Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňky Özbegistanyň ikinji lideri hökmünde kasam kabul edeninden bir aý soň, prezident Şawkat Mirziýoew Mejlisiň bilelikdäki mejlisinde Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdunyň ýagdaýy barada çykyş etdi.
2017-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda eden ýüzlenmesinde 63 ýaşly Mirziýoew adam hukuklaryny goramak, aç-açanlyk we korrupsiýa garşy tagallalar barada durup geçdi, ol bu meseleleri öz imijini we dolandyryş usulyny özünden öňki awtoritar lider 2016-njy ýylda aradan çykan Yslam Karimowdan uzaklaşdyrmak üçin aç-açan ençeme gezek wagyz etdi.
Mirziýoew maliýe jogapkärçiligi meselesini hem gozgady.
“Puly nädip hasaplamalydygyny men gowy bilýärin. Döwlet býujeti çäksiz däl, şonuň üçinem ony belli bir maksatlar üçin paýhasly ulanmalydyrys. Bular hemmeler üçin aç-açan we jedelsiz hakykatdyr. Ýurduň we halkyň baýlygyna seresaplylyk bilen garamaly "- diýip Mirziýoýew aýtdy.
Şeýle-de bolsa, bu çykyşdan birnäçe hepde soň Özbegistanyň döwlet eýeçiligindäki kompaniýalary hökümetiň salgyt töleýjileriniň serişdelerini paýhasly we aç-açan ulanmak borjuny ýerine ýetirişini sorag astyna goýýan gizlin proýekte başlady: Mirziýoewiň ulanmagy üçin taýsyz dag desgasy we suw howdany guruldy.
Dynç alyş toplumy, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan geçirilen köpugurly derňewiň üns merkezine düşdi. Özbek gullugy goralýan biosfera goraghanasynda ýerleşýän we köpçülikden ýol böwetleri we howpsuzlyk işgärleri tarapyndan ýapyk saklanýan bu toplumyň gurluşygyna we maliýeleşdirilmegine gönüden-göni gatnaşan ýa-da habarly bolan çeşmeleriň ençemesi bilen gürleşdi.
Häkimiýetleriň ýa-da iş berijileriniň jezalandyrmagyndan gorkup, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen çykyş eden bu çeşmeler Daşkentden awtoulag bilen takmynan 100 km uzaklykda ýerleşýän bu toplumda Mirziýoew we onuň garyndaşlary üçin gurlan kaşaň köşküň bardygyny aýtdylar. Iki çeşme gurluşygyň bahasyny birnäçe ýüz million dollar diýip çaklady, ýöne köpçülige elýeterli açyk resminamalaryň diňe käbirinde 2019-njy ýyla çenli tamamlanan desga we ýanaşyk suw howdanyna degişli maglumat bar.
- Derňew, Mirziýoewiň edarasy tarapyndan soraglara jogap berilmedik hem bolsa şeýle ýagdaýlaryň üstüni açýar:
- Dag toplumy Özbegistanda uçuş gadagan edilen alty zonanyň birine girýär.
- Özbek hökümeti suw howdany ýa-da onuň maksady barada hiç wagt köpçülige düşündiriş bermedi.
- Gurluşyk işgärleriniň bu ýere girmezden ozal jübi telefonlary konfiskasiýa edildi, habarçylar toplumyň ýerden edilen ýekeje suratyny hem tapyp bilmediler.
- Proýekte gözegçilik eden milli demirýol kompaniýasynyň müdiri bir özbek aktiwistine bu binanyň gurluşygynyň “gizlin” kategoriýa degişlidigini aýtdy.
Şeýle-de, derňew proýektiň adamlaryň ykbalyna ýetiren täsiriniň üstüni açýar, şol sanda onuň aşagyndaky oba adamlarynyň başdan geçiren suw gytçylygy we sebitiň baý ekosistemasyna gözegçilik edýändigi bilen tanalýan maşgalanyň göçürilmegi.
Şol maşgalanyň 93 ýaşly ejesi, 2017-nji ýylyň iýun aýynda kanun çykaryjylara we Mirziýoewe şikaýat etdi we täze prezidentiň alty aý öňki eden çykyşynda “kanunyň hökmürowanlygynyň ähmiýetini" nygtanlygyny ýatlatdy.
Ol "näme üçin ýerli resmiler" öz bähbidine "hereket etmegiň ýerine bu talaplary ýerine ýetirmeýärler?” diýip sorady.
Şeýle-de ol sözüniň üstüni ýetirip: "Näme üçin biziň ýolbaşçylarymyz baryp, hakykaty görjek bolmaýar?" diýdi.
Özbek prezidenti “gizlin” dag penasyna mynasyp