Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler TW üçin 'ýasama' Nowruz çäresini gurnap, baýramçylyga taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň eteginde geçirilen Nowruz çäresi. 2014 ý.

21-22 – nji mart günleri Türkmenistan Milli bahar baýramyny belleýär. Baýramçylygyň öňüsyrasynda häkimiýetler baýram güni telewideniýede görkezmek üçin öňünden köpçülik çärelerini gurnaýarlar. Şeýle çärelere býujet işgärleri we mekdep okuwçylary mejbury gatnaşýarlar. Köpçülik çärelerinde sosial aralygy saklamak we maska geýmek ýaly kesel ýaýramagynyň öňüni almaga niýetlenen düzgünler berjaý edilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şeýle çäreleriň biriniň Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda geçirilendigini habar berýär. Bu çärä Ýolöten, Türkmengala, Murgap we Oguzhan etraplarynyň býujet işgärleri çekildi.

“Geçen ýyllarda bolşy ýaly Nowruz baýramynda telewideniýede görkezmek üçin ýasama baýramçylyk surata düşürildi” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Çäre etrabyň bir çola çöllük ýerinde geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň we edara işgärleriniň gatnaşan çäresinde folklor toparlary çykyş etdi. Býujet işgärleri tomaşaçy boldy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, çärä gatnaşanlaryň ählisi diýen ýaly milli eşik geýmeli edildi, býujet işgärleri ir sagat 8-den öýlän sagat 6-a çenli telewideniýede görkezmek üçin gurnalan çärede boldy.

“Býujet işgärleri hemişe bolşy ýaly bu çärä mejbury gatnaşdyryldy” diýip, bir işgär gürrüň berdi.

“Uzak gün aýak üstünde bolmaly bolduk. Bize günortan sagat 12-ä çenli sýomkanyň gutarjakdygy aýdylypdy. Biz ýanymyza ne içmäge suw, ne-de iýmäge çörek aldyk" diýip, bir çärä gatnaşyjy gürrüň berdi.

“Ol ýerden gaçyp gaýtsaň azaşmakdan başga çäre ýok” diýip, ol çäräniň çola ýerde geçirilendigini sözüne goşdy.

Türkmenistanda köpçülik çärelerine býujet işgärlerini çekmek däp boldy.

Oguzhan etrabynda gurnalan çärede “çagalar gaty kösendiler” diýip, beýleki bir çärä gatnaşyjy gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, çärä gatnaşmaly edaralary welaýat häkimligi saýlaýar. Saýlanan edaralar ýörite sanaw düzüp, işgärlerini mejbury ýagdaýda çärä ugradýar. Çärä gitmekden boýun gaçyrýan adamlara işden kowmak haýbaty atylýar.

Şeýle-de, habarçy Oguzhan etrabynda gurnalan Nowruz çäresinde gara öýleriň gurulandygyny, ol ýerde dürli milli tagamlaryň bişirilendigini, ýöne olaryň çärä gatnaşyjylara, şol sanda çagalara hödürlenmändigini habar berdi.

Galyberse-de, bu çäre häkimligiň buýrugy bilen diňe bir gün däl, birnäçe gün dowam etdirilýär.

"Bu çärelerde aralygy saklamak we maska geýmek düzgünleri berjaý edilmeýär” diýip, bir býujet işgäri habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bu aralykda, Lebap welaýatynda-da şuňa meňzeş çäreler ýaýbaňlanýar. Lebapda baýramçylygyň bosagasynda görülýän taýýarlyklar býujet işgärlerinden we beýlekilerden pul ýygnalmagyny hem-de welaýatyň uly magistral ýollarynyň kenarlarynda agaç nahallaryny oturtmak çärelerine görülýän taýýarlyklary öz içine alýar.

“20-nji mart güni welaýatyň uly magistrallarynyň kenarlaryna müňlerçe düýp bag ekmek üçin taýýarlyk görülýär” diýip, bir Lebap ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler Lebabyň ähli edaralarynyň işgärlerinden, şol sanda telekeçilerden olaryň aýlyk girdejileriniň esasynda 100-300 manat aralygynda pul ýygnady.

Şeýle-de, Farap etrabynyň 6-njy klasdan ýokary mekdep okuwçylaryna agaç nahallaryny getirmek tabşyryldy. “Farapda 6-njy klasdan ýokary ähli mekdep okuwçylaryna 10 sany bag nahalyny getirmek tabşyryldy” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Habarçy welaýatyň magistral ýollarynyň kenarlarynda geçiriljek bag oturtmak çäreleriniň telewideniýe üçin surata düşürilmegine garaşylýandygyny habar berýär.

Galyberse-de, agaç ekmek çärelerine taýýarlyk işleriniň çäginde welaýatda ençeme hususy tehnikalar we döwlet eýeçiligindäki suw daşaýjy maşynlar mejbury işe çekilýär.

“Her ýyl millionlarça bag nahaly ekilse-de, Türkmenistanda täze tokaýlar göze ilmeýär. Öňki bar bolan tokaýlaryň hem göwrümi gitdigiçe kiçelýär...” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmen metbugaty her ýyl Nowruz baýramçylygynda ýurtda millionlarça düýp agaç nahallarynyň oturdylýandygyny habar berýär.

Bu aralykda, paýtagt Aşgabatda-da mekdep mugallymlary Nowruz çäresine gatnaşmaga mejbur edilýär. Azatlyga gelip gowuşan bir wideoda milli lybaslarda awtobusa münýän aýallary görmek bolýar. Habarçy olaryň Nowruz çärelerine äkidilýändigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG