Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aliment töläp bilmeýän ata köpelýär, 'sagat' maýyplaryň kömek pullary kesilýär


1-nji we 2-nji topar maýyplygy bolan adamlaryň saglygy sähel gowy hasaplansa, olaryň döwletden alýan kömek pullary kesilýär.

"Aliment, tölenmedik kömek pullary esasan çaganyň býujetden aýlyk alýan hossaryna ýüklenýär, emma ol hiç ýerden aýlyk almaýan bolsa, ýagdaý kyn" diýip, habarçy bilen gürleşen kazyýet işgäri aýtdy. Sebitde 500 çemesi raýat aliment, çagalaryna kömek pullaryny töläp bilmeýändigi üçin sud edildi.

Türkmenistan öz ýakyn taryhynda maşgalasyny ekläp bilmeýän ýa-da aýalyndan aýrylyşan erkekleriň iň köpelen we köpelýän döwrüni başdan geçirýär.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistanda soňky ýyllarda ar-aýalyň barha ýygjam aýrylyşmagy köplenç ykdysady ýagdaý, hususan-da erkek adamyň işsizligi, ýaramaz endikleri we maşgala ýük bolmagy bilen bagly, emma Azatlyk bu hili ýagdaýdaky maşgalalaryň anyk sany barada resmi maglumat alyp bilmedi.

Farapda we Türkmenabatda geçirilen kazyýet diňlenişikleri barada alan maglumatymyz aýry maşgalada ýaşaýan çagasyna kanun esasynda tölemeli kömek puluny, aliment töläp bilmeýän erkekleriň sanynyň öňki ýyllarda görlüp-eşidilmedik derejede köpelendigini tassyklaýar.

"Bu sebitde 500 çemesi raýat aliment, kömek pullaryny töläp bilmeýändigi üçin sud edildi" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, kazyýet işleri köplenç netijesiz, hiç kimiň peýdasyna bolman gutarýar.

"Aliment, tölenmedik kömek pullary esasan çaganyň býujetden aýlyk alýan hossaryna ýüklenýär, emma ol hiç ýerden aýlyk almaýan bolsa, ýagdaý kyn" diýip, habarçy bilen gürleşen kazyýet işgäri aýtdy.

Şu aralykda Faraba we Türkmenabada Aşgabatdan barlagçy geldi we olar esasan Lebapda saglyk ýagdaýy, işe ýarawsyzlygy sebäpli dynç alşa çykan we döwletden durmuş kömegini alýan adamlaryň dokumentlerini barlaýarlar diýip, pensionerleri hasaba alýan bölümiň işgäri aýtdy.

Barlagçylaryň esasy maksady saglygy sebäpli dynç alşa çykyp, aýlyk döwlet kömegini alýan adamlaryň hakykatdan hem şeýle kömege mätäçdigini ýa-da bu ýerde haýsydyr bir galplyga ýol berlip-berilmändigini anyklamak bolup durýar.

Eger-de 1-nji we 2-nji topar maýyplygy bolan adamlaryň saglygy sähel gowy hasaplansa, olaryň döwletden alýan kömek pullary kesilýär.

Farapda soňky bir hepdäniň içinde maýyplygy üçin kömek puluny alýanlaryň 10%-ne golaýy sagdyn diýlip hasaplandy we pensiýadan kesildi diýip, ýagdaýdan habarly resmi Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Farap şäheriniň 55 ýaşyndaky ýaşaýjysy Merýem gözüniň görüşiniň pesligi sebäpli ýedi ýyl bäri maýyplyk pensiýasyny alýardy diýip, habarçy onuň indi döwlet kömeginden kesilendigini, sebäbi gözündäki kemçiligiň pensiýa almak üçin ýeterlik tapylmandygyny habar berdi.

Mundan başga, süýji keseli, böwregindäki dert, demgysma zerarly ejir çekýän we döwlet kömegini alýan ençeme raýatyň maýyplyk üçin berilýän döwlet kömeginden kesilendigi habar berilýär.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy geçen ýylyň tomsunda ýerli lukmanlara ýokardan maýyplygy hasaba alynýan adamlaryň sanyny azaltmak barada dilden tabşyryk berlendigini habar beripdi.

Ýurtda dowam edýän ykdysady krizis, azyk we derman bahalarynyň yzygiderli ýokarlanmagy we pendemiýa çäklendirmeleri hususan-da maýyp adamlara agyr düşýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýärler.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanda maýyplyk üçin berilýän döwlet kömegi ortaça 400 manat bolup, bu olaryň ne iýjek-içjegine, ne-de dermanlaryna ýetýär.

Geçen ýylyň ýanwarynda döwlet maýyplyk üçin berilýän kömek pullarynyň iň pes mukdaryny 322 manat derejesinde kesgitledi. Dollaryň gara bazar nyrhy bilen hasaplansa, bu görkeziji Türkmenistandaky kömek pullarynyň juda azdygyna şaýatlyk edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG