Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident eneleri sylaglady, çärä gatnaşýanlar köýnegiň 'gymmat düşendigini' aýdýarlar


Teatra baran zenanlar. Arhiw suraty
Teatra baran zenanlar. Arhiw suraty

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow köp çagaly enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakyndaky karara gol çekdi diýip, döwlet eýeçiligindäki TDH 6-njy martda habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramçylygy ýurtda giňden bellenilip geçiler.

Şunuň bilen baglylykda, 8-nji martda guraljak mejbury-meýletin çärelere gatnaşýan lebaply aýal-gyzlar birmeňzeş reňkdäki täze köýnekleri satyn almak üçin prezidentiň berýän pul sowgadyna garanda, maşgala býujetlerine agram salyp, öz jübülerinden 10 esse kän serişde harçlamaly boldular diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Türkmen prezidenti geçen aýyň aýagynda ýurduň aýal-gyzlaryna sowet ýyllaryndan bäri adat bolan 8-nji mart baýramçylygyna gabat 60 manat möçberinde pul sylaglarynyň gowşyrlmagy baradaky karara gol çekdi.


Ýerli synçylar döwlet baştutanynyň adyndan berilýän çaklaňja pul sowgadynyň aýal-gyzlary ala tutmak, resmi kursda 17, gara bazar kursunda 3 dollar möçberindäki puly maňlaýa syldyrmak bilen, kemsidilip berilýändigini, bu ýagdaýyň ozalam işsiz, okuwsyz kösenýän zenan maşgalalarda göwnüçökgünlik döredýändigini, olaryň mertebesini peseldýändigini aýdýarlar.

Pul sowgatlary çagalar edaralarynda terbiýelenýän, orta mekdeplerde bilim alýan gyzlara, Döwlet gullugy akademiýasynda, aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada, ýokary okuw we ýörite hünärment mekdeplerinde okaýan gelin-gyzlara, şeýle hem býujet edaralarynda zähmet çekýän hem-de pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan aýal-gyzlara gowşurylmalydyr” diýip, döwlet baştutany 27-nji fewralda bu ýyl hem zenanlary ala tutmak praktikasynyň dowam etdiriljekdigini bildirdi.

Türkmenistanda döwlet tarapyndan kesgitlenen baýramçylyk dabaralaryna gabat gurnalýan mejbury-meýletin çäreler, olaryň maşgala býujetine, işleýän adamlaryň dynç aljak, maşgalada geçirjek wagtyna salýan "talaňy" hem adamlarda barha kän nägilelik döredýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

8-nji mart gününe planlaşdyrylan baýramçylyk mynasybetli guralýan dabaralar, baýramçylyk çäreleri üçin Lebapda býujet edaralarynda işleýän erkeklerden edara-kärhana ýolbaşçylary 50 manatdan 70 manada çenli aralykda serişde ýygnaýarlar diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 7-nji martda, ýerli ýaşaýjylara salgylanyp maglumat berdi.


Anonimlik şertinde gürleşen resmiler ýygnalýan serişdeleriň etraplar derejesinde gurnaljak dabaralara harçlanjakdygyny, Darganata, Farap etraplaryndan we beýleki ýerlerden pul ýygnalandygyny aýtdylar.

Häzir Türkmenabat we Farap şäherlerinde döwlet telewideniýesinde görkeziljek baýramçylyk dabaralary üçin “güýçli repetisiýa” geçirilýär, sahna görnüşleri üçin gül çemenleri we 8-nji mart nyşanlary satyn alyndy, çärä gatnaşýan aýal-gyzlar, oturýan hatarlaryna laýyklykda, birmeňzeş reňkdäki köýnekleri satyn almaga borçly edildi diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen üç zenan, bir-birinden habarsyzlykda, talap edilýän reňkdäki köýnekleri satyn almak üçin, prezidentiň sowgat beren 3 dollar möçberindäki pul sowgadyndan on esse kän çykdajy etmeli bolandyklaryny, munuň maşgala býujetine ýeňil düşmejekdigini "boýun aldy".

Olar bu soňsuz dabaraly çäreleriň nämä gerekdigine, olardan kime nähili peýda bardygyna “düşünmeýändiklerini”, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň onsuz hem “agyrdygyny” gürrüň berdiler.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran zenanlaryň biri bu dabaralaryň ýurtdaky “abadançylygy” görkezmeýändigini, mejbury çärelere gatnaşýan adamlaryň ýüzünde “hakyky şatlyk alamatyny görüp bolmaýandygyny” hem sözüne goşdy.

Onuň pikirine görä, Türkmenistanyň ilatynyň döwlet telewideniýesinde görkeziljek bolşy ýaly “bagtly” däldigini ýurduň öz ilaty hem, daşary ýurtlular hem örän gowy bilýär, indi muny “prezident hem bilse gowy bolardy”.

Berdimuhamedowyň köp çagaly enelere “Ene mähri” adyny dakmak barada gol çeken karary Azatlygyň bu ady 10 ýyl öň alan ahally eneleriň ona golaýynyň wada berlen jaýlary alyp bilmeýändigi barada çap eden maglumatynyň yz ýanyna gabat geldi.


“Babadaýhan etrabynyň Alty Garlyýew we Akwekil’ýaly daýhan birleşiklerinde 10 töweregi aýala ‘Ene mähri’ ordeni gowşuryldy. Olara orden gowşurylanda,ýeňilleşdirilen şertde, ähli amatlygy bolan taýyn jaýlaryň beriljekdigi aýdyldy.

Ýöne bu wada tas 10 ýyl bäri ýerine ýetirilmeýär” diýip, habarçy gizlinlik şertinde gürleşen enelere salgylanyp, 4-nji martda habar berdi.

Şol bir wagtda, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, işsizligiň artmagy, azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň, dermanlaryň we saglyk enjamlarynyň yzygiderli gymmatlamagy netijesinde, döwlet baştutanynyň adyndan berilýän üç dollar möçberindäki pula ýetse-de begenjek adamlaryň barha köpelýändigi habar berilýär.

Prezident Berdimuhamedow nobatdaky bahar baýramynyň ýekşenbe gününe düşýändigi sebäpli 8-nji martdaky dynç gününi 9-njy marta, birinji güne geçirmek baradaky karara hem gol çekdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG