Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Häkimiýetler mekdep okuwçylaryny, talyplary we býujet işgärlerini agaç ekmäge mejbur etdi


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Ýekşenbe güni Mary welaýatynda häkimiýetler ähli etraplarda, şäherlerde we şäherçelerde hem-de daýhan birleşiklerde býujet işgärlerini, mekdep okuwçylaryny, talyplary we esgerleri arassaçylyk işlerine we bag ekmek çärelerine mejbury çekdi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy dynç güni Mary – Baýramaly şaýolunyň ugrunda hem-de Murgap – Ýolöten aralygyndaky uly ýoluň ugrunda guran baglary aýyrmak we täze baglary ekmek işlerine adamlaryň mejbury gatnaşdyrylandygyny habar berýär.

Çärelere çekilen mekdep okuwçylarynyň ene-atalarynyň arasynda arz-şikaýat bilen mekdep müdirlerine ýüz tutan adamlar hem bar.

Olar öz şikaýatlarynda çagalaryň awtobuslara mündürilip bag ekmek üçin daş ýerlere äkidilmegine garşylyk beýan etdiler.

“Biz çagalarymyzyň awtobuslara mündirilip, daş ýerlere äkidilmegine we olaryň bag ekmek, baglara suw bermek, ýer depmek ýaly işlere çekilmegine garşy” diýip, arz-şikaýat bilen müdirlere ýüz tutan ene-atalar aýdýar.

Mekdep müdirleri bu mesele bilen bagly ene-atalara beren jogabynda döwlet baştutanyň buýrugyna laýyklykda mekdep okuwçylaryny köpçülikleýin ýowara gatnaşdyrmaga görkezme berilendigini aýdýarlar.

“Prezidentiň buýrugy bilen hemmeler [köpçülikleýin ýowarlara] gatnaşmaly. Prezidentiň buýrugyndan ýüz dönderenleriň ene-atalary, isle döwlet işinde işleýän bolsun, isle-de hususy kärhanada, tapawudy ýok, işden çykarylar” diýip, bir müdir ene-atalara aýtdy.

Şeýle-de, ol, eger-de köpçülik çäresine gatnaşmakdan boýun gaçyran okuwçylaryň ene-atalary hiç ýerde işlemeýän bolsa, onda şol okuwçylaryň klaslaryndan galdyryljakdygyny duýdurypdyr.

Ene-atalar şeýle talaplardan özleriniň nägilediklerini aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde, býujet işgärleri hem bag ekmek çärelerine çekildi. Olaryň arasynda uly ýaşly adamlar hem bar. Habarçy käbir edara ýolbaşçylarynyň öz garamagyndaky ýaşuly işgärlere agaç ekmäge gatnaşmagy haýyş edendiklerini aýdýar.

“Eger barmasaňyz, sizi işden çykarmak üçin bahana bolar. Hiç bir iş etmeseňiz hem, iň bolmanda baryp, bagyň düýbüne bir kružka suw guýuň! Ýöne gatnaşyň! Eger-de sizi işden çykarsalar, edaramyz ozal hem zordan dur, sizi hem işden kowsalar, men hem arzamy ýazyp, işden gidibermeli” diýip, bir edara ýolbaşçysy aýdýar.

Bag ekmek işlerine çekilen studentler hem özleriniň köpçülik çärelerine mejbury gatnaşdyrylmagyna garşylyk beýan edýärler.

“Biz okuwdan ýadap, bazar güni dynç almaly halymyza, dynç günleri bizi ýa çärä alyp gidýärler, ýa-da bag ekdirýärler” diýip, bir student Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Daşary ýurtlara okuwa gitmeli ekenik” diýip, ol puşmanlyk beýan etdi we “bärde geljegimizi hiç hili göremizok” diýip, ol sözüne goşdy.

Köpçülik çärelerine studentleriň mejbury gatnaşdyrylmagyna nägilelik bildiren talyp şeýle çäreler sebäpli umytsyzlyk beýan etdi.

“Okuwy tamamlap, bir ýere işe dursak hem, edil okuwa girişimiz ýaly, para bermeli bolýar” diýip, student şertlerden şikaýat etdi.

“Biz okuwy gutarýançak kim bilýär, nämeler bolar! Umuman, bärde gelejek ýok. Okuwy gutaryp, ýollar açylsa Türkiýä gitmeli, şol ýerde iş gözlemeli bolarys” diýip, talyp ýaşlar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Aşgabatda 10 million düýp, welaýatlarda 20 million düýp nahal ekilmegini tabşyrdy.

Döwlet mediasy dynç günleri ýurt boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek çäreleriniň “ýokary zähmet joşgunyna beslenendigini” öňe sürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG