Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: “Sputnik V” sanjymlary başlaýar, çäklendirmeleriň möhleti uzaldylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň ençeme etrabynda koronawirusa garşy Russiýanyň “Sputnik V” waksinasyny sanjym edip başlamagyň möhletleri kesgitlendi. Geçen dynç günleriniň dowamynda Aşgabada rus waksinasynyň ýene bir tapgyry gelip gowuşdy. Şeýle-de, Türkmenabadyň Köpugurly hassahanasynyň COVID-19 näsaglary üçin niýetlenen karantin blogy ýapyldy. Türkmenistan dünýäde koronawirus hadysalaryny resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup durýar. Şol bir wagtda, ýurtda girizilen çäklendirmeleriň möhleti uzaldylýar.

“Lebabyň ençeme etrabynda maşgala lukmanlary 15-nji fewralda Russiýanyň ‘Sputnik V’ waksinasynyň sanjym edilip başlanjakdygyny duýdurýarlar. Ilkinji nobatda sanjym ediljekleriň sanawy we dokumentleri eýýäm taýýarlandy. Emma bagyr, böwrek keselleri bolanlara, töwekgelçiligiň ýokary bolany üçin, sanjym edilmez” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň efirde tutulmagyny islemedik faraply ýaşaýjylaryň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýatlatsak, geçen ýylyň aýagynda Türkmenistan Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyny satyn almak planlaryny yglan etdi we 18-nji ýanwarda Merkezi Aziýada ilkinji bolup rus sanjymynyň ulanylmagyny oňlady.

Geçen aýdan bäri ýurduň dürli künjeklerinde koronawirusa garşy waksina sanjymy edilmeli birinji derejeli töwekgelçilik toparyna degişli raýatlaryň, ýagny saglyk işgärleriň we mugallymlaryň sanawy düzülip başlandy.

Geçen şenbe güni bolsa, Russiýadan Türkmenistana “Sputnik V” sanjymynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy.

“30-njy ýanwarda öýlän Türkmenabadyň aeroportyna Russiýadan gelen ýörite uçarda 350 kilogram waksina getirildi. Waksinanyň ählisi dessine ‘Türkmenhowaýollary’ gullugyna degişli başga bir uçara ýüklenip, Aşgabada ugradyldy. Ýerli keselhanalara hiç zat berilmedi” diýip, bu aeroportyň hünärmenleriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Atlandyrylmasyzlygyny soran çeşme 10-njy fewralda Russiýadan waksinanyň ýene bir, bu gezek has göwrümli tapgyryna garaşylýandygyny hem sözüne goşdy.

Bu barada, şeýle-de ýurtda geçirilýän sanjym kampaniýasy we tertibi barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariýa almak başartmady.

Bu aralykda, Türkmenabadyň Köpugurly hassahanasynyň COVID-19 näsaglaryny ýerleşdirmek üçin ýörite esaslandyrylan blogy karantinden çykaryldy we adaty tertibinde işläp başlady.

“Soňky döwür Türkmenabatda COVID-19 alamatlary bilen ýüz tutýan adamlar azaldy. Şol sebäpli, hassahananyň 15-nji dekabrda karantine ýapylan “Ç” blogy ýaňadandan adaty syrkawlary kabul edip başlady. Ýakynda Türkmenabadyň Şäher hassahanasynyň hem karantinden çykarylmagyna garaşylýar” diýip, ýerli saglyk işgärleriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistan dünýäde koronawiruss näsaglarynyň hiç birini resmi taýdan hasaba almadyk ýurtlaryň onlygyna girýär. Şol bir wagtda, resmi Aşgabat ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin zerur bolan çäreleriň ählisini görýändigini aýdýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji ýanwarda saglyk ministriniň hasabatyny diňläp, daşary ýurtlara okamaga gitjek studentlere sanjym edilmegini, ýurda gelýän myhmanlardan sanjymlaryny tassyklaýan güwänama soramagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, türkmen hökümeti ozal girizilen çäklendirmeleriň möhletini uzaltdy. Ýarym-resmi türkmen internet neşirleriniň maglumatyna görä, ýurtda söwda, jemgyýetçilik iýmit merkezlerine, sport çärelerine, otly, halkara uçar gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler şu ýylyň 1-nji martyna çenli uzaldylar.

Ozalky çäklendirmeleriň möhleti 31-nji ýanwarda tamamlanmalydy.

Türkmen häkimiýetleri bu çäklendirmeleri gönümel koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşdyrman, bularyň “ýokanç keselleriň öňüni alyş çäreleriniň çäginde” geçirilýändigini aýdýarlar.

Resmi Aşgabat ýurtda koronawirusa ýolugýandygy, wirus sebäpli ýogalandygy aýdylýan adamlar baradaky habarlara reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG