Gurbonow maşgalasy onlarça ýyl bäri Özbegistanyň Çatkal daglaryndaky ajaýyp jülgäniň goragçylary hökmünde tanalýardy, olar Şowwozsoý derýasynyň kenaryndaky öýüniň töweregine müňlerçe agaç ekdi.
"Olaryň tebigaty goramak üçin eden işleri hakykatdanam gahrymançylyk" diýip, ýerli weteranlar bileleşiginiň wekili 2014-nji ýylda ýerli gazete aýtdy. "Sansyz agaçlary - derek, hoz, arça daragtlaryny görýärsiňizmi? Gurbonowyň ogullary her ýyl 1000-1500 agaç ekýärler! Olar ideýärler, suwarýarlar, bu agaçlaryň hemmesini goraýarlar!”
Maşgala başy Boýmok Gurbonow 2000-nji ýylda 88 ýaşynda aradan çykdy. Emma onuň aýaly Turdigul we 10 ogly Günbatar Týan-Şen ýurtara dag gerşiniň bir bölegi bolan we UNESKO tarapyndan goralýan giňişligiň golaýynda agaç ekmegi we ideg etmegi dowam etdirdiler. Dag gerşi 2016-njy ýylda UNESKO tarapyndan miras hökmünde kesgitlendi.
Ýöne 2017-nji ýylyň iýun aýynda Turdigul Özbegiýanyň mejlisine we Prezident Şawkat Mirziýoewe resmi şikaýat bilen ýüz tutdy we sebitiň baý biologiki dürlüligini resmileriň äsgermeýändigini aýtdy.
Täze bentiň we ýollaryň gurulmagy, sebitdäki beýleki gurluşyklar bilen birlikde, “müňlerçe ýyl bäri ösüp gelýän arça we ülja, gaýyň, tut we leýlisaç ýaly agaçlaryň ýok bolmagyna sebäp bolýar” diýip, 93 ýaşly Turdigul şol wagt eden ýüzlenmesinde ýazypdyr.
Turdigul ýerli resmileriň we milli demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň olary öz ýerlerinden kowmaga synanyşýandyklaryny aýtdy.
“Biz ömrümiziň dowamynda bu sebitiň hossarlary bolduk. Bu ýere hyzmatymyzy we zähmetimizi siňdirmesek, oňa weýran bolmak howpy abanýar"- diýdi.
Onuň haýyşy netije bermedi: ýedi hepdäniň içinde Gurbonowlaryň öýi we hojalyk jaýlary täze gurluşyklara ýol açmak üçin ýykyldy: dag dynç alyş zolagynyň we onuň bilen ýanaşyk suw howdanynyň maksady we maliýe çeşmesi gizlinlikde saklanýar.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan geçirilen derňew täze şypahananyň 2017-18-nji ýyllarda Mirziýoewiň ulanmagy üçin gurlandygyny ýüze çykardy. Taslama bilen tanyş bolan birnäçe çeşme, onuň umumy bahasyny, şol sanda golaýdaky suw howdanynyň nyrhyny birnäçe ýüz million dollar diýip çaklady.
Turdigul Gurbonowanyň 2017-nji ýyldaky arzasy gurluşyklaryň adamlara ýetiren täsiriniň hem üstüni açýar, oba ýaşaýjylary özleriniň suw üpjünçiliginiň hem kesilendigini aýdýarlar.
Ýöne bu, ýerli ýaşaýjylaryň Mirziýoewiň rezidensiýalarynyň resmi sanawyna goşulmadyk we hökümet tarapyndan köpçülige hiç hili maglumat berilmedik bu kurortyň gurluşygynyň başlangyç döwürleri barada az sanly maglumatlaryň käbirini hödürleýär.
Şeýle-de, şikaýat Turdigulyň resmilere ýüzlenmeginden dört ýyl töweregi wagt geçensoň, çeşmeleriň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna mälim eden ýagdaýlaryň jikme-jikliklerini tassyklaýar.
‘Uly weýrançylyk getirdi’
Onýyllyklaryň dowamynda gurlan Gurbonow maşgalasynyň öýi 43000 gektarlyk döwlete degişli Ugam-Çatkal biosfera goraghanasynyň günorta çetinde Şowwozsoý derýasynyň kenarynda ýerleşýärdi.
“Ýakyn wagta çenli bu sebitde çopanlaryň bir maşgalaly öýleri bardy. Ýetginjek wagtymyz yşgyn çöplemek üçin şol depelere çykýardyk "- diýip, bu sebitde işlän öňki çopan Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtdy.
Ol Gurbonow maşgalasynyň başy Boýmokyň "bu sebitiň her bir bölegine 70 ýyldan gowrak wagt bäri ideg edýändigini", bu ýeri "gizlin jennete" öwürmek bilen müňlerçe derek, alma we armyt agaçlaryny oturtandygyny aýtdy.
Maşgalanyň behişt bagy 2017-nji ýylyň başynda, bu ýerde kurort gurmak meýilnamalary durmuşa geçirilip başlansoň howp astyna düşdi.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna habar beren ençeme çeşmä görä, bu işiň amal edilmeginde Mirziýoewiň häzirki birinji wise-premýeri we şol wagt döwlet tarapyndan dolandyrylýan Özbegistanyň demirýolunyň başlygy bolan Oçilboý Ramatow möhüm rol oýnapdyr.
Premýer-ministr Abdulla Aripow 2018-nji ýylyň maý aýynda çykaran karary bilen täze döredilen Ugoam-Çatkal döwlet biosfera goraghanasyna gözegçiligi kompaniýa berdi we Ramatowa oňa şahsy gözegçilik etmegi tabşyrdy. Ýöne çeşmeler birnäçe ýyl ozal Ramatowyň Mirziýow üçin gurljak şypahana üçin ýerde awçylar öýüni gurandygyny öňe sürýärler.
Turdigulyň şikaýaty, Ramatowyň sebitde aw awlamak bilen baglanyşykly işleri baradaky maglumatlary tassyklaýar.
Ramatow we iki ýoldaşy "islendik wagt ýabany haýwanlary awlaýar we tebigata uly zyýan ýetirýär" diýip ol ýazdy.
"Olara beýle hukugy kim berdi?" diýip Turdigul ýazýar.
Ramatow düşündiriş bermek haýyşa jogap bermedi. Turdigulyň şikaýatynda agzalan şärikleriň biri Izzat Toşboýewiň ýerli tokaý gözegçisi bolup işleýändigi çeşme Azatlyk Radiosyna aýtdy. Turdigulyň şikaýatynda agzalan ikinji adam Ramatowyň ýoldaşy Rawşan Faýzullaýewdi. Beýle atly adam Özbegistanyň demirýollarynyň bölüm müdiri bolup işleýär, bu barada kompaniýanyň Daşkent şahamçasynyň web sahypasynda habar berilýär. Bu barada ne Faýzullaýewden, ne Toşboýewden düşündiriş alyp boldy.
Turdigulyň öz şikaýatynda ýazyşy ýaly, haýwanlara ýetirilen zyýan diňe bir awçlyk bilen çäklenmändir.
"Gurluşyk işleri we beýleki aşa hereketler ýabany tebigaty biynjalyk edýär we asudalygy bozýar, esasanam haýwanlaryň köpelýän möwsüminde".
Zenan, gurluşyk döwründe bu ýerde işlän bir gurluşykçynyň sözlerine görä, kurorta baryp gören Mirziýoewy “ekilen we ýabany ösýän agaçlaryň ýok edilmegini bes etmäge” we ýerli ýabany tebigaty “gurluşyk” sebäpli ýüze çykýan seslerden goramaga çagyrypdyr”.
"Näme üçin ýolbaşçylarymyz daşary çykyp, ýagdaýyň nähili erbetdigini özleri görmeýärler" - diýdi.
Mirziýoewiň edarasy Turdigulyň arzasy barada düşündiriş bermek haýyşyna jogap bermedi.
‘Ýitirim bolmak’
Şeýle hem Turdigul, Özbegistanyň demirýollarynyň bu sebitdäki “işleriniň” Şowwozsoý kurortynyň gurluşygy wagtynda ýerli ýaşaýjylaryň nägileligini döredýändigini aýtdy.
Kompaniýa "böwetleri goýdy we bize ýol bermeýär" - diýdi.
Ol maşgalasynyň 2017-nji ýylyň 25-nji fewralynda Daşkent sebit administrasiýasynyň karary esasynda öz emläginden zor bilen çykarylýandygyny aýtdy. Bu kararyň çap edilen görnüşini žurnalistler tapyp bilmediler we Daşkent sebit administrasiýasy düşündiriş bermek haýyşyna jogap bermedi.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy Özbek hökümetiniň Gurbonow maşgalasyna olaryň emläginiň öwezini dolmak üçin beren kompensasiýasynyň mukdaryny ýa-da görnüşini tassyklap bilmedi.
Maşgalanyň wekili bu mesele barada söhbetdeşlikden ýüz öwürdi.
Ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy Mirziýewiň hökümetini “zor bilen kowulan öý eýeleriniň, ýaşaýjylaryň we telekeçileriň mejbury göçürilmegi sebäpli olaryň ýitiren emlägi we çekilen çykdajylary üçin adalatly we ýeterlik kompensasiýany üpjün etmäge çagyrdy.
2017-nji ýylyň 20-nji iýunynda - Turdigulyň şikaýatyndan üç hepde geçmänkä, Özbek hökümetiniň baş proýekt-barlag instituty, “Baştransloyiha” guramasynyň öz maglumatyna görä, Ramatowyň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan demirýollary üçin iş taslamasyny taýýarlamaga razy boldy. Resminamada taslama “Şowwozsoý tokaýlygynyň çäginde dynç alyş zolagynyň gurluşygy” hökmünde häsiýetlendirilýär. Bu Gurbonow maşgalasynyň onlarça ýyllap ýerli ekologiýa hemaýat eden ýerleridir.
Şol gün, birnäçe ýerli çeşmäniň habaryna görä, Gurbonow maşgalasy öýlerinden çykaryldy.
Ýolda böwetler dikilip, howpsuzlyk işgärleri tarapyndan goralýan bu sebit häzirki wagtda köpçülik üçin elýeterli bolmasa-da, žurnalistler maşgalany tanaýan ýerli çeşmeleriň kömegi bilen maşgalanyň emläginiň ýerleşişini şekillendirip bildiler.
Olaryň esasy öýi, maşgala agzalary üçin goşmaça ýaşaýyş jaýlary we mallar üçin ýataklar hem hojalyk jaýlary bardy.
2016-njy ýylda alnan satellit suratlarynda binalaryň Sarisuýunsoý we Çotisoý dag çeşmeleriniň we Şowwozsoý derýasynyň goşulyşýan ýerinde bir ajaýyp oazisiň arasynda durandygyny görüp bolýar.
Çeşmeler 2017-nji ýylyň 22-nji iýulynda Gurbonowlaryň göçürilendigini aýdýarlar, bir wagtlar maşgalanyň emlägi bolan ähli binalar ýok edildi.
Bir ýyldan soň bolsa, suw howdanynyň düýbünde galdy.