Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramçylyk güni Maryda dükanlar ir ýapyldy, bölekleýin dikeldilen otly gatnawynyň ýolagçy sany çäkli galýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

8-nji mart – Halkara zenanlar güni Mary şäherinde dükanlar, kafeler we restoranlar gijöýlän sagat 6-a çenli ýapyldy. Pandemiýanyň fonunda karantin çäklendirmelerini sähel gowşadan Türkmenistanda synag maksady bilen Aşgabat-Türkmenabat aralygynda bölekleýin dikeldilen otly gatnawynyň ýolagçy sany çäkli bolmagynda galýar.

“Mary şäherinde 8-nji mart güni öýlän sagat 6-da ähli dükanlary ýapdyrdylar, öýlän sagat 3-den soň, polisiýa aýlanyp, eger dükanlar açyk bolsa, onda jerime salynjakdygy barada duýduryş berdi. Diňe dükanlar däl, eýsem, kafeler we restoranlar hem ýapyk boldy” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýatlasak, geçen hepde türkmen häkimiýetleri Maryda kafeleriň we barlaryň ýapylmagyna degişli karantin çäklendirmelerini gowşatdy.

“Köçelerde adamlar aýlanmaly däl, şäher ýaşaýjylary öz öýlerinde oturmaly edildi. 8-nji mart güni baýramçylyk gününe meňzemedi” diýip, maryly ýaşaýjy sözüne goşdy we öýlän sagat 3-den soň polisiýanyň adamlary köçelerden öýlerine ugradandygyny habar berdi.

Şeýle-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, agşam polisiýa şäherde içgili raýatlary saklady, olaryň käbirini 9-njy mart güni irden sagat 8-den günortan sagat 12-ä çenli şäherde arassaçylyk işlerine gatnaşdyrdy, olara guran ýa-da çapylan agaçlary tirkeglere ýükletdirdi. “Adamlary şol işlän ýerlerinden öýlerine ugratdylar” diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşine laýyklykda, “Halkara zenanlar güni” Türkmenistanyň kärhanalarynda, guramalarynda we edaralarynda işlenilmeýär.

Häkimiýetler koronawirus pandemiýasynyň fonunda girizen karantin çäklendirmelerini bölekleýin gowşadýan mahaly, Aşgabat-Türkmenabat aralygynda hepdede bir gezeklik şerti bilen hem-de synag maksady bilen dikeldilen otly gatnawynyň ýolagçy sanyny çäkli saklaýar. “300 adamlyk bilet satuwa çykarylsa-da, diňe 100 adam otla münüp bilýär, sebäbi Aşgabada gitmek isleýän adamlar hökman sebäbini görkezmeli” diýip, bir türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy. Onuň sözlerine görä, häkimiýetler bilet satyn almak üçin Türkmenabadyň wokzalyna barýan adamlardan olaryň näme maksat bilen Aşgabada barýandygyny soraýar, güwähat talap edýär. “Eger-de adamlar iş sapary bilen barýan bolsalar, onda bu barada hat görkezmeli” diýip, türkmenabatly aýtdy. “Zerur rugsatnama ýok bolsa, bilet satylanok” diýip, ol sözüne goşdy.

Ýatlasak, “Türkmendemirýollary” agentligi hepdede bir gezek synag maksady bilen Aşgabat-Türkmenabat otly gatnawynyň dikeldilýändigini martyň başynda mälim etdi. Agentlik beýleki ähli ugurlaryň otly hereketine girizilen çäklendirmeleriň möhletiniň 1-nji aprele çenli uzaldylýandygyny aýtdy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, sebitleriň arasynda awto ulag gatnawlary hem berk çäklendirilmeginde galýar. Mary – Türkmenabat awto magistraly bilen Mary welaýatyna ugramak üçin raýatlardan hökman COVID-19 test netijelerini görkezmek talap edilýär.

Şol bir wagtyň özünde,“Türkmenhowaýollary” gullugy hem özüniň halkara uçuşlaryny dikeltmegiň möhletiniň 31-nji marta çenli uzaldylýandygyny mälim edipdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, “Türkmenhowaýollarynyň” bir uçary halkara ýük gatnawlaryna dowam etdirýär, ol 7-nji martda Germaniýanyň Frankfurt şäherine şäherine ýük daşamak üçin uçuş amala aşyrdy, 8-nji martda uçaryň Hytaýyň Pekin şäherine uçuş amala aşyrmagy meýilleşdirilipdi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu wagta çenli umuman dört tapgyr waksinanyň getirilendigini, ýöne sebitlerde heniz sanjym işleriniň başlamandygyny habar berýär.

Hytaý neşirleri COVID-19 garşy Hytaýdan Türkmenistana sanjym getirilendigini habar berýär.

“China Observer” neşiri koronawirusa garşy hytaý sanjymlarynyň 6-njy martda irden türkmen uçary bilen Türkmenabada getirilendigini habar berdi.

Hytaý döwleti bilen ilteşikli “Shanghai Eye” neşiri hem özüniň Twitter hasabynda hytaý sanjymlarynyň şenbe güni Türkmenistana getirilendigini habar berdi.

“...Hytaýyň Türkmenistany üpjün edýän COVID-19 sanjymlaryny daşaýan uçar şenbe güni Türkmenistana geldi” diýip, “Shanghai Eye” twit paýlaşdy.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty koronawirusa garşy ýurda getirilen hytaý sanjymlary barada habar bermeýär.

Türkmenistan öz çäginde koronawirus hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň hatarynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG