Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: paýtagtda edilýän waksinasiýa sebitlerde entek barmady


Türkmenabat (illýustrasiýa suraty)
Türkmenabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň sebitleriniň ýaşaýjylary koronawirusdan waksina edilmegine garaşýarlar. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabatda fewral aýynyň başyndan bäri alnyp barylýan waksinasiýa welaýatlarda entek başlamandyr.

Koronawirusa garşy waksinalaryň Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde, başlanmandygyny 11-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň habarçylary gürrüň berdiler.

Paýtagtda ilata koronawirusa garşy waksina etmek işi ýurtda keseliň ýaýramagynyň we koronawirus alamatlary bolan keselden ölýänleriň köpelen wagtynda başlandy. COVID-19 bilen bagly ýagdaýlaryň ýurtda ýokdugyny yglan edýän Türkmenistanyň hökümeti geçen aýda iki sany rus sanjymyny hasaba aldy, emma waksinasiýanyň başlanmagy we taýýarlyk işleri barada resmi düşündiriş bermedi.

Lebapda waksinasiýanyň henizem başlanmandygyny habar berýän habarçylar ýerli ýaşaýjylaryň waksinasiýa bir aý bäri taýýarlyk görýändigini belleýärler. Bu welaýatda ilata waksinalaryň ediljegi barada medisina edaralaryň işgärleriniň üsti bilen habar berlipdi. Sanjym etmek üçin edilen esasy talaplaryndan biri, ýagny elektron saglyk kitapçalaryň açylmagy klinikalarda howlukmaçlygyň we nobatlaryň döremegine sebäp boldy.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçylary Türkmenabadyň aeroportunda gözegçilik çäreleriniň güýçlendirilendigi barada habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, 12-nji fewralda Moskwadan ýene bir uçarda koronawirusa garşy waksinalaryň getirilmegine garaşylýar.

Koronawirus pandemiýasy başlaly bäri ýurduň gündogaryndaky howa menzili Türkmenistanyň ýeke-täk halkara howa portuna öwrüldi. Howa gatnawy çäklendirilenden soň ähli ýük we ýolagçy gatnawlary Türkmenabat şäheriniň üstünden geçýär. Gelýän ýük we ýolagçy uçarlar barlanýar, ekipaž we ýolagçylar test edilýär we karantine salynýar.

Mundan başga-da, iň uly karantin zolaklary Lebap welaýatynda ýerleşýär.

Aşgabatda häzir koronawirusa garşy waksinalar töwekgelçilik toparyna girýän raýatlara edilýär, olaryň arasynda saglyk işgärleri, polisiýa işgärleri, ulag sürüjileri, dükan satyjylary we köp adam bilen aragatnaşykda bolýan edara-kärhanalaryň işgärleri bar.

Waksinasiýa taýynlygyň çäginde ilatyň ýaşy 60-dan geçen gatlagy gan barlagyndan geçipdi. Habarçylaryň 11 fewralda habar bermegine görä, şu günler ýaşy uly adamlara Aşgabatda-da waksina edilip başlanmandyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanda COVID-19 keseline garşy sanjymlar üçin "Sputnik V" rus waksinasy ulanylýar.

Türkmenistan, Orsýetiň "Sputnik V" waksinasyny Merkezi Aziýada ilkinji bolup hasaba aldy, "EpiVacCorona" waksinasyny bolsa Orsýetde başga hasaba alan ýeke-täk ýurda öwrüldi.

Ýaňy-ýakynda The Lancent halkara medisina žurnaly Orsýetiň "Sputnik V" sanjymynyň COVID-19-yň ösüşiniň öňüni almakda 91,6% täsiriniň tassyklanandygyny habar berdi.

Azatlygyň çeşmeleri Pfizer-BioNTech sanjymynyň hem ýurda getirilendigini öňe sürýärler, ýöne onuň hasaba alynmagyna degişli maglumatla elýeterli däl.

28-nji ýanwarda türkmen ýolbaşçylary beýleki daşary ýurt waksinalaryny öwrenmek we hasaba almak niýetini resmi derejede tassykladylar. Ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan maslahat berilýän daşary ýurt waksinalaryny we medisina önümlerini öwrenmek hem hasaba almak barada görkezme berdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň prezidenti daşary ýurtlara gidýän talyplara we raýatlara şol ýurtlarda ulanylýan waksinalar bilen sanjym etmegiň zerurdygyny we Türkmenistana gelýän daşary ýurtlularyň waksina şahadatnamalarynyň bolmalydygyny mälim etdi.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, koronawirusa garşy köpçülikleýin waksinasiýa mart aýynda başlanmagyna garaşylýar.

Koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýän we COVID-19 alamatlary bilen keselleýänleriň we ölýänleriň köpelmegini görmezlige salýan türkmen hökümeti, girizen berk çäklendirmelerini we maskalary dakynmak talaplaryny saklap gelýär. Häkimiýetler durmuşa geçirýän çäreleri "ýokanç keselleriň öňüni almagyň bir bölegi hökmünde" häsiýetlendirýär. Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýär.

Türkmenistanyň ilaty birnäçe ýyl bäri derman, azyk we nagt pul ýetmezçilik şertlerinde ýaşaýar. Pandemiýanyň dowamynda girizilen çäklendirmeler ilatyň girdejileriniň azalmagyna we medisina hyzmatlarynyň elýeterliliginiň çäklenmegine sebäp boldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG