Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: “Sputnik V” sanjymynyň nobatdaky tapgyryna garaşylýar, maşgala lukmanlaryna dynç alyşa çykmazlyk tabşyrylýar


Türkmen saglyk işgärleri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Türkmen saglyk işgärleri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň paýtagtynda fewral aýynyň başlaryndan bäri koronwarisa garşy waksina sanjymlarynyň edilip başlanmagyna garamazdan, ýurduň beýleki künjeklerinde, şol sanda esasy karantin sebitleriniň ýerleşýän Lebap welaýatynda bu kampaniýa heniz girişilmedi. Bu aralykda, duşenbe güni Türkmenistana Russiýanyň “Sputnik V” waksinasynyň nobatdaky tapgyrynyň gelmegine garaşylýandygy, munuň bilen baglylykda Lebabyň maşgala lukmanlaryna dynç rugsadyna çykmagyň gadagan edilendigi hem bellenilýär. Şol bir wagtda, daşary ýurt okuw jaýlaryna girmekçi bolýan ýaşlar waksina sanjymlaryny wagtynda urduryp bilmeseler, bu ýyl okuw mümkinçiliklerinden mahrum galyp biljekdiklerine alada bildirýärler.

Lebap welaýatynda COVID-19 sanjymy edilmeli birinji töwekgelçilik toparyna degişli raýatlaryň, şol sanda lukmanlaryň we mugallymlaryň sanawynyň mundan birnäçe hepde ozal düzülendigine garamazdan, sebitde bu işlere heniz girişilmedi. Ýogsa, Aşgabatda waksinasiýa sanjymlary şu aýyň başyndan bäri alnyp barylýar.

“Lebapda waksina eder ýaly sanjym ýok. Ozal getirilen rus waksinasynyň ählisi Aşgabada ugradyldy” diýip, türkmenabatly lukmanlaryň biri Azatlygyň habarçysyna 14-nji fewralda gürrüň berdi.

Ýatlatsak, Azatlyk 30-njy ýanwarda Moskwadan “Sputnik V” rus waksinasynyň 350 kg tapgyrynyň Türkmenabada getirilip, soňy bilen-de dessine paýtagta iberilendigini habar beripdi. Şol pursat, Azatlygyň Türkmenabadyň aeroportyndaky çeşmesi 12-nji fewralda nobatdaky, has uly tapgyr waksina sanjymlarynyň getirmeginiň göz öňünde tutulýandygyny hem aýdypdy.

Bellesek, koronawirus pandemiýasy başlaly bäri ýurduň gündogaryndaky howa menzili Türkmenistanyň ýeke-täk halkara howa portuna öwrüldi. Howa gatnawy çäklendirilenden soň ähli ýük we ýolagçy gatnawlary Türkmenabat şäheriniň üstünden geçýär.

“Geçen hepdäniň ortalaryndan bäri Türkmenabadyň aeroportynda gözegçilik güýçlendirilip, Russiýadan nobatdaky tapgyr waksinanyň getirilmegine garaşylsa-da, ol öňki plana laýyklykda 12-nji fewralda gelmedi. Waksinaly uçaryň indi 15-nji fewralda geljekdigi aýdyldy” diýip, aeroportdaky çeşmämiz atlandyrylmasyzlyk şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu barada Türkmenabadyň aeroport resmilerinden ýa-da ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden resmi maglumat almak başartmady.

Bu aralykda, Lebapda saglyk resmileri anyk möhleti kesgitlenmezden, golaýda waksinasiýanyň başlanjakdygyny aýdyp, munuň bilen baglylykda sanjymlary urjak saglyk öýleriniň maşgala lukmanlarynyň dynç rugsadyna goýberilmejekdiklerini hem mälim etdiler.

“Hassahananyň başlygy waksinasiýa başlananda, maşgala lukmanlarynyň ählisiniň güýçlendirilen iş tertibine geçiriljekdigini aýtdy. Munuň anyk haçan başlanjakdygy aýdylmady, emma eýýämden hiç bir lukmanyň, hatda öz hasabyna hem dynç rugsadyna goýberilmejekdigi duýduryldy” diýip, Türkmenabadyň saglyk öýleriniň biriniň işgäri habarçymyza aýtdy.

Şol bir wagtda, waksina sanjymlarynyň haçan uruljakdygy baradaky nämälimlik, şu ýylky uçurymlaryň daşary ýurt döwletlerine okuwa gitmek mümkinçiliklerine hem täsir ýetirýändigi bellenilýär.

“Şu ýyl mekdebi tamamlamaly okuwçylaryň köpüsi, serhetler açylsa, daşary ýurtlara okuwa gitmegi meýilleşdirýärdiler. Emma munuň üçin olarda waksina sanjymy urlup, bedenlerinde hem degişli immunitetiň dörändigi baradaky kepilnama bolmaly. Emma sanjymlaryň haçan ýetjekdigi belli däl, üstesine-de degişli kepilnamany almak üçin, sanjymdan iki aý soňra ýörite barlagdan geçmeli. Bu sebäpli köpler, şu ýyl okuw mümkinçiliklerinden mahrum galyp biljekdiklerine alada bildirýärler” diýip, gyzyny Türkiýä okuwa ibermegi göz öňünde tutýan eneleriň biri habarçymyza aýtdy.

Koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän we COVID-19 alamatlary bilen keselleýänleriň we ölýänleriň köpelmegini görmezlige salýan türkmen hökümeti, girizen berk çäklendirmelerini we maskalary dakynmak talaplaryny saklap gelýär. Häkimiýetler durmuşa geçirýän çärelerini "ýokanç keselleriň öňüni almagyň bir bölegi hökmünde" häsiýetlendirýärler. Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýärler.

Türkmenistanyň ilaty birnäçe ýyl bäri derman, azyk we nagt pul ýetmezçilik şertlerinde ýaşaýar. Pandemiýanyň dowamynda girizilen çäklendirmeler ilatyň girdejileriniň azalmagyna we medisina hyzmatlarynyň elýeterliliginiň çäklenmegine sebäp boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG