Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan geçirilen we hökümete degişli gizlin dag desgasynyň Özbegistanyň prezidenti Şakat Mirziýoew bilen baglanyşygynyň üstüni açýan derňew, proýekt bilen tanyş bolan birnäçe çeşme bilen geçirilen söhbetdeşliklere we subutnamalara esaslanýar we garaşsyz aktiwist tarapyndan alnan toplanan maglumatlar bilen tassyklanýar.
Mirziýoewyň ýa-da onuň administrasiýasynyň ýol böwetleri we howpsuzlyk işgärleri tarapyndan köpçülikden gizlin saklanýan bu desga bilen baglanyşygyny görkezýän açyk maglumatlar gaty az.
Gurluşyk meýdançasynda işlän adamlar şol ýere baranlarynda öz telefonlarynyň konfiskasiýa edilendigini aýtdylar we žurnalistler Mirziýoewi şol mülkde görkezýän suratlaryny tapyp bilmediler. Desganyň gurluşygyna degişli kagyzlaryň yzy, bu goralýan ýere gözegçilik edýän we gurluşygynyň alyp baryjysy döwlet eýeçiligindäki Özbegistan demirýollaryna eltýär.
Ýöne kagyz ýüzünde “Şowwozsoý dynç alyş zolagy” diýlip atlandyrylýan bu desganyň Mirziýoewiň ýaşamak üçin ulanýan beýleki ýerleri bilen meňzeşligi we onuň Özbegiýanyň hökümeti üçin ähmiýetini görkezýän bir aýratynlygy onuň uçuş üçin gadagan edilen zonada ýerleşmegi bilen bagly.
Azatlyk Radiosynyň Özbeg Gullugy we Waşingtonda ýerleşýän kommersiýa däl gözleg topary C4ADS tarapyndan geçirlen howa giňişligini dolandyrmak baradaky maglumatlaryň we düzgünleriň seljermesine görä, uzakdaky dag jülgesi Özbegiýanyň hökümeti tarapyndan uçuş üçin gadagan edilip kesgitlenen howa giňişliginiň alty zonasynyň birine girýär.
Özbek hökümetiniň dekabr aýynda täzelenen resmi awiasiýa maglumatlary neşiriniň habaryna görä, Şowwozsoý diýlip atlandyrylýan sebitde ýerleşýän dag jülgesinden başga-da, uçuş gadagan edilen zolaklaryň çäginde ýerleşýän bäş sany zonada prezidentiň rezidensiýasy ýerleşýär.
Gadagan edilen howa giňişligi bolan bir zona, Mirziýoewiň rezidensiýalarynyň biriniň ýerleşýän sebiti öz içine almaýar. Emma muňa Özbegistanyň ýadro fizika instituty girýär.
Bu alty zonanyň hersine “P” harpyndan başlap elipbiý boýunça kod berilýär. Özbek raýat awiasiýa gullugynyň işgäri žurnalistlere "P" zolaklarynyň Goranmak ministrligi tarapyndan döredilendigini aýtdy.
“Radiuslar adatça iki-bäş kilometre çenli uzaýar. Köplenç ol ýerlerde prezidentiň rezidensiýalary ýerleşýär, ýadro institutynyň ýerleşýän Ulugbek [şäherçesinden] başgalary"-diýip işgär aýtdy.
“Uçarlara bu howa giňişliginden diňe adatdan daşary howa şertlerinde geçmäge rugsat berilip bilner. Ýogsa, uçmak düýbünden gadagan edilýär"- diýip işgär aýtdy.
Ine, Özbegistanyň uçuş üçin gadagan diýip kesgitlän alty howa zonasy şulardan ybarat.
Bu gadagançylyk astyndaky howa giňişliginiň merkezi, dag gerişleriniň bir böleginde, iki dikuçar meýdançasyndan 200 metrden gowrak we çeşmeleriň Mirziýoewiň ulanmagy üçin gurlandygyny aýdýan köşkden 350 metr uzaklykda ýerleşýär.
Uçuş üçin gadagan edilen howa giňişligi, şol ýerden iki kilometr radiusy emele getirýär we toplumy doly öz içine alýar. Daş-töwerekde diňe az ilatly obaly bu daglyk ýeri uzaklygy bilen tapawutlanýar.
Žurnalistler Şowwozsoý kurortynda uçuş üçin gadagan edilen zolagyň haçan döredilendigini anyklap bilmediler. (Özbegistan Demirýollarynyň bir müdiri kurortyň gurluşygynyň "gizlin" kategoriýa degişlidigini aýtdy.) [CROSSLINK TO SIDEBAR #2] Özbegistanyň Awiasiýa Maglumat Gullugy düşündiriş sorap edilen haýyşa jogap bermedi.
Täze gurlan suw howdanyny öz içine alýan we çeşmelere görä, bahasy birnäçe ýüz million dollara barabar bolan kurortyň gurluşygy 2017-nji ýylda başlandy we ondan soňky ýyl tamamlandy.
Zolakdaky dikuçar meýdançasynyň ilkinji sputnik suratlary 2017-nji ýylyň ýanwar aýyna we 2018-nji ýylyň oktýabr aýyna degişli, ýerli resmi bu ýere dikuçaryň barýandygyny Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren interwýusynda belläp geçdi.
Bu gadagançylykly howa giňişligi, merkezden iki kilometr radius bilen, Daşkent sebitiniň Bostanlyk etrabynyň 256 gektarlyk Burçmulla tokaý zolagynda ýerleşýän Mirziýoewiň Kaýnarsoý rezidensiýasynyň çägini öz içine alýar. Bu rezidensiýa Mirziýoewden öňki 2016-njy ýylda aradan çykan awtoritar prezidenti Yslam Karimowyň şäheriň daşyndaky esasy dynç alyş ýeri bolupdy.
Rezidensiýa Özbegiýanyň premýer-ministri Abdulla Aripowyň 2019-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran kararyna laýyklykda prezident administrasiýasynyň ygtyýaryndadyr.
Mirziýowyň Kaynarsoý rezidensiýasyndan näçe wagt peýdalanýandygy belli däl. 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda ol rezidensiýasyna Özbegistana resmi sapar bilen baran Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka bilen bile barypdy.
Lukaşenkanyň ýanyndaky döwlete degişli Belta habar gullugynyň habarçylary Týan Şanyň etegindäki Çarwak suw howdanynda deňiz derejesinden 900 metr beýiklikde ýerleşýän Kaýnarsoý toplumynda dikuçar we gaýyklar üçin ýörite portuň bardygyny habar berdiler.
Kaýnarsoýyň golaýyndaky sebitiň ýaşaýjylary rezidensiýa barýan ýollaryň henizem halk üçin ýapykdygyny we emlägiň berk goralýandygyny aýtdylar.
2017-nji ýylda Daşkentiň Kibraý etrabynyň Baýtkorgon böleginde Mirziýoew üçin täze rezidensiýa gurmak we oňa barýan ýollary giňeltmek üçin onlarça öý ýykyldy. Bu barada AÝ/AR Özbek gullugy şol wagt habar berdi.
Baýtkorgon rezidensiýasy Aripowyň 2019-njy ýylyň mart aýyndaky kararynda görkezilen rezidensiýalaryň resmi sanawyna goşulmaýar. Ýöne oňa degişli uçuş üçin gadagan edilen howa giňişligi, hökümetiň emläge berýän ähmiýetini görkezýär.
Žurnalistler Daşkentiň Mirzo-Ulugbek etrabynyň çäginde ýerleşýän Ulugbek ýerindäki uçuş gadagan edilen howa giňişliginde Mirziýoew bilen baglanyşykly hiç bir rezidensiýany tapyp bilmediler. Uçuş gadagan edilen zonasy Özbegistanyň ýadro fizika institutyny öz içine alýar.
Uçuş gadagan edilen bu zona, Daşiment sebitiniň Kibraý etrabynda iki sany prezident rezidensiýasyna gabat gelýär, ölmezinden ozal Karimow olary özüniň esasy rezidensiýasy hökmünde ulanypdy.
Mirziýoew 2500 inedördül metrlik Dormon rezidensiýasy diýlip tanalýan bu köşki ulanmakdan saklandy we munuň sebäbini köpçülige hiç wagt aýan etmedi. Munuň ýerine Mirziýoew özüniň esasy rezidensiýasy we daşary ýurtly resmileri kabul edýän ýeri bolan Koksaroý diýlip atlandyrylýan köşgüniň täzelenen Özbegistanyň Senatynyň binasynda işledi.
Iki emläk hem Aripowyň 2019-njy ýylyň mart aýyndaky kararynda görkezilen prezident rezidensiýalarynyň sanawyna girizildi.
Mirziýoewiň Dormon we Koksaroý köşklerinden bäş kilometr gündogarda gurlan täze rezidensiýasy hem bardy. Mirziýoewiň 2017-nji ýylyň 24-nji iýulynda doglan gününiň öňüsyrasynda Korasuw rezidensiýasy diýlip atlandyrylýan emläge göçendigi habar berildi.
Bu Özbegistanda iň güýçli gadagançylykly howa giňişligi bolup, Daşkenti tas tutuşlugyna merkezi nokatdan 10 kilometrlik radiusy we Mirziýoewň Korasuw rezidensiýasynyň köp bölegini öz içine alýar.
Bu zonada diňe Mirziýowyň karary bilen 2017-nji ýylyň maýynda Karimowyň ady dakylan Daşkentiň halkara aeroportundan gatnaýan üçarlar üçin gatnamaga rugsat berilýär. Uçuş gadagan edilen bu zonasy Özbegistanyň hökümetiniň Aeronawigasiýa maglumatlary neşriniň desganyň infrastrukturasy hakynda jikme-jik maglumat berýän ýeke-täk giňişlikdir. Onda Daşkentiň howa menzili agzalýar, ýöne Korasuw rezidensiýasy agzalmaýar.