Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Halk Maslahatyna ilkinji saýlawlar geçdi; netijeler "ýakyn wagtda" yglan ediler


Halk Maslahatyna agzalygyň dalaşgärlerine diňe ýerli halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan ses berildi.

Türkmenistanda ýurduň iki palataly ulgama geçirilmeginden soňra, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçdi. Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary 28-nji martdaky saýlawlary "geçirildi" diýip yglan etdi. Türkmen mediasy bu göni däl saýlawlaryň “açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda" geçendigini öňe sürdi. Emma günbatar saýlaw synçylary Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsyny erkin we adalatly hasaplamandy.

Ýekşenbe güni ýurtda halk maslahatlarynyň ýerli wekilleri öz aralarynda gizlin ses bermek arkaly Halk Maslahatynyň 48 agzasyny saýladylar. Merkezi Saýlaw topary Halk Maslahatynyň agzalygyna ýurt boýunça 112 dalaşgäri hasaba aldy.

Bellemeli ýeri, ýekşenbe güni geçen saýlawlar “göni däl” saýlawlar boldy, ýagny bu olaryň ähliumumy saýlaw däldigini aňladýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatyna agzalygyň dalaşgärlerine diňe ýerli halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan ses berildi. Galyberse-de ýurduň Saýlaw kodeksine görä, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri diňe ýerli halk maslahatlary hödürledi.

Resmi maglumata görä, saýlawlara welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 231-si gatnaşyp, saýlawçylaryň Ahalda 37-si, Balkan, Daşoguz, Mary welaýatlarynyň we Aşgabadyň her birinde 39-sy we Lebapda 38-si hasaba alyndy. Galyberse-de, saýlawlara welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalarynyň 98,7%-i gatnaşypdyr.

TDH 28-nji martda welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ses berlen býulletenleri sanamagyny tamamlandygyny habar berdi. 29-njy martda ýurduň esasy gazetleri, anyk senäni aýdyňlaşdyrmazdan, saýlawlaryň netijeleriniň "ýakyn wagtda" yglan ediljekdigini ýazdylar.

Ýatlatsak, geçen sentýabrda Türkmenistanyň baş kanunyna girizilen soňky üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda ýurduň parlamenti iki palataly ulgama geçirildi. Täze parlament “Milli Geňeş” atlandyryldy we Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybarat edildi.

Parlamentiň ýokary palatasy, ýagny Halk Maslahatynyň 56 agzasy bolup, oňa her welaýatdan we Aşgabatdan sekiz, jemi 48 agza saýlanýar, ýene 8 agza prezident tarapyndan bellenilýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, Halk Maslahatynyň 48 mandatynyň her biri üçin 2-3 kandidat dalaş edip, olaryň 26% töweregini aýallar düzüpdir.

Merkezi Saýlaw topary halkara tejribe görä göni däl saýlawlarda halkara synçylaryň çagyrylmaýandygyny aýtdy. Ýöne bu saýlawlaryň geçirilişine syn etmek üçin syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýat toparlary hem-de dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 440-sy hasaba alyndy.

Resmi media olaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlara syn edendigini, we olaryň esasy wezipesiniň "saýlawlaryň açyklygyny hem-de aýanlygyny, kanunçylyga laýyklygyny üpjün etmekden ybarat bolandygyny" belledi.

Döwlet habar serişdelerinde milli synçylaryň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda nähilidir bir kanunbozmalary ýa-da bidüzgünçilikleri ýüze çykarandygy barada maglumat ýok.

Emma Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy Günbatar hökümetleri we demokratik guramalar tarapyndan erkin we adalatly saýlaw hasaplanmandy.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary saýlawlara görülýän taýýarlyklaryň çäginde häkimiýet wekilleriniň saýlaw resmilerine saýlawlarda surat alýan adamlary tutmak, ýerli saýlaw toparlarynyň agzalaryna netijeler barada dil ýarmazlyk ýaly tabşyryklary berýändiklerini aýdypdylar.

28-nji martda efire berlen "Watan" habarlar gepleşiginde saýlawlara sekiz minut töweregi wagt berlip, onda bu syýasy waka bilen bagly geçirilen "sazly, şowhunly" dabarlar hem görkezildi.

Halk Maslahaty Mejlis tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, kanunlary kabul ýa-da ret edýär, umumymilli refendumlary geçirmek meselelerine seredýär, prezidentiň Ýokary kazyýetiň başlygy, baş prokuror, Içeri işler ministrligiň we Adalat ministrligiň ýolbaşçylary wezipelerine teklip edýän dalaşgärlerine seredýär.

"Milli Geňeşiň" agzalarynyň we deputatlarynyň möhleti bäş ýyldyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG