Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ hasabaty: Dünýäde adam hukuklary boýunça meýiller 'nädogry ugura tarap barýar'


Jemgyýetçilik terip-düzgünine gözegçilik polisiýasy tarapyndan ýaralanan Nawalny tarapdary bir protestçi Moskwada tussag edilýär. 23-nji ýanwar.
Jemgyýetçilik terip-düzgünine gözegçilik polisiýasy tarapyndan ýaralanan Nawalny tarapdary bir protestçi Moskwada tussag edilýär. 23-nji ýanwar.

ABŞ-nyň dünýäde adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça ýaýradan hasabaty köp sanly ýurtlarda, şol sanda demokratiýa tarapdar parahat protestçilere garşy rehimsiz güýç ulanan Belarusda we oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň nyşanan alnan ýurdy Russiýada adam hukuklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny aýdýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 30-njy martda geçiren metbugat ýygnagynda şol ýurtlarda we beýleki ýurtlarda “adam hukuklary boýunça meýilleriň nädogry tarapa hereket etmäge dowam edýändigini” aýtdy.

Blinken dünýä boýunça 200 töweregi ýurtda adam hukuklarynyň geçen ýyldaky ýagdaýyna baha beren hasabat köpçülige ýetirilýän mahaly çykyş etdi.

“2020-nji ýylda gaty köp adam rehimsiz şertlerde ejir çekmegine dowam etdirdi” diýip, Blinken hasabatyň giriş bölüminde aýtdy.

Ol käbir hökümetleriň koronawirus pandemiýasyny “adam hukuklaryny çäklendirmek we awtoritar dolandyryşy berkitmek üçin bahana” hökmünde ulanandygyny aýtdy.

Hasabatyň Russiýa bagyşlanan bölümi Germaniýada birnäçe aýlap bejergi alandan soň, şu ýylyň başynda ýurda dolananda tussag edilen Nawalnynyň nerw agenti bilen zäherlenişine üns çekdi.

Hasabat Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň işgärleriniň geçen awgustda Nawalnyny zäherländigini görkezýän “ygtybarly maglumatlaryň” bardygyny aýtdy.

Şeýle-de, hasabat Russiýanyň Çeçenistan sebitinde LGBT adamlaryna garşy gynamalar we kazyýet tarapyndan ygtyýar berilmedik adam öldürmeler, şeýle-de hökümetiň ýa-da onuň adyndan çykyş edýän taraplaryň beýleki ýurtlarda öz garşydaşlaryny bikanun öldürmegi ýa-da öldürmäge synanyşmagy ýaly zorluk kampaniýalary barada hökümete dahylsyz guramalaryň we garaşsyz habar beriş serişdeleriniň beren “ygtybarly” habarlaryny agzady.

Hasabat Belarusy “awtoritar döwlet” hökmünde kesgitledi we bu ýurtda howpsuzlyk güýçleriniň eden-etdilikli adam öldürmegi, tussaghanalardaky gynamalar, eden-etdilikli tussag etmeler, kazyýetiň garaşsyzlygy bilen bagly çynlakaý meseleler, söz we metbugat azatlygynyň çäklendirilmegi ýaly adam hukuklarynyň möhüm meselelerine üns çekdi.

“Ähli derejede häkimiýetler alyp baran işlerinde eldegirmesiz hereket etdiler we adam hukuklaryny depelän howsuzlyk güýçlerini ýa-da hökümet resmilerini jezalandyrmak ýa-da olary hasaba çekmek boýunça çäre görüp bilmediler” diýip, hasabatyň Belarusa bagyşlanan bölümi aýdýar.

Şeýle-de, hasabat Gyrgyzystanda söz we metbugat azatlygyna abanýan howplara-da üns çekdi. 2019-njy ýylda Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy bilen Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektiniň bilelikdäki derňewleri bu Merkezi Aziýa ýurdunda ýüzlerçe million dollara barabar korrupsiýa jenaýatlarynyň üstüni açdy.

Hasabatyň raýat azatlyklaryna, şol sanda metbugat azatlygyna bagyşlanan bölüminde Döwlet departamenti gümrük gullugynyň başlygynyň öňki orunbasary Raimbek Matraimowy öz içine alýan derňewlere gatnaşan žurnalistlere atylan haýbatlary belledi.

Hasabatda AÝ/AR-yň käbir žurnalistleri “olaryň janyna we maşgalalaryna atylan haýbatlaryň arasynda, syýasy ar alyş gorkusy sebäpli” göçürendigi bellenilýär hem-de Matraimowdandygy aýdylýan tekst habaryny görkezýän bir wideo salgylanylýar. Onda Matraimow derňewe gatnaşan žurnalistleriň biriniň “öli ýa-da diri” gaýtarylyp getirilmegi üçin peşgeş hödürleýär.

Bişkek kazyýeti fewral aýynda korrupsiýa aýyplamalary bilen baglylykda Matraimowyň deslapdan tussag edilmegini buýruk berdi. Has ozal, ýüzlerçe gyrgyzystanly kazyýetiň ondan öňki kararyna protest bildirdi. Kazyýet öňki kararynda hökümi gowşadyp, günäniň boýun alynmagyndan soň ony türmä basmazlyk we oňa diňe birnäçe müň dollar jerime töletdirmek barada netijä gelipdi.

Hasabat hususan-da Hytaýy tankytlaýar. Hasabat hytaý hökümetiniň Sinszýan welaýatynda uýgurlara we beýleki köp sanly musulman etniki azlyk toparlaryna eden çemeleşmesini “genosid we adamzada garşy jenaýat” hökmünde häsiýetlendirýär.

Hasabatda döwletiň Sinszýan welaýatynda bu toparlara garşy eden köp sanly jenaýatlary, şol sanda eden-etdilikli tussag etmeler, mejbury sterilizasiýa we çaga dogluşyna gözegçilik etmek boýunça beýleki mejbury çäreler, gynamalar, mejbury zähmet we esasy azatlyklaryň “berk” çäklendirmegi beýan edildi.

Hasabat bikanun bendilik lagerlerinde saklanýan bir million töweregi uýgura we beýleki azlyk toparlaryna goşmaça hökmünde, ýene-de 2 million adamyň gündizki “okuwlara” mejbur edilýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG