Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken Brýussele ilkinji saparynda ABŞ-nyň NATO borçnamalaryny tassyklady


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken NATO-nyň daşary işler ministrleriniň ýygnagynda çykyş edýär. Brýussel, 23-nji mart, 2021.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken NATO-nyň daşary işler ministrleriniň ýygnagynda çykyş edýär. Brýussel, 23-nji mart, 2021.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken Brýussele eden ilkinji saparynda NATO-ny täzeden gurmagy we güýçlendirmegi hem Owganystan boýunça ýaranlar bilen maslahatlaşmagy wada berdi.

Blinken 23-24-nji mart aralygynda NATO-nyň daşary işler ministrleriniň ýygnagyna gatnaşýar we ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň transatlantik gatnaşyklary dikeltmek ugrundaky tagallalarynyň çäginde Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirmegi planlaşdyrýar.

Blinken, NATO-nyň Baş sekretary Jens Stoltenberg bilen duşuşanda "Amerikanyň Birleşen Ştatlary hyzmatdaşlygy täzeden gurmak isleýär, ilkinji nobatda NATO ýaranlarymyz bilen hyzmatdaşlygy dikeltmek isleýäris" - diýip žurnalistlere aýtdy.

"Men bu ýere Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň NATO bolan tutanýerli ygrarlylygyny bildirmek üçin geldim" -diýip, Blinken transatlantik bileleşik üçin möhüm pursatdygyny belledi.

NATO-nyň ýygnagynyň gün tertibindäki meseleleriň arasynda Hytaý we Russiýa, şeýle hem Günbatar bileleşiginiň Owganystandaky 9 600 adamlyk missiýasynyň geljegi ýaly meselelere serediler. Geçen ýylda ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy "Talyban" bilen şertnama baglaşandan soň 1-nji maýda goşunlary çykarmak barada ylalaşypdy.

Blinken Owganystandan goşun çykmagyň mümkinçiligi barada berlen soraga ABŞ-nyň bu meseläni entek gözden geçirilýändigini we ýaranlar bilen maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

Blinken NATO-nyň owgan missiýasy barada "Biz bilelikde girdik, bilelikde düzetdik we wagty gelende bilelikde çykarys" -diýdi.

Baýden, söweşiji topar bilen Owganystanyň hökümetiniň arasynda 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda başlanan parahatçylyk gepleşiklerinde gelnen ylalaşyklaryň göz öňünde tutýan wagt möhletini berjaý etmegiň Waşington üçin kyn boljakdygyny aýtdy.

"NATO-nyň daşary işler ministrleri indiki ädimlerimize bilelikde baha bermek üçin Owganystandaky ýagdaý barada harby güýçlerimiz bilen maslahatlaşmagy dowam etdirerler" -diýip, NATO-nyň ýolbaşçysy Jens Stoltenberg 22-nji martda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy. Ol "ähli mümkinçilikler açyk", ýöne "aňsat saýlaw ýok" diýdi.

NATO ýaranlary, eger Waşington Owganystanda galmak kararyna gelse, özleriniň hem owgan howpsuzlyk güýçlerine tälim we maslahat bermek üçin Owganystanda galmaga taýýardyklaryny aýtdylar.

Häzirki wagtda uruşa batan Owganystanda 2500 töweregi amerikan esgeri galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG