Daşkentli 50 ýaşly aktiwist Alekseý Garşin, 2018-nji ýylyň aýagynda aw awlamaga höwesjeň ýoldaşynyň tokaý belentliginde Özbegiýanyň prezidenti Şawkat Mirziýow üçin gurlan gizlin dynç alyş zolagy hakda gürrüň berendigini ýatlaýar.
Ol ýerli ýaşaýjylaryň onuň göwrüminiň we bahasynyň ýönekeý bir öýüňkiden has ýokarydygyna garamazdan, özbek prezidentiniň “daçasy” diýip atlandyrýan bu şypahanasy sebäpli, häkimiýetleriň binanyň gurlan Şowwozsoý diýlip, atlandyrylýan ýeriniň daşyny ýapyp goýandygyny eşitdi.
"Men munuň näderejede hakykydygyny anyklamak üçin 2019-njy ýylyň dekabrynda Şowwozsoýa gitdim" - diýip Mirziýoewi ýiti tankytlap, YouTube arkaly yzygiderli wideo ýerleşdirýän Garşin Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna gürrüň berdi.
Ol awçy ýoldaşy bilen bir ulaga münüp, takmynan 100 km uzaklykda, prezidente degişlidigi aýdylýan dag gerşine tarap ýola düşdüler we ýol ugruna gören zatlaryny surata aldylar.
Olar gidişine, kiçijik Krasnogorsk şäherinden çykansoň, myş-myşlaryň iň bolmanda biriniň dogrudygyny görkezýän ilkinji subutnama bilen ýüzbe-ýüz boldular: barlag nokadynda howpsuzlyk işgärleri "giriş ýok" diýilýän belgini görkezdiler we olardan yzyna dolanmagy talap etdiler.
Garşin we onuň dosty näme üçin ýoluny dowam etdirip bilmeýändikleri barada iki garawuldan soradylar. Bir pursatda sakçylaryň biri özbek dilinde beýlekisine: “Goýbersek olaryň näderejede uzak gitjegi belli däl. Ola atamyzyň daçasynyň bardygyny aýt"- diýdi.
Özbekleriň köpüsi prezidente “ata” diýýärler.
Beýleki garawul Garşine we onuň dostuna: “Ýigitler, gidiň. Bu sebit…. Men size aýdaryn. Bu sebit goralýandyr. Näme üçin? Sebäbi ol ýerde, depelerde daça bar” diýdi. Garşin şeýle jogap berýär: “Eşitdik. Hormatly prezidentimiziň daçasy". Garawul: "Hawa, hawa" diýip jogap berýär.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan geçirilen derňewde, Şowwozsoý dynç alyş zolagyny gönüden-göni bilýän köp çeşme onuň Mirziýoewiň ulanylmagy üçin gurlandygyny aýdýar, çeşmeleriň üçüsi onuň bahasynyň takmynan birnäçe ýüz million dollara barabardygyny öňe sürýär.
Taslama üçin meýilnamalar 2017-nji ýylyň fewral aýynda, ýagny Mirziýoewiň awtokrat diktator Yslam Karimow öleninden soň presidentligi kabul tmeginden iki aý geçensoň işlenip başlady. Mirziýoew aç-açanlygy gazanmagy we adam hukuklaryny goramagy wada beripdi.
Zolagyň gurluşygy, şol sanda ýanaşyk suw howdany hakda hiç hili maglumat ýok diýen ýaly. Bu Mirziýoewiň resmilere guşaklaryny berk guşamagy we salgyt töleýjileriň pullaryny tygşytly ulanmagy tabşyran wagtynda boldy.
Garşiniň Şowwozsoý şypahanasynyň töweregindäki syryň üstüni açmak ugrundaky tagallalary YouTube kanalynda çap bolan iki sany wideoda beýan edildi: biri 2019-njy ýylyň dekabrynda gözegçilik nokadynda tamamlanan syýahatyna, beýlekisi bolsa 2020-nji ýylyň noýabr aýynda binanyň gurluşygyna gatnaşýan kompaniýalara degişli boldy.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy Garşiniň diňe iki wideosyny tapdy we gizlin dynç alyş zolagy barada adynyň aýdylmazlygy şerti bilen çykyş eden köp sanly çeşme bilen gürrüňdeş boldy. Çeşmeler iş berijileriň ýa-da häkimiýetleriň jezalandyrmagyndan howatyrlanyp, anonym şertlerde gürledi.
Garşiniň Şowwosoý jülgesi baradaky derňewleri ençeme çeşmäniň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren jikme-jik maglumatlaryna gabat gelýär.
Gizlin ‘syr’
Häkimiýetleri tankytlaýandygy sebäpli WhatsApp arkaly haýbatly habar alandygyny aç-açan aýdýan Garşin, Şowwozsoý dynç alyş zolagyna näçeräk döwlet pulunyň sarp edilendigini we gurluşygynyň haýsydyr bir kanunlary bozandygyny anyklamak kararyna gelendigini mälim etdi.
Ol sebitiň gapdalyndaky bendiň 2019-njy ýylyň bir wagtynda syzandygy barada eşidendigini we munuň Özbegistanyň gündogaryndaky Sirdaryo sebitindäki Sardoba bendiniň ýarylmagyndan we alty adamyň ölmegine, on müňlerçe adamyň öýsüz-öwzarsyz galmagyna sebäp bolmagyndan bir ýyl öň ýüze çykandygyny aýdýarlar.
“Prezident daçasy üçin ýörite suw howdanynyň gurlandygy we Sardoba ýykylmazyndan ozal bendiň syzandygy barada bir şaýatdan eşidenimden soň, Özbegistanyň raýaty hökmünde suw howdany we daça barada maglumat almak üçin gurluşyk kompaniýalaryna jaň edip başladym" diýip ol aýtdy.
Garşin, kurortyň ýerleşýän ýerine gözegçilik edýän döwlet eýeçiligindäki Özbegistan Demirýol kompaniýalaryna, şeýle hem Sardoba bendiniň gurluşygyna gatnaşan Abdugani Sanginowyň baştutanlygyndaky “ÖzbekHidroEnergo” guramasyna birnäçe gezek jaň etdi.
Sanginow we Özbegistanyň demirýolunyň öňki başlygy häzir premýer-ministriň birinji orunbasary Achilboý Ramatow Mirziýoewiň wepaly ýaranlary. Çeşmeler ikisiniň hem, şeýle-de olaryň goly astyndaky kompaniýalaryň Şowwozsoý kurortynyň gurluşyk planlaryna gatnaşandygyny Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtdylar.
Garşin žurnalistlere bu kompaniýalara eden jaňlarynyň audio ýazgylaryny berdi, böleklerini YouTube wideosynda ýerleşdirdi.
Onuň Şowwozsoý suw howdanyny kimiň gurandygy barada jogap gözlemek üçin “ÖzbekHidroEnergo” guramasyna birnäçe gezek jaň edip geçiren barlaglary, 2020-nji ýylyň maý aýynda ýarylan Sardoba bendiniň gurluşygyna gatnaşan we Sanginowyň ogluna degişli “Topalaň” atly suw gurluşyk hususy kompaniýasyna alyp bardy.
Ses ýazgyda özüni kompaniýanyň baş hasapçysy diýip tanadan bir adam, Garşine “Topalaň” suw gurluşyk kompaniýasynyň hakykatdanam Şowwozsoý suw howdanyny gurandygyny aýdýar. Emma ol taslamanyň bahasyny aýan etmekden saklandy.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň geçiren derňewine görä, “UzbekHydroEnergo” guramasynyň 2018-nji ýyldaky hasabatynda, suw howdanynyň gurulýan döwründe “Topalaň” suw gurluşyk boýunça esasy kompaniýasy bilen birnäçe şertnamanyň baglaşylandygy görkezilýär, emma olaryň jikme-jikleri berilmeýär.
ÖzbegHydroEnergo Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren beýanatynda Şowwozsoý suw howdanynyň gurluşygyna, gözegçiligine ýa-da işine dahylly däldigini aýtdy. Žurnalistler tarapyndan tapylan maliýe hasabaty, ÖzbekHydroEnergo kompaniýasynyň şahamçasynyň Şowwoszoý zolagynda eňňitleriň durnuklylygy boýunça hasap geçirendigini görkezýär.
2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Özbegistanyň demirýollaryna jaň eden Garşin, özüni Tulýaganhojaýew familiýasy bilen tanadan we öz wezipesini kompaniýanyň paýtagt gurluşyk müdirliginiň baş hünärmeni diýip görkezen bir adam bilen gürleşdi.
Garşiniň dag kurortyny kimiň gurdurandygy barada beren soragyna jogap beren adam öz müdirliginiň Şowwozsoý tokaýdaky dynç alyş zolagynyň gurluşygyna jogapkärdigini we gurluşygyň "ministrler kabinetiniň" karary esasynda amala aşyrylandygyny aýtdy.
Ol desgany hiç kimiň ulanmaýandygyny we "şu maksat bilen resminamalaryň taýýarlanýandygyny" aýtdy.
Soňra Garşin kompaniýanyň işgärine: "Bu desganyň jenap Mirziýoewiň şahsy zerurlyklary üçin gurlandygy hiç kim üçin syr däl" - diýdi.
Telefonda gürleşen adam şeýle jogap berýär: “Hawa, muny bilýän bolsaňyz gerek. Biziň halkymyz gaty gowy adamlar. Olar gizlin zatlar hakda köp bilýärler”
Garşin dynç alyş zolagyny gurmak üçin näçeräk çykdajy edilendigini soranda, Özbegistanyň demirýollarynyň resmisi bu sanlary aýan edip bilmejekdigini aýtdy.
Ol "gozgalmaýan mülk gizlin bir resminama laýyklykda guruldy" - diýdi.
Özbegistanyň demirýollaryndan Tulýaganhojaýew bilen gepleşmek boýunça synanyşyklar şowsuz boldy. Ol ýerde telefona jogap beren bir aýal, onuň 2020-nji ýylyň ahyryndan bäri kompaniýada işlemändigini aýtdy, ýöne sebäbini agzamakdan saklandy we kadrlar bölümine salgy berdi.
Özbegistanyň demirýollarynda telefon arkaly habarlaşan başga bir adam Tulýaganhojaýewiň pensiýa çykandygyny aýtdy, ýöne ýaşyny bermekden ýüz öwürdi. Kompaniýanyň kadrlar bölümine edilen jaňlar jogapsyz galdy. (Tulýaganhojeýewi sorap edilen jaňlaryň netijelerini goşmaly.
Garşin, Mirziýoewe we onuň ýakyn ýaranlaryna kurort gurmak üçin şeýle uly giňişligi halk köpçüliginden ýapmagyň konstitusiýa laýyk gelmeýändigini aýdýar.
"Bu binalaryň gurluşygy üçin tölän salgyt töleýjiler öz maşgalalary bilen on müňlerçe gektarlyk tokaýda dynç almak mümkinçiliginden mahrum edildi"- diýip Garşin Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtdy.
Özbegiýanyň konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda "ýer, minerallar, haýwanat we ösümlik dünýäsi hem beýleki tebigy baýlyklar milli baýlygy emele getirýär we döwlet tarapyndan paýhasly ulanylar hem goralýar" diýilýär.
Mirziýoýewiň ofisine, Özbegistanyň demirýollaryna, “ÖzbekGidroEnergo” we “Topalaň” suw gurluşyk edarasyna düşündiriş almak üçin edilen ýüzlenmeler jogapsyz galdy.