Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baýramaly: Polisiýa daň bilen döwlet dükanynyň öňünde azyk nobatyna garaşýan adamlary kowýar, olar ‘butnamaýar’


Illýustrasiýa suraty.

Marynyň Baýramaly şäherinde adamlar zerur iýmit önümlerini satyn almak üçin daň bilen döwlet dükanlarynyň öňünde nobata dursa, polisiýa ir bilen 4:00-de dükana baryp, olary dargatmaga synanyşýar. Adamlar dargamaýar.

Azatlygyň habarçysynyň 8-nji ýanwarda azyk nobatyna garaşýan adamlaryň arasyndan toplan maglumatlary güýç edaralarynyň wekilleri bilen adaty halkyň arasyndaky gatnaşyklar barada pikir döretdi. Habarçy polisiýa bilen adamlaryň arasynda bolup geçen gürrüňdeşligi diňledi.

Onuň maglumatlaryna görä, anna güni ir bilen birnäçe polisiýa ulagy daňdan sagat 4-den başlap, şäheriň döwlet dükanlarynyň öňünde azyk nobatyna garaşýan adamlary dargatmaga synanyşdy.

Resmi mediadan tapawutlylykda ýerli ýaşaýjylar iýmit önümleriniň üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklaryň dowam edýändigini nygtaýar.

“Her gün bolşy ýaly, adamlar daň bilen döwlet dükanlaryna jemlenişip başlady” diýip, nobata garaşan bir adam gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, bu nobat esasan çöregiň nobaty.

“Polisiýa adamlara: ‘Baryň, gidiň! Dükan sagat 6:00-da açylar. Gidiň-de, ýatyň! Daň bilen näme üçin dükana ýygnanyşýarsyňyz?” diýip sorady.

Nobata garaşýan adamlar polisiýanyň beren bu soragyna geň galdylar.

“Biz her gün gije sagat 3:00-de gelip, azyk nobatyna durýarys. Sen bileňokmy, ýa-da sen birinji gezek görýäňmi!?” diýip, adamlar kinaýa bilen gülüşdiler.

Daň bilen sowukda çörek nobatyna durmak gülkünç däl. Ýöne polisiýanyň halkyň näme sebäpden döwlet dükanynyň öňünde ir bilen nobata garaşýandygyny bilmeýändigi, nobata garaşýan adamlara görä, gülkünç.

“Sen işläp ýadansyň!” diýip, nobata garaşýan bir adam polisiýa işgärine ýene kinaýa bilen ýüzlendi. “Iň gowusy, sen git-de dynjyňy al. Biz bu dükana öwrenişdik. Sen arkaýyn bol, bizi alada etme!” diýip, ol polisiýanyň ofiserine ýene kinaýaly aýtdy.

Ýene bir ýaşaýjy özleriniň dükanyň öňünde garaşmaga döwtalapdygyny tutanýerlilik bilen aýtdy.

Gyş güni daň sowugynda dükanyň öňünde çöregiň nobatyna garaşýan adamlaryň edýän gülküsi polisiýa işgärini oýlandyrdy:

“Barybir, çörekden başga zat berilmez-how, adamlar! Biderek garaşýarsyňyz!” diýip, polisiýa işgäri ýygnananlara ýüzlendi.

Ýöne adamlar özleriniň diňe çörek satyn almaga razydygyny aýtdylar. “Biz dükana çörek üçin nobata durýarys. Çörek berseler hem bolýar, indi, beýleki zatlardan tamany üzdük” diýip, nobata garaşýan ýene bir adam azyk kynçylygyna üns çekdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, dükan sagat 6:20-de açyldy, her adama 2 çörek 1 manat 50 teňňeden satyldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň döwlet dükanlarynyň öňünde ýygy-ýygydan azyk harytlaryny satyn almak üçin uly nobatlaryň döreýändigi barada habarlar gowuşýar. Adamlaryň nobata durmagynyň sebäbi, Azatlygyň habarçylaryna görä, satuwa çykarylýan iýmit önümleri onuň nobatyna garaşýan adamlaryň hemmesine hemişe ýetmeýär. Olar bir gezek satyn alsalar, başga sapar alyp bilmeýär.

8-nji ýanwarda Baýramylyda daň bilen nobata durup, çörek satyn alan adamlar un paýogynyň haçan beriljekdigi bilen gyzyklandylar.

Habarçynyň sözlerine görä, olar bu soraglaryny dükan satyjysyna gönükdirdiler. Olaryň soraglary iýmit üpjünçiligi bilen bagly özleriniň ýüzbe-ýüz galan kynçylyklaryna häkimiýetlerden edýän umytlarynyň azalýandygyny görkezdi.

“Bize haçan un berjek, biz häkimlige gatnap ýadadyk. Indi häkime däl-de, saňa haýyş edäýmesek” diýip, bir baýramalyly dükan satyjysyna ýüzlendi.

“Biz her baranymyzda ‘ertir ýola goýarys’ diýip, başdan sowýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy Maryda un paýoklaryny talap edip, topar-topar häkimlige barýan adamlar barada habar berdi.

Çörek nobatyna garaşýan adamlar özleriniň iýun aýyndan bäri paýok unlaryny almandygyny aýdýarlar. Olaryň birnäçesi nobata gelmezden ozal, “şu gün bir çörek satylaýsady” diýip, dileg edýändigini mälim etdi.

Dükan satyjysy un üpjünçiliginiň özüne bagly däldigini, onuň diňe “ýokardan” çözülýändigini aýdyp, ýygnananlary ynandyrdy.

“Senden gaty göremizok, şu çörek satmagyňy bir bes etme!” diýip, her adam 2 sany çörek alyp, öýlerine gaýtdylar diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, azyk üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklar paýtagtda-da dowam edýär. Aşgabatly habarçynyň maglumatlaryna görä, 8-nji ýanwarda 32 belgili dükanyň öňünde towuk ýumurtgasyny satyn almak üçin garaşýan adamlaryň uly nobaty emele geldi. Ol dükan satyjysynyň, nobatlary dargatmaga synanyşýandygyny, ýöne adamlaryň erjellik bilen nobata garaşýandygyny aýtdy.

Şeýle-de habarçy, dükanda her adama ikiden towuk budunyň satuwa çykarylandygyny aýtdy we alyjylardan towugyň gapdalyndan tüwi satyn almagyň talap edilýändigini sözüne goşdy.

Bir alyjy dükandan satyn alan towuk budunyň 200 gramynyň buz çykandygyny aýdyp, şikaýat bildirdi.

Türkmenistanyň döwlet mediasy ýurtda dowam edýän azyk krizisini agzamaýar, tersine, ol içerki bazarlarda azyk bolçulygynyň döreilendigini gaýtalaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG