Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astrahanda türkmen studenti ýol hadysasynda heläk boldy


Arslanbek Muhiddinow
Arslanbek Muhiddinow

6-njy martda Astrahanda 23 ýaşly türkmenistanlynyň ýol heläkçiliginde aradan çykandygy habar berilýär.

“Turkmen.news” neşirini 21-nji martda çap eden maglumatyna görä, awtoulagyň kakmagy zerarly ýogalan türkmenistanly Arslanbek Muhiddinow Astrahanyň döwlet tehniki uniwersitetinde bilim alyp, nebit-gaz biznesi boýunça okapdyr.

Türkmen studentiniň ölümi baradaky habaryň WKontakte sosial ulgamyndaky "Žest Asrtahani" toparynda 6-njy martda çap bolandygyny neşir belleýär.

Habarda, polisiýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, türkmen studentini “Volkswagen Tiguan” kysymly awtoulagyň kakandygy habar berildi. Awariýa, ýerli Kremliň garşysynda, Astrahanyň merkezinde pyýadalar üçin düzgünleşdirilmedik ýol geçelgesinde bolupdyr. “Volkswagen” 1999-njy ýylda doglan sürüji tarapyndan dolandyrylypdyr.

Beýnisi sarsyp, aýagy döwlen ýigit şäheriň kliniki hassahanasyna äkidilip, ýeten şikesleri zerarly keselhanada aradan çykypdyr.

Asly Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň ýaşaýjysy 12-nji martda Astrahanda ýerli gonamçylykda jaýlanypdyr. 18-nji martda watandaşlary metjitde onuň ýedisini belläpdir.

Şeýle-de, “Turkmen.news” neşri Arslanbek Muhiddinowyň ýakynlarynyň onuň jesedini watanyna äkidip bilmändigini habar berýär.

"Çeşmelere görä, ýigidiň garyndaşlary gönüden-göni Astrahanda ýerleşýän Türkmenistanyň konsullygyna we hut konsulyň özi Güýç Garaýewe ýüz tutupdyrlar, ýöne bu netije bermändir, bu we beýleki diplomatlar hiç haçan watandaşlaryna hiç hili kömek bermeýärler" diýip, “Turkmen.news” neşri ýazýar.

Astrahanda ýol hadysasy zerarly heläk bolan türkmen raýaty barada Türkmenistanyň Astrahandaky ilçihanasyndan kommentariý alyp bolmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG