Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankarada türkmen energiýa baýlyklaryny Ýewropa ýetirmek mümkinçiligi maslahat ediler


Çepden saga: Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Kawusoglu, Azerbaýjanyň Elmar Mammadýarow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow, Baku, 2017-nji ýylyň 19-njy iýuly.
Çepden saga: Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Kawusoglu, Azerbaýjanyň Elmar Mammadýarow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow, Baku, 2017-nji ýylyň 19-njy iýuly.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredow Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan arasyndaky üç taraplaýyn gepleşiklere gatnaşmak üçin 22-24-nji fewral aralygynda Ankara barar.

Bu saparyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 21-nji fewralda gol çeken buýrugyna görä geçirilýändigi, Meredowyň Türkiýäniň paýtagtynda türkmen-türk ministrleri arasyndaky maslahata, şeýle hem Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan arasynda üç taraplaýyn gepleşiklere gatnaşjakdygy ýarym resmi "Tukrmenportal" onlaýn neşriniň maglumatynda aýdylýar.

Üç ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçiriljek gepleşikleriň esasy meseleleriniň biri, 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňzindäki "Dostluk" uglewodorod ýatagyna degişli özara düşünişmek hakynda memoranduma gol çekilen soň, türkmen energiýa baýlyklaryny Ýewropa ýetirmek mümkinçiligine degişli bolar diýlip, maglumatda aýdylýar.

“Dostluk” Hazar deňzinde Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň araçägine ýakyn aralykda ýerleşýän uglewodorod ýatagynyň täze adydyr. Bu ýangyç käni ozal Azerbaýjanda “Kepez” Türkmenistanda “Serdar” diýlip atlandyrylýardy. Ýangyç käniniň eýeçilik hukugy boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda mundan ozal düşünişmezlikler bolupdy.

Hazar deňzindäki “Dostluk” ýangyç känini bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekişlik dabarasyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bu resminamany türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda “täze tapgyr” atlandyrdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG