyň dowam etmegi hem öz täsirini ýetirýär.

“Ene-atalaryň köpüsinde çagalar bagynyň 80 manat tölegini tölemäge hem pul ýok, bu ýagdaý şäher ýerlerindäki çagalar baglaryndaky orunlaryň 40 göterim, oba ýerlerindäki çagalar baglaryndaky orunlaryň bolsa 80-90 göterim boş durmagyna alyp geldi” diýip, habarçy ýagdaýy bilýän adamlar Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Farabyň 4-nji çagalar bagynda terbiýeçileriň käbiri her aýda öz aýlygyndan töläp, ýakynlarynyň we goňşularynyň çagalaryny çagalar bagyna getirtdi, olar bu çärä iş orunlarynyň ýapylmazlygy üçin ýüz urdy diýip, habarçy aýtdy.

“Ene-atalar çagalaryny getirse bolýar, esasy aladamyz iş orunlarynyň ýapylmazlygy” diýip, Farapda bir çagalar bagynda terbiýeçi bolup işleýän Bossan habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Emma ol terbiýeçileriň çagalar baglaryny çagadan doldurmak üçin eden tagallalarynyň hem kän netije bermändigini, çagasyny çagalar bagyna berýän ene-atalaryň barha azalýandygyny boýun aldy.

“Indi iş orunlarymyzyň 50 göterim gysgaldyljakdygyny duýdurdylar, her çagalar bagynda 30 işgär işinden aýrylsa-da, ençeme maşgalanyň gazanyny gaýnatmagy kynlaşar” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen terbiýeçi Lebapda karantin açylsa, basymrak daşary ýurda gidip bilsek diýip garaşýan adamyň has köpelýändigini hem sözüne goşdy.

Azatlyk radiosynyň degişli hökümet edaralary bilen habarlaşyp, terbiýeçileriň iş orunlarynyň gysgaldylmak ähtimallygy baradaky maglumatlary tassyklatmak synanyşygy häzirlikçe netije bermedi.

Synçylar Türkmenistanyň soňky ýyllarda ýakyn taryhyndaky iň agyr ykdysady kynçylygyny başdan geçirýändigini aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, şu we beýleki ýagdaýlar, hususan-da iş orunlarynyň azlygy we aýlyklaryň pesligi soňky on ýylda ýüz müňlerçe adamyň daşary ýurtlara iş gözläp gitmegine, şol sanda başga ýurtlaryň raýatlygyny almagyna sebäp bolýar.

Türkmen häkimiýetleri goşundaky we çagalar baglaryndaky azyk problemalary, işsizlik we migrasiýa barada çykýan habarlara reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG