Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran türkmenleri çagalary zorlamakda aýyplanýan adamyň jezalandyrylmagyny talap edip protest geçirdi


Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, demirgazyk Eýranyň Kümmet Howuz şäherinde geçirilen protestlere müň töweregi adam gatnaşdy.

23-nji martda Demirgazyk Eýranda etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Kümmet Howuz şäherinde ýerli ýaşaýjylar 7 we 8 ýaşlaryndaky iki gyz çaga jynsy zorluk etmekde aýyplanýan 55 ýaşly bir adamyň jezalandyrylmaýandygyna gahar-gazap bildirip protest geçirdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, 24-nji martda hem dowam eden protestlere müň töweregi adam gatnaşdy. Şäher kazyýet binasynyň öňünde ýygnanyşan demonstrantçylar häkimiýetlerden aýyplanýanyň jezalandyrylmagyny berk talap etdiler.

Ýerli ýaşaýjylar protestçileriň esasan etniki türkmenlerdigini we jebir çeken gyz çagalaryň hem türkmen maşgalalaryň çagalarydygyny aýdýarlar.

Eýranda polisiýa türkmenleriň protestini dargatdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:23 0:00

Sosial mediada paýlaşylan wideolarda gazaply üýşmeleňi görmek bolýar we olaryň arasynda türkmençe gürleýän adamlary eşitmek bolýar.

Howpsuzlyk güýçleri protestçileri dargatdy. Ýerli şaýatlaryň sözlerine görä, protestleri basyp ýatyrmak üçin Gülüstan welaýatynyň Kümmet Howuz şäherine welaýat paýtagty bolan Gürgen şäherinden goşmaça polisiýa güýçleri getirildi.

Etniki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan Gülüstan welaýaty Türkmenistan bilen serhetleşýär.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Kümmet Kowusda etniki türkmenleriň geçiren protestlerine syn edýär. Gepleşigimize Kabuldan žurnalist Şamerdanguly Myrady gatnaşdy.

Eýran türkmenleri çagalary zorlamakda aýyplanýan adamyň jezalandyrylmagyny talap edip protest geçirdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG