Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda prokuraturanyň derňewinden soň, baş lukman özüni heläklemäge synanyşdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenabatda Lebap welaýatynyň Köpugurly hassahanasynyň baş lukmany öz janyna kast etmek synanyşygyndan soňra, häzir keselhanada agyr ýagdaýda bolmagynda galýar. Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlardan habarly çeşmesi, mundan öň keselhanada prokuraturanyň barlag geçirendigini we baş lukmanyň ilteşiginiň hem bolmagynyň mümkindigi aýdylýan jenaýatlary ýüze çykarandygyny aýdýar. Bu aralykda, ýerli resmiler hadysa baradaky habaryň ýaýramagynyň öňüni almaga synanyşýarlar.

Ilki bilen, Azatlyk Radiosyna 45 ýaşly baş lukmanyň doly at-familiýasy, onuň ilteşiginiň bolmagynyň mümkindigi aýdylýan jenaýatyň jikme-jikleri mälim bolsa-da, makalada lukmanyň inisiallarynyň ulanyljakdygyny, şeýle-de prokuraturadan resmi kommentariýa almak başartmandygy sebäpli, derňew işiniň detallarynyň mälim edilmejekdigini belleýäris.

10-njy martdan 11-ine geçilýän gije, takmynan sagat 00:15 töweregi baş lukman E.M. öz jaýynyň ýerzemininde özüni asmak synanyşygyndan soňra, agyr ýagdaýda Türkmenabatdaky Köpugurly hassahananyň reanimasiýa bölümine eltilýär.

Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri bilen tanyş çeşmämiz baş lukmanyň häzir ýagdaýynyň agyrdygyny, şeýle-de ýerli häkimiýetleriň habaryň syzyp çykmagynyň öňüni almak maksady bilen, lukmanlara bu barada dil ýarmazlygy tabşyrandyklaryny aýdýar.

Anonimlik şertinde habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan lukmanlaryň biri E.M.-iň 2018-nji ýylda köpugurly hassahana açylanda, oňa baş lukman hökmünde bellenendigini, ýokary wezipeli emeldarlaryň biriniň oňa arka çykandygyny, şeýle-de onuň Türkmenabatdaky iň gurply adamlaryň biri hasaplanýandygyny aýtdy.

“Baş lukman [E.M.] Saýat etrabynda doguldy. Köpugurly hassahana baş lukman hökmünde bellenmezinden ozal, şäheriň anyklaýyş hassahanasynda baş lukmanyň orunbasary bolup işläpdi” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran lukmanlaryň biri 11-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň Lebap welaýatynyň saglygy saklaýyş pudagyndaky çeşmesi baş lukmanyň janyna kast etmek synanyşygynyň öňýany, Türkmenabatdaky Köpugurly hassahanada prokuratura tarapyndan barlag geçirilendigini, netijede şol sanda baş lukman E.M.-iň hem ilteşiginiň bolmagynyň mümkindigi aýdylýan, uly möçberdäki pullaryň bikanun ele geçirilmegi bilen bagly jenaýatlaryň üstüniň açylandygyny gürrüň berdi.

Azatlyga bu işiň jikme-jikleri mälim bolsa-da, Lebap welaýat prokuraturasyndan nähilidir bir kommentariýa almak başartmady. Welaýatyň saglygy saklaýyş edaralarynyň, şol sanda Köpugurly hassahananyň wekilleri hem baş lukmanyň özüni heläklemek synanyşygyny ne tassykladylar, ne-de inkär etdiler.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlaryň özgermegini ýakyndan yzarlamagy dowam etdirer.

Ýatlatsak, Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly geçen ýylyň aýagyndan bäri ýurduň dürli künjeklerindäki edara-kärhanalarynda we önümçilik zawodlarynda derňew işleri alnyp barylýar. Bularyň çäginde, şol sanda Lebapda-da ençeme kärhana ýolbaşçysy we jogapkär işgäri, şeýle-de howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleri tussag edildi.

Galyberse-de, türkmen emeldarlarynyň özlerine garşy açylan jenaýat işleri bilen baglylykda özlerini heläklemegi ýaly ýagdaýlar ozal hem ýüze çykypdy.

2017-nji ýylda Azatlygyň ynamdar çeşmeleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozalky wise-premýeri, senagat meselelerine hem Lebap welaýatyna gözegçilik eden Batyr Ereşowyň, öz oglunyň uly mukdardaky pul serişdeleri bilen tutulmagynyň yzýany janyna kast edendigi barada maglumat beripdiler.

Mundan başga-da, Azatlyk Radiosy 2016-njy ýylda “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli Esasy nebit geçirijiler Müdirliginiň başlygy Baýram Hydyrowyň Balkanabatdaky iş otagynda özüni asandygyny habar beripdi.

1971-nji ýylda doglan, asly Balkanyň Gazanjyk şäheriniň Isgender obasyndan bolan 45 ýaşly Baýramyň öz janyna kast etmeginiň eýeleýän wezipesi, has dogrusy edarada alnyp barylýan derňew işleri bilen baglydygy aýdylypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG