Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: "koronawirussyz" ýurtda COVID-19 waksinasiýasy dowam edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda COVID-19 keseline garşy waksinasiýa alnyp barylýar. Koronawirus keseliniň hasaba alynmandygyny resmi taýdan yglan eden ýurt geçen aýda birbada iki sany rus waksinasyny hasaba aldy we töwekgelçilik toparyna girýän raýatlara sanjym edip başlady.

Häzirki wagtda waksina töwekgelçilikli toparlara girýän raýatlara edilýär, olaryň arasynda saglyk işgärleri, köp adam bilen işleşýän edara-kärhanalaryň işgärleri we ilat bilen aragatnaşykda köp bolýan jemgyýetçilik ýerlerinde işleýänler, şeýle hem ýurduň içinde köp gatnaýanlar, polisiýa işgärleri, ulag işgärleri we dükan söwdagärleri bar. Bu barada 9-njy fewralda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary maglumat berdiler.

Türkmenistanda koronawirusa garşy waksinasiýa fewral aýynyň başynda başlandy. Ýurduň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri waksinasiýanyň başlandygy barada köpçülige habar bermediler. Şeýle hem koronawirusa garşy waksinasiýa işiniň alnyp barylyşyna we aýratynlyklaryna degişli resmi düşündiriş bolmady.

Pandemiýanyň başyndan bäri koronawirusyň ýurda aralaşmagynyň mümkinçiligini resmi taýdan düýpgöter inkär eden Türkmenistan ýanwar aýynda birbada Orsýetde öndürilen koronawirusa garşy waksinalary resmi hasaba aldy. 18-nji ýanwarda ýurt Merkezi Aziýada ilkinji bolup "Sputnik V" rus waksinasyny hasaba aldy, 29-njy ýanwarda "EpiVacCorona" rus waksinasyny hasaba alyp, ony öndürijiden başga registrasiýa eden ýeke-täk ýurda öwrüldi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Türkmenistanda häzir alnyp barylýan waksinasiýa kampaniýasynda "Sputnik V" ulanylýar.

Habarçylarymyz koronawirusa sanjymyň birinji tapgyryny başdan geçiren ençeme adam bilen söhbetdeş boldy. Olaryň sözlerine görä, käbir ýagdaýlarda adamlar waksinany agyr başdan geçirendigini aýdypdyr, beýleki ýagdaýlarda sanjym edilen ýerdäki agyrydan başga hiç hili täsiriň duýulmandygyny, ol agyrynyň hem üçünji gün doly aýrylandygyny aýdypdyr.

Saglygy saklaýyş işgärlerine waksinasiýa hökmany suratda edilýär. Waksinasiýa güýç edaralaryň we polisiýanyň işgärlerine hem edildi. Harbylar nobatyna garaşýarlar.

Ozal habar berlişi ýaly ilata waksina etmek işi öňünden düzülen sanawlara laýyklykda amala aşyrylýar, taýýarlyklar ýanwar aýynda başlanypdy.

Waksinasiýa üçin sanawlara esasanam garrylar, lukmanlar, mugallymlar we hroniki keselleri bolan adamlar girýär. Ýurtda waksinasiýanyň başlanmagy bilen, ilatdan hökman talap edilýän elektron saglyk kitapçalaryny edinmek prosesi güýçlendi.

Türkmenistan öz ilatyna waksinasiýanyň köpçülikleýin başlanmagynyň senesi barada resmi habar bermedi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ýurtda ilatyň ähli gatlaklaryna köpçülikleýin waksinasiýanyň mart aýynda başlamagyna garaşylýandygy saglyk işgärlerine duýdurylypdyr.

"Häzir waksinalaryň zapasy döredilýär, ikisiniň hem birbada. Kime haýsy waksinanyň ediljegi barada anyk kriteriýalar entek belli däl. Köpçülikleýin waksinasiýa üçin has köp waksinanyň gelmegine garaşylýar. Bilşime görä, orta ýaşly adamlara "Sputnik V" waksinasy edilmez, bu ýaş kategoriýasy üçin "EpiVacKorona" waksinasy satyn alynar, bu bolsa bärde bir aý bäri işleýän rus lukmanlarynyň maslahatydyr"- diýip, saglygy saklaýyş ulgamyndaky ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.

Mundan başga-da, Saglygy saklaýyş ministrliginiň anonim bir çeşmesiniň sözlerine görä, ýurtda söwda we jegyýetçilik ugrundan işleýän kärhanalaryň täzeden işläp başlamagyna taýýarlyk görülýär. Hususan-da, sanitariýa we epidemiologiki gözegçilik gulluklaryna karantin ýatyrylandan soň ähli naharhana we söwda nokatlarynyň açylmazdan ozal barlanyp başlanmagy barada görkezme berlipdir.

Türkmen häkimiýetleriniň karantini ýatyrmak planlary we möhleti barada jikme-jiklikleri häzirlikçe anyklap bolmady. Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň wekillerinden resmi maglumat alyp bilmedi.

Koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmedik ýurt COVID-19 alamatlary bilen keselleýänleriň we ölýänleriň köpelmeginiň fonunda, girizen berk syýahat çäklendirmelerini, naharhana, söwda, medeniýet we dynç alyş ýaly köpçülik üçin niýetlenen desgalaryň ýapyk durmagyny saklap galýar. Häkimiýetler ilatyň maska dakynmak režimini berjaý etmegine hem berk gözegçilik edýär. ​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG