Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýene on bir resmi käýinç aldy: ‘Banklar manadyň hümmedine seretmeýär, telekeçiler ýeterlik goldanmaýar ...’


Illýustrasiýa suraty.

10-njy fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ykdysadyýet toplumy boýunça iş maslahatyny geçirdi. Maslahata bu pudaga gözegçilik edýän wise-premýer, bank we maliýe ulgamlarynyň ýolbaşçylary hem-de beýleki ýokary derejeli resmiler gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar (TDH) agentligi habar berýär.

Bu maslahat bilen prezident Berdimuhamedow soňky birnäçe günüň dowamynda eýýäm dokuzynjy gezek 2020-nji ýylyň jemleri boýunça hökümet resmileri bilen yzly-yzyna ýygnak geçirýär.

Maslahatyň başynda Berdimuhamedow ýurduň ykdysadyýet pudagynda “kemçilikleriň we ulanylmaýan mümkinçilikleriň az däldigini” belledi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow 2020-nji ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat berdi. Şeýle-de, ministriň hasabatyna görä, geçen ýylyň dowamynda 85 döwlet emlägi hususylaşdyrylypdyr.

Önümçilik we gurluşyk

Ministr hasabatynda 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda özleşdirilen maýa goýumlarynyň 55,7 göteriminiň önümçilige, galan 44,3 göteriminiň gurluşyga gönükdirilendigini aýtdy. Munuň bilen, ýurtda geçen ýyl özleşdirilen inwestisiýalaryň tas ýarysyna golaýynyň gurluşyk pudagyna gönükdirilendigi äşgär boldy.

Prezident ykdysadyýet we maliýe pudagynda alnyp barylýandygy aýdylýan işlere nägilelik beýan etdi we beýleki tabşyryklar bilen bir hatarda ministre döwlet desgalaryny hususylaşdyrmagyň gurallaryny kämilleşdirmegi tabşyrdy, anyklaşdyrmazdan, ykdysadyýete goşmaça maýa goýumlaryň çekilmegine üns çekdi.

Prezidentiň ykdysadyýet we maliýe pudagynyň işine bildirýän nägileligi ýurtda pandemiýanyň fonunda ýiti ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän wagtyna, walýuta kynçylyklary bilen baglylykda hususy söwdada bahalaryň barha ýokarlanýan pursatyna, döwlet dükanlaryndan ýeňillikli bahadan azyk haryt satyn almak üçin alyjy nobatlarynyň egsilmeýän wagtyna gabat gelýär.

Iş orunlary

Soňra prezident zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetgeldi Sylabowyň hasabatyny diňledi.

Ministr öz hasabatynda raýatlaryň işsizlik bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga mejbur galýan raýatlaryň meseleleri barada çykyş etmän, bu ulgamda gazanylandygy aýdylýan ösüşleri, şol sanda ulgamda hereket edýän hukuk namalarynyň kämilleşdirilmegi barada hasabat berdi. TDH ministriň sözlerine salgylanyp, boş iş orunlary baradaky maglumatlaryň ilat köpçüligine yzygiderli ýetirilýändigini aýdýar.

Berdimuhamedow ministrligiň işine nägilelik bildirdi we “iş üpjünçiligi boýunça hyzmatlary hödürlemegiň tertibini hem-de iş bazaryndaky ýagdaý hakynda maglumat bermegi kämilleşdirmegiň zerurdygyny” aýtdy.

Garaşsyz çeşmelere görä, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýurtda işsizligiň derejesi barada hakyky sanlary köpçülige aýan etmeýär.

Statistikalar digitallaşdyrylmaly

Maslahatyň dowamynda prezident “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy Muhammetguly Hojagulyýewiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Silap Welbegowyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory Guwanç Nurmuhammedowyň hasabatlaryny diňledi, “Türkmenstandartlarynyň” hem-de “Döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynyň işine nägilelik bildirdi, Statistika baradaky döwlet komitetine statistiki hasabatlary digitallaşdyrmak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýew hasabat bilen çykyş etdi. Berdimuhamedow bank ulgamynyň işine düýpli nägilelik bildirdi. Ol halk hojalygyny maliýe serişdeleri bilen durnukly üpjün etmek, orta telekeçileri höweslendirmek, bank ulgamyna dünýä tejribesini ornaşdyrmak we halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly bank işini ösdürmegi tabşyrdy.

Prezident banklardan nägile

Berdimuhamedow “Türkmenistan”, “Türkmenbaşy”, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banklarynyň hem-de “Halkbank”, “Senagatbank”, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banklarynyň işine nägilelik bildirdi.

Prezidente görä, “Türkmenistan” bankynda ünsden düşürilen meseleler döwrebap derejede çözülmändir; “Türkmenbaşy” bankynda “özgertmeler” netijeli durmuşa geçirilmändir; “Daýhanbankda” “karzlaşdyrmak we maliýe serişdelerini gaýtarmak” bilen bagly meseleler bar; “Halkbankda” işler döwrebap alnyp barylmaýar; “Senagatbankdan” bank amallaryny kämilleşdirmek, nagt däl hasaplaşygy artdyrmak talap edilýär; “Rysgalda” müşderilere berilýän hyzmatyň hili pes.

Şeýle-de, Berdimuhamedow Döwlet daşary ykdysady iş bankynda “daşary ýurt maýa goýumlary bilen baglanyşykly amallaryň ýerine ýetirilişine, puluň dolanyşygyny kadalaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çärelere” nägilelik beýan etdi.

Prezident maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowyň hasabatyny diňläp, bu toplumda işleriň alnyp barlyşyndan nägile boldy. Oňa beýleki wezipeler bir hatarda dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara alyp, halk hojalygynda maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna gözegçilik etmek tabşyryldy.

Berdimuhamedow býujet-salgyt ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, maliýe hasabatlylygynyň kämilleşdirilmegini, “elektron salgyt” ulgamyny işe girizmegiň tizleşdirilmegini talap etdi.

Prezident Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine ilatyň iş üpjünçiligini gowulandyrmagy, täze iş orunlary döretmegi, ministrligiň web-saýtyndaky “Iş üpjünçilik sahypasynyň” mümkinçiliklerini ulanmagy tabşyrdy.

Problemalar: Algy-bergi, taşlanan gurluşyklar we ş.m

Şeýle-de, Berdimuhamedow maliýe resmilerine ýurtda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 40 göterimden ýokary bolmagynyň gazanylmagyny, milli puluň hümmetiniň durnukly saklanylmagyny, walýuta amallarynyň düzgünleşdirilmegini tabşyrdy.

“Geçen ýylyň ahyrynda Döwlet býujetiniň öňündäki bergiler ýylyň başyndaky bilen deňeşdirilende ep-esli köpeldi” diýip, TDH prezidenti sitirleýär.

Berdimuhamedow hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeýändigi, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hereketsizligi sebäpli, Oba milli maksatnamasynyň, şeýle-de beýleki maksatnamalaryň çäklerinde ýerine ýetirilen işler üçin potratçylaryň öňünde köp möçberde bergileriň emele gelendigini aýtdy. “Bu bolsa, 2015-nji ýyldan başlap, ençeme gurluşyklaryň taşlanmagyna getirdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde pudagara algy-bergileriň umumy möçberi 12 milliard manada golaýlaýar” diýip, TDH prezidentiň sözüni getirýär.

“Käbir desgalaryň gurluşygy üçin ençeme ýyllardan bäri töleg geçirilmeýär” diýip, prezident aýtdy.

Ol telekeçiligi ösdürmek boýunça esasy işi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýandygyny, bu ugurda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýeterlik işjeňlik görkezmeýändigini aýtdy.

Manadyň hümmeti we walýuta kynçylyklary

Prezident Merdan Annadurdyýewe ýüzlenip, Merkezi bankyň baş wezipesiniň manadyň hümmedini durnukly saklamakdan ybaratdygyny ýatlatdy we bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeýändigini belledi.“Has beteri-de, manadyň hümmetini berkitmegiň deregine, banklaryň ýolbaşçylary bu işe goşulmaýarlar” diýip, prezident aýtdy.

Prezidentiň bu bellikleri ýurtda hereket edýän walýutanyň gara bazarynda dollaryň alyş-çalyş bahasynyň resmi kursdan 8-9 esse ýokary galýan wagtyna gabat gelýär. Merkezi bankda 1 dollar 3,5 manat, gara bazarda onuň bahasy geçen hepdelerde 32 manatdan aşdy.

Şeýle-de, prezident banklaryň nagt däl hasaplaşygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerine; elektrik energiýasy, tebigy gaz, jemagat hyzmatlary, demir ýol petekleri we beýleki tölegler üçin bank kartlary bilen töleg geçirmek boýunça ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hiline pes baha berdi.

Galyberse-de, Berdimuhamedow banklaryň oba hojalyk önüm öndürijilerini maliýe taýdan ýeterlik derejede goldamaýandygyny aýtdy.

Käýinçler

Gurbanguly Berdimuhamedow agzalan kemçilikler bilen baglylykda wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowa hem-de “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçysy Serdar Gurbandurdyýewe “käýinç”; maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowa, Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýewe, “Türkmenistan” bankynyň başlygy Meýlisgeldi Hajyýewe, “Türkmenbaşy” bankynyň başlygy Jumagylyç Jumagylyjowa, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowa, Döwlet ösüş bankynyň başlygy Serdar Baýramowa, “Daýhanbankyň” başlygy Sahymyrat Aganiýazowa, “Halkbankyň” başlygy Myrat Arabowa, “Senagat” bankynyň başlygy Täçmuhammet Täçmuhammedowa “berk käýinç” yglan etdi.

Prezidentiň ýylyň jemleri boýunça geçirýän ýygnaklary hem-de ýokary derejeli resmilere yglan edýän "käýinçleri" ýurtda ýiti ykdysady krizisiň dowam edýän wagtyna, adamlaryň ýeňillikli azyk önümlerini satyn almak üçin döwlet dükanlarynda köplenç uly nobatlary emele getirýän pursatyna hem-de gara bazarda milli puluň öz hümmetini ep-esli ýitirýän mahalyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG