Özbegistanyň daglyk ýerlerinde maldarlaryň we daýhanlaryň ýaşaýan Tut obasynyň ýaşaýjylary, agyz suwy, suwaryş we maldarçylyk üçin Şowwozsoý derýasyna köpden bäri garaşly.
Ýöne 2018-nji ýylyň tomsunda Gyrgyzystanyň daglaryndan ugur alyp Özbegistanyň Daşkent sebitindäki Ohangaran derýasyna akýan Şowwozsoýyň suwy birnäçe obanyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, azalyp ujypsyz boldy.
"Ekinlerimiz we baglarymyz gurady" diýip, Şowwozsoýyň aşaky böleginde ýerleşýän Tut obasynyň bir ýaşaýjysyAzatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtdy. "Goňşy obalardan suw satyn alyp, gün görmeli bolduk."
Suwuň azalmagynyň sebäbi ýerli ilat üçin syr däldi. Takmynan 18 kilometr beýiklikde daglarda täze bent we suw howdany guruldy. Suw howdanynyň gapdalynda "ýerli ýaşaýjylaryň hatda ýakynlaşyp bilmeýän ýerinde ýüzlerçe hemişelik işgärli" “kiçi şäher "guruldy diýip, Tut obasynyň bir ýaşaýjysy aýtdy.
Agzalýan “kiçi şäher”, gizlin dag dynç alyş desgasy bolup, Azatlyk Radiosynyň Özbek Gullugy tarapyndan geçirilen täze köptaraplaýyn derňewde onuň Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýowyň ulanmagy üçin gurlup, gorag astynda saklanýandygy mälim boldy.
Dikuçar meýdançasyny öz içine alýan we uçuşlaryň gadagan edilen zonasynda gurlan Mirziýoew üçin kaşaň köşk hökmünde häsiýetlendirilen desga gizlinlikde saklanýar. Gurluşyk işgärleri telefonlaryny tabşyrmaga mejbur bolandyklaryny, ýol böwetleriniň we howpsuzlyk işgärleriniň halkyň ol ýere ýakynlaşmagyna päsgel berýändigini aýtdylar.
Mundan başga-da, Tut obasynyň ýaşaýjylarynyň 2018-nji ýylyň tomsundan başlap suw üpjünçiliginiň kesilmegine sebäp bolan ýanaşyk gurlan suw howdany hem syrly bir desga bolup durýar.
Habarçylar suw howdanyny aç-açan agzaýan diňe ýeke-täk bir resminamany - döwlet eýeçiligindäki guramanyň iş planyny tapyp bildiler. Bu resminama, suw howdanynyň Mirziýoewiň gidroenergetikany giňeltmek baradaky kararyna laýyklykda gurlandygyny görkezýär. Bu karar Şowwozsoý suw howdany däl-de, iş meýilnamasynda agzalan birnäçe proýekti öz içine alýar.
Emma Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan geçirilen derňew, onuň gurluşygynyň 2020-nji ýylyň maýynda ýarylan Sardoba bendiniň arkasyndaky gatnaşyjylar bilen baglanyşygyň subutnamasyny tapdy. Sardoba bendiniň ýarylmagy alty adamyň ölmegine we Özbegistanyň gündogaryndaky Sirdaryo sebitiniň azyndan 70000 ýaşaýjysynyň öýlerinden mahrum bolmagyna sebäp boldy.
Şowwozsoý suw howdany gurulmazdan ozal haýsyda bir töwekgelçilik barlaglarynyň geçirilip-geçirilmändigi köpçülige elýeterli maglumatlardan belli däl. Iki çeşme bu ýerde gurlan bentden 2019-njy ýylda suwuň syzandygyny aýtdy.
Şeýle hem, Şowwozsoý derýasynyň kenar ýakasynda uzak wagtlap ýaşaýan ýaşaýjylaryň göçmegine sebäp bolan suw howdanynyň gurluşygynyň, bu goralýan ýeriň statusyna kanun taýdan näderejede gabat gelýändigi anyk däl.
Merkezi Aziýada işlän suw meselesi boýunça halkara bilermeni şeýle proýekt “ýerli ýaşaýyş şertlerini uly derejede bozar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtdy.
"Şonuň üçin derýa ulgamynda şeýle desganyň gurulmazyndan ozal onuň sosial we daşky gurşawa täsiri, howp we töwekgelçilik derňewi geçirilmeli" -diýip, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gepleşen bilermen aýtdy.
Bu hasabat üçin söhbetdeş bolan çeşmeleriň hemmesi, iş berijilerinden metbugata habar bermäge rugsadynyň ýokdugyny ýa-da häkimiýetleriň jezalandyrylmagyndan gorkýandygyny aýdyp, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürrüňdeş boldular.
Mirziýoewiň edarasy, şeýle-de dynç alyş desganyň hem-de suw howdanynyň ýerleşýän ýerlerine gözegçilik edýän döwlet eýeçiligindäki Özbegistanyň Demirýollary guramasy düşündiriş sorap edilen ýüzlenmelere jogap bermedi.
Suw howdany onuň üstünden geçýär
Birnäçe çeşmäniň, şol sanda gurluşyk işgärleriniň we resmileriň Azatlyk Radiosynyň özbek gullugyna aýtmagyna görä, Şowwozsoý dynç alyş desgasynyň we onuň bilen ýanaşyk suw howdanynyň gurluşygy 2017-nji ýylda başlanyp, üç ýylyň içinde tamamlanypdyr. Bu ýeriň daş-töweregi böwetler we howpsuzlyk işgärleri tarapyndan goralsa-da, emeli hemra arkaly alnan suratlar bu maglumaty tassyklaýar.
Sputnik arkaly alnan suratlar, suw howdanyny döredýän bentiň gurluşygynyň eýýäm 2017-nji ýylyň iýul aýyna çenli alnyp barylandygyny we suw howdanynyň 2018-nji ýylyň aprel aýynyň başynda doldurylandygyny görkezýär. Indiki aýda Mirziýowyň premýer-ministri Abdulla Aripow suw howdanynyň we desganyň ýerleşýän ýerinde 43000 gekdarlyk Ugom-Çotkol döwlet biosfera goraghanasyny resmi taýdan döretdi we şol wagtky premýer-ministriň birinji orunbasary Achilboý Ramatowyň ýolbaşçylygyndaky döwlet eýeçiligindäki Özbegistanyň Demirýollarynyň gözegçiligine berdi.
Özbek zenanynyň Şowwozsoý bendi we Achilboý Ramatowyň şol ýerde aw awlamagy barada ýolbaşçylara eden arz-şikaýaty barada okamaly.
Ondan soňky aýlarda, suw howdanynyň ýerleşýän meýdany we göwrümi artdygyça, aşakda ýerleşýän Tut obasynyň suwa garaşly ýaşaýjylary derýanyň gurandygyny aýdýarlar.
Tut şäheriniň bir ýaşaýjysy: "2018-nji ýyldan başlap, ýazda diňe bir ýa-da iki gezek obalara suw goýberdiler" -diýdi. "Şonda-da ýokardaky iri daýhanlar ony alyp, aşakdaky adamlara suw bermediler".
Birnäçe oba ýaşaýjysy ýerli adamlaryň “hokimiýata” (sebit administrasiýasyna) ýüz tutandyklaryny aýtdy.
Tut ýaşaýjysy: "Adamlar hokimiýatyň ähli derejelerine arz etmek we suw talap etmek üçin giden hem bolsalar, suw getirip bilmediler" -diýdi.
Şowwozsoýdaky gurluşyk bilen tanyş bir çeşme, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna bu suw howdanynyň, döwlet eýeçiligindäki ÖzbekHidroEnergo guramasynda ýolbaşçylyk edýän baý senator we Mirziýoýewiň wepaly ýarany Abdugani Sanginowyň döreden önümi bolandygyny aýtdy.
Çeşme, suw howdanynyň esasy maksadynyň Mirziýoewiň ulanmagy üçin Şowwozsoý şypahanasyny gözelleşdirmek bolandygyny öňe sürdi, ýöne habarçylar bu hasabaty tassyklap bilmediler.
"Ýöräp daş-töwerekden ýakyndan lezzet almak üçin aýratyn bir duralga hem guruldy" -diýdi.
Sputnik suratlarynda 2019-njy ýylyň iýulynda suw howdanynyň günorta kenaryndaky gämi duralgasy ýaly bir desga görkezilýär, çeşmeler ony awçylyk üçin jaý hökmünde häsiýetlendirýärler.
Merkezi Aziýada suwdan peýdalanmak meselesi boýunça hünärmen şeýle suw howdanlarynyň suwaryş, suw üpjünçiligi, gidroelektrik we “ýerasty suwlary doldurmak” üçin ulanylyp bilinjekdigini aýtdy. Ol şeýle suw howdanynyň “diňe dynç alyş maksatly ulanylmagy üçin delil getirip boljagyna” ynanmaýandygyny belledi.
“Bu suw howdany sosial maksatlar üçin hyzmat etmelidir. Bu has möhümdir "-diýdi.
Atsyz köl
Gizlin dag desgasynyň gapdalyndaky suw howdanynyň gurluşygyndan iki ýyldan gowrak wagt geçdi. Ýöne žurnalistler suw howdanynyň adyny ýa-da ýerleşýän ýerini kesgitleýän ýekeje resmi ýazgyny tapdylar.
2019-njy ýyldaky iş meýilnamasynda döwlet eýeçiligindäki ÖzbekHidroEnergo guramasynyň golçur kärhanasy “Gidromakssuskuriliş” 2017-nji we 2018-nji ýyllarda özi üçin “esasy wakalaryň” sanawyna“Şowwozsoý suw howdanynyň gurluşygyny” goşdy.
Resminama, bu suw howdanynyň Mirziýoewiň Özbegistanda gidroelektrik energiýasyny giňeltmek baradaky 2017-nji ýylyň maýynda çykaran kararyna laýyklykda kompaniýa tarapyndan gurlan birnäçe desgalaryň biridigini görkezýär. Emma “Gidromakssuskuriliş” guramasynyň iş planynda şol kararda görkezilen proýektleriniň arasynda “Şowwozsoý” suw howdany ýok. (Bu suw howdany, kompaniýanyň web sahypasynyň tamamlan ýa-da gatnaşan proýektlerini görkezýän bölüminde-de ýok.)
“Gidromakssuskuriliş” guramasynyň iş meýilnamasynda 2018-nji ýylda Mirziýowyň şol ýylyň fewral aýynda çykaran karary boýunça 11,9 milliard özbek somy (şol wagt 1,1 million dollar) karz alyp, enjam satyn alandygy aýdylýar. Şol karar bilen Özbegistanyň Dikeldiş we Ösüş Döwlet Gaznasyndan “Gidromakssuskuriliş” guramasyny öz içine alýan ÖzbekHidroEnergo guramasynyň ulanmagy üçin döwlet eýeçiligindäki “Turonbanka” 60 million dollar bölünip berildi.
2018-nji ýyldaky kararyň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek tabşyrylan üç adamyň biri ÖzbekHidroEnergonyň başlygy Abdugani Sanginow - baý senator, bir çeşmäniň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna habar bermegine görä, Şowwozsoý dynç alyş desganyň ýanynda suw howdanyny gurmak planyny döredipdir.
Sanginow ýa-da ÖzbekHidroEnergo, Şowwozsoý suw howdany baradaky soraglara jogap bermedi.
Sanginow düşündiriş bermek haýyşa jogap bermedi. Emma golçur kärhanalarynyň acyk maliýe hasabatlarynda olaryň Şowwozsoý zolagynda işländigi görkezilen ÖzbekHydroEnergo, suw howdany bilen baglanyşygyny ret etdi.
ÖzbegHydroEnergo 22-nji fewralda Azatlyk Radiosyna e-poçta arkaly beren beýanatynda "Şowwozsoý suw howdanynyň gurluşygy bilen biziň kompaniýamyzyň hiç hili baglanyşygy ýok" -diýdi.
"Biziň kompaniýamyz bu desganyň gurluşygy üçin jogapkärçilik çekmedi ýa-da oňa gatnaşmady" -diýlip beýanatda aýdylýar "Şeýle hem, bu suw howdanynyň işine we gözegçiligine gatnaşmaýandygymyzy size habar bermek isleýäris" -diýilýär.
Köpçülige elýeterli maglumatlar, Şowwozsoý suw howdanynyň 2018-nji ýylyň tomsunda doldurylan wagtyna gabat, ÖzbegHydroEnergo, onuň golçur kärhanasy “Gidromakssuskuriliş, Turonbank we Sanginowyň ogluna degişli hususy firma degişli köp sanly şertnama gol çekilendigini görkezýär.
Sanginow Özbegistanda gidro proýektlerini meýilleşdirmekde we gurmakda möhüm şahsyýet. Onuň körpe ogly Islom Abdurahmonow, hususy eýeçilikdäki Özbek kompaniýasy “Topalang HPD Holdingiň” esasy paýdary.
Birnäçe çeşme, şol sanda bu meseläni gönüden-göni bilýän bir adam, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna bu suw howdanynyň 2020-nji ýylyň maýynda ýykylan Sardoba bendini guran “Topalang suw gurluşyk” kompaniýasy tarapyndan gurlandygyny aýtdy. “Topalang suw gurluşygy” Abdurahmonowyň “Topalang HPD Holding” kompaniýasynyň 100 göterim golçur kärhanasydyr.
Sanginowyň ýolbaşçylygyndaky ÖzbekHidroEnergonyň 2018-nji ýyldaky ýyllyk hasabatynda Mirziýoewyň zolagynda gurlan bent we suw howdany barada aç-açan salgylanma ýok. Ýöne 2018-nji ýylyň maý aýynda “Topalang HPD Holding” bilen gol çekilen bäş sany "karz şertnamasy" barada aýdylýar - emeli hemra suratlary suw howdanynyň doldurylandygyny görkezýär.
Mirziýoewiň karary bilen ÖzbekHydroEnergo guramalaryna karz üçin 60 million dollar beren Turonbank, bu karzlarda kontragent hökmünde görkezilýär.
“UzbekHydroEnergo” ýa-da “Topalang HPD Holding” 269,4 milliard özbek somy (şol wagt 33,6 million dollar) möçberinde hasabatda görkezilen bu karzlaryň maksady barada düşündiriş bermek haýyşyna jogap bermedi.
Emma bu mukdar, suw howdanynyň gurluşygy bilen tanyş bir çeşmäniň beren habaryna laýyk gelýär, ol bu proýektiň döwlet býujetine 200 milliard özbek somundan gowrak çykdajy bolandygyny aýtdy.
“Topalangyň” gatnaşygyny tassyklaýan subutnama ÖzbekHidroEnergonyň dolandyryjysyndan geldi, ol noýabr aýynda Daşkentde ýaşaýan garaşsyz bir aktiwiste suw howdanynyň “Topalang suw gurluşygy” tarapyndan gurlandygyny aýtdy.
ÖzbegHydroEnergo, “Topalang HPD Holding” bilen kesgitlenmedik bir maksat üçin baglaşan bäş şertnamasynyň ilkinjisine gol çeken güni, golçur kärhanasy “Gidromakssuskuriliş” bilen hem şertnama baglaşdy. Onuň iş plany Sowozsoý suw howdanyny agzaýan we žuralistlere elýeterli bolan ýeke-täk resmi dokumentdir.
Şol şertnama boýunça ÖzbekHydroEnergo, “Gidromakssuskuriliş” bilen kesgitlenmedik hyzmatlar üçin 40 milliard Özbek somy (şol wagt 5 million amerikan dollary) möçberinde karz şertnamasyna gol çekdi. ÖzbekHydroEnergonyň 2018-nji ýyldaky ýyllyk hasabatynda Turonbank bu karzda kontragent hökmünde hasaba alyndy.
Şowwozsoý suw howdanynyň gurulýan döwründe “Gidromaksuskuriliş” we “Topalang HPD Holding” bilen baglaşylan we ÖzbekHydroEnergonyň 2018-nji ýyldaky ýyllyk hasabatynda sanalan şertnamalar jemi 309,4 milliard Özbek somyna (şol wagt 38,7 million dollar) barabar boldy.
Ýlyllyk hasabatda bu şertnamalar bilen baglanyşykly hyzmatlaryň häsiýetiniň kesgitlenmeýänligi sebäpli, şertnamalaryň Şowwozsoý suw howdany bilen baglanyşyklydygyny doly tassyklap bolmady.
Ýurduň ähli kanallaryna we suw howdanlaryna gözegçilik edýän Özbegistanyň Suw serişdeleri ministrliginiň metbugat sekretary Şowwozsoý suw howdanynyň ministrligiň howandarlygynda däldigini aýtdy.
“Daşkent sebitinde iki sany suw howdanymyz bar. Biri Daşkent [suw howdany], beýlekisi Ohangaron suw howdany "-diýip, metbugat sekretary ýazmaça jogap berdi. "Isleseňiz, bu iki suw howdany barada maglumat berip bileris".
Ministrligiň web sahypasynda, şeýle hem Milli geodeziýa we kartografiýa merkezinde Şowwozsoý suw howdanyny gözlemek işi hiç hili netije bermedi.
Şeýle hem suw howdany BMG-nyň Ýewropanyň Ykdysady Komissiýasynyň Özbegistanda daşky gurşawy goramak boýunça alyp barýan işleri baradaky 2020-nji ýyla degişli hasabatynda hem agzalmaýar.
Özbegiýanyň hökümeti tarapyndan berlen maglumatlara esaslanýan hasabatda Suw serişdeleri ministrliginiň 2017-18-nji ýyllarda Şowwozsoý suw howdanynyň gurlan wagtynda suwy ýörite ulanmak üçin hiç hili rugsat bermändigi aýdylýar.
Özüni Topalang Suw Gurluşygynyň baş hasapçysy diýip tanadan bir adam, kompaniýanyň Şowwozsoý suw howdanynyň “baş potratçysy” bolup hyzmat edendigini, ýöne taslama bilen baglanyşykly islendik soragyň Özbegistanyň Demirýollarynyň Paýtagt gurluşyk bölümine berilmelidigini aýtdy.
“Olar desganyň eýeleri. Bu barada size haýsydyr bir maglumat beriljekdigine ynam ýok, sebäbi bu gaty strategiki bir obýekt "-diýip, adynyň Haýtmurod Hasanowdygyny aýdan adam telefon söhbetdeşliginde žurnalistlere aýtdy.
"Strategiki obýekt" diýmegiň nämäni aňladýandygy soralanda Hasanow: "Bu zatlary size aýdyp biljek däl" -diýdi.
Sardobanyň netijeleri
Şowwozsoý zolagyny gözden geçiren bir adam, bendiň 70 metr beýikdigini we suw howdanynyň göwrüminiň 50-60 million kub metrdigini görkezýän resminamalary görendigini aýtdy, ýöne žurnalistler muny tassyklap bilmediler.
Bir-birinden garaşsyz iki çeşme bentiň 2019-njy ýylda suw syzdyrandygyny Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtdy.
"Şowwozsoýda suwuň syzmagy Sardobadan öň bolupdy we bu hakykatda belli bir derejede ýetip gelýän betbagtçylygyň alamatydy" -diýdi.
Şowwozsoý zolagyndan 18 km aşakda ýerleşýän Tut obasynyň ýaşaýjylary, olaryň durmuşyny bozan diňe bir suw howdany däldigini aýdýarlar.
Olaryň aýtmagyna görä, dynç alyş zolagyna barýan ýoly giňeltmek üçin onlarça jaý ýykylyp, öri meýdanlar konfiskasiýa edilipdir.
Tut şäheriniň bir ýaşaýjysy: "Oba adamlary üçin ýeke-täk girdeji çeşmesi maldarçylykdyr" -diýdi. "Bu, bizden alyndy, sebäbi öri meýdanlar galmady".