Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Näme ýüklenýär?' Azyk gytçylygy täze 'söz düzümlerini' döredýär


Türkmenistanyň prezidenti Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň azyk bolçulygyny döredýändigini aýdýar.

Türkmenistanda dowam edýän dowamly azyk gytçylygynyň fonunda, nyrhlaryň ýene gymmatlamagyna garaşylmagy bilen, ilat arasyndaky açlyk dowly ýokarlanýar, ýagdaýy bolan adamlar zaýalanmajak azyk önümlerini satyn alyp goýmaga çalyşýar diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.

Türkmen häkimiýetleriniň ynandyrmaga çalyşýan "azyk howpsuzlygyny" ýalana çykarýan azyk nobatlary indi ýurtdaky durmuşyň adaty bir bölegine öwrüldi we Azatlyk şu aýda eýýäm dükanlardaky subsidirlenen önümleriň elýeterliliginiň barha peselýändigini, sebitleriň käbirinde köp adamly maşgalalaryň arzan berilýän azyklaryň paýlanyşyndan nägile bolýandygyny habar berdi.

Indi habarçylar ilatyň subsidirlenen azyk önümlerine goşulyp berilýän harytlardan barha kän nägile bolýandyklaryny, bu ýagdaýyň ilat arasyndaky dowluň ýokarlanmagy bilen has göze ilendigini habar berýärler.

Döwlet dükanlarynda adata aýlanan täze söwda usuly, iýjegine zordan pul tapýan adamlaryň mätäçligine daýanýan mejbury eglişik ilat arasynda täze bir terminiň ýa-da aňlatmanyň hem döremegine alyp geldi, indi alyjylar satyjydan bir zat almazdan öň hökman "näme ýüklenýär?" diýip soraýar diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Mysal üçin, alyjy döwlet dükanyna gelip, subsidirlenen bahadan berilýän towuk buduny almakçy bolýar we, belli bir karara gelmezden öň, hökman "näme ýüklenýär?" diýip soraýar. Satyjy bolsa, mysal üçin, şol gün towuk buduna goşulyp berilýän harydyň adyny aýdýar, tomat pastasy, köke, süýji, otluçöp we şuňa meňzeşler.

Geçginli harydyň ýanyna goşulyp berilýän harytlar köplenç gowy geçmeýän, möhleti geçen ýa-da geçip barýan azyk önümleri bolup durýar diýip, ýaşaýjylar aýdýar.

Bu usul, adamlaryň esasy alýan azyk önümlerine wagty geçip barýan önümleri goşup satmak öňräk başlandy we alyjylaryň oňa çydamsyzlyk görkezmegi ýagdaýyň barha ýitileşýändigini aňladýar.

Nobata duran pensionerler bu ýagdaýdan şikaýat etmek üçin Alyjylar birleşiginiň Magtymguly köçesinde ýerleşýän edarasyna gitdiler, emma ol ýerdäki resmi özüniň hemme zatdan habarlydygyny, subsidirlenen azyk önümleriniň Söwda ministrliginiň tabşyrygy esasynda hökmany goşundy bilen satylmalydygyny aýtdy diýip, Aşgabatdaky habarçy ýazýar.

Şeýle-de ol türkmenistanlylaryň azyk ýagdaýyndan barha kän dowla düşýändiklerini, başaran zatlaryny satyn almaga çalyşýandyklaryny aýdýar.

"Geljek hepdeden restoranlaryň, naharhanalaryň we kafeleriň açylmagyna garaşylýar, eger olar işläp başlasa, azyk önümlerini ýokary bahadan satyn alyp başlarlar, bu ýagdaý netijesinde nyrhlaryň ýokarlanmagyna garaşylýar diýip, şu gün, 18-nji martda gelen maglumatda aýdylýar.

Mundan öň Azatlygyň habarçysy paýtagtyň döwlet dükanlarynda ýumurtganyň soňky gezek 8-nji martda, ýöne iki esse gymmat bahadan satylandygyny habar berdi. 12-nji martda bolsa, Marydaky habarçymyz Garagum etrabynyň köp adamly hojalyklarynyň 80 töweregi agzasynyň döwlet dükanlarynda berilýän subsidirlenen azyk önümleriniň paýlanyşyndan nägile bolup, etrap häkimligine barandygyny habar berdi.

Şu aralykda Türkmenistanyň prezidenti Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli gutlagyny çap etdi. Onda telekeçileriň azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine, olaryň özümizden artýan böleginiň eksporta ugradylmagyna mümkinçilik döredýändigi nygtalýar.

Emma türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurtda dörän dowamly we agyr azyk gytçylygyny Senagatçylar we telekçiler birleşiginiň hökümet başlygy tarapyndan güýçlendirilen monopoliýasy, şol bir wagtda-da çuň kök uran býurokratiýa we korrupsiýa zerarly adamlaryň iş açmak, önüm öndürmek, azygy we beýleki önümleri köpeltmek mümkinçilikleriniň onlarça ýyllap bogulmagy bilen düşündirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG