Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkendiň häkimi Aşgabatda "Daşkent" seýilgähiniň taslamasy bilen tanyşdy


Aşgabat

Türkmenistana baran Daşkendiň häkimi Jahongir Artykhojaýew özbek delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Daşkendiň häkimi türkmen paýtagtynda Aşgabadyň häkimi Ýaztagan Gylyjow bilen gepleşik geçiripdir. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň paýtagtlarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek barada pikir alyşypdyr. Bu barada 22-nji martda ýarym resmi "Türmenportal" neşiri Daşkendiň administrasiýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Maglumata görä, Aşgabadyň häkimi özbek kärdeşini Türkmenistanyň paýtagtynda gurulmagy planlaşdyrylýan "Daşkent" seýilgähiniň taslamasy bilen tanyşdyrypdyr. Gylyjow "Daşkent" seýilgähiniň Aşgabadyň taryhy merkezinde guruljagyny we üç gektar meýdany tutjagyny habar beripdir.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Daşkent" seýilgähiniň guruljagyny şu ýylyň fewral aýynda Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul edende aýdypdy.

Bellesek, Özbegistanyň paýtagtynda "Aşgabat" parky bar. Türkmenistanyň paýtagtynyň adyny göterýän seýilbag 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde iki ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda Daşkentde dabaraly ýagdaýda açylypdy.

Daşkentiň merkezinde 10 gektar meýdanda türkmen paýtagtynyň adyny göterýän we keşbini ýada salýan elementleriň ulanylmagynda gurulan park türkmen klasygy Magtymgulynyň adyny göterýän köçäniň golaýynda ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG