Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukraina bilen ýokarlanýan dartgynlylygyň arasynda täze rus howpy


Russiýa goldawly separatistler gündogar Lugansk regionynyň Žolobok obasynda ukrain güýçleri bilen aradaky aragatnaşyk çyzygyna golaý ýerleşýän ýerde. 23-nji mart, 2021 ý.

Ukraina Russiýanyň umumy serhede goşun ýygnaýandygyny öňe sürýän wagty, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow gündogar Ukrainada islendik “täze söweş” synanyşygynyň bu ýurdy ýok etjekdigini duýdurdy.

Täze howp ukrain hökümet güýçleri bilen Russiýa goldawly separatistleriň arasynda birnäçe ýyl bäri dowam edýän konfliktde Moskwa bilen Kiýew soňky ýüze çykan zorlukda birek-biregi aýyplamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Kiýew separatistleriň iýulda ylalaşylan ýaraşygy yzygiderli bozýandygyny öňe sürýär we Russiýany serhede harby güýç getirmekde aýyplaýar. Bu aýyplamany Kreml ret edýär.

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba 1-nji aprelde twit ýazyp, özüniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) baş sekretary Helga Şmid bilen “Russiýanyň gündogarda ýa-da Ukrainada we Krymda howpsuzlyk ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy barada” gürleşendigini habar berdi.

Şeýle-de, ol ÝHHG-nyň Ukrainadaky Synçy missiýasynyň möhletiniň ýene bir ýyl uzaldylmagyna hoşallyk bildirdi hem-de ýewropaçy gurama “Russiýanyň hereketlerini ýakyndan yzarlamaly” diýdi.

Şol gün Lawrow Russiýanyň Birinji kanalyna beren interwýusynda “Donbasda täze söweş başlamaga synanyşýanlar Ukraina zyýan ýetirer” diýip, Putiniň sözlerini getirdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Russiýanyň “öz ygtyýary bilen, öz territoriýasynda öz goşunlaryny hereket etdirýändigini we munuň hiç kimi aladalandyrmaly däldigini” aýtdy.

“Biz NATO goşunlarynyň Russiýanyň serhediniň töwereginde güýçlendirýän hereketinden seresap bolmaly” diýip, ol žurnalistlere aýtdy.

Lawrowyň we Peskowyň beýanatlarynyň yz ýany ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs Moskwa Ukrainany “gorkuzmazlygy” duýdurdy.

“Soňky döwürde Russiýanyň gündogar Ukrainadaky agressiw we meçew beriji hereketleriniň möwjemegi bizi aladalandyrýar” diýip, Ned Praýs žurnalistlere aýtdy.

“Biziň garşy çykjak zadymyz – biziň partnýorymyz Ukrainany gorkuzmaga, oňa haýbat atmaga niýetlenen agressiw hereketlerdir” diýip, ol belledi.

Russiýa 2014-nji ýylda Krymy zor bilen anneksiýa edenden soňra gündogar Ukrainanyň Lugansk we Donetsk regionlarynda bolan söweşlere gatyşygyny, subutnamalara garamazdan, yzygiderli ret etdi.

2014-nji ýylyň aprelinden bäri 13 müňden gowrak jan alan çaknyşykda ÝHHG-nyň Ukraina boýunça missiýasy Donetsk we Lugansk regionlarynda soňky günlerde ýaraşygyň ýüzlerçe gezek bozulandygyny habar berdi.

Ukrainanyň Moskwa tarapdar prezidenti Wiktor Ýanukowiç köpçülik protest tolkunlarynyň arasynda wezipeden çetledilenden soňra, Russiýa 2014-nji ýylyň martynda Ukraina goşun iberip, ol ýerde referendum geçirip Krymy anneksiýa etdi. Azyndan 100 ýurt bu referendum bikanun yglan edildi.

ABŞ-nyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky wekili Kortni Ostriýan (Courtney Austrian) 31-nji martda guramanyň Hemişelik geňeşine eden ýüzlenmesinde ÝHHG-nyň Ukraina missiýasynyň möhletiniň uzaldylmagyna hoşallyk bildirdi. ABŞ wekili Ukrainanyň “özygtyýarlylygyna we onuň halkara derejesinde ykrar edilen serhetlerdäki, şol sanda territorial suwlardaky territorial bitewiligine” Waşingtonyň sarsmaz ygrarlylygyny ýene bir gezek tassyklady.

ABŞ wekili “Ukrainany, Russiýany we Russiýa goldanylýan güýçleri tutuş Ukrainanyň çäginde, şol sanda Krymda ÝHHG-nyň Gözegçi missiýasynyň päsgelçiliksiz hereket etmegini üpjün etmäge we halkara gözegçileriň howpsuzlygyny kepillendirmäge çagyrdy.

Şeýle-de, 31-nji martda ABŞ-nyň Bilelikdäki baş ştabynyň başlygy general Mark Milli Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow bilen hem-de Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Ruslan Homçak bilen gürleşdi diýip, Pentagon aýtdy.

“Russiýanyň durnuksyzlaşdyryjy hereketleri geçen iýulda dartgynlylygy azaltmak niýeti bilen, ÝHHG-nyň araçylygynda gazanylan ylalaşygyň ähmiýetini pese gaçyrýar” diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Jon Kirbi aýtdy.

“Biz bu dartgynlylyklaryň ýokarlanmagy barada hem-de ýaraşygyň bozulmagy we sebitdäki dartgynlylyk boýunça adalalarymyzy NATO ýaranlarymyz bilen ara alyp maslahatlaşýarys” diýip, Kirbi brifingde aýtdy.

26-njy martda Ukraina goşuny Donetskde bolan ok atyşykda dört ukrain esgeriniň öldürilendigini we ýene-de iki esgeriň ýaralanandygyny aýtdy we AFP habar agentligine görä, dekabrdan bäri öldürilen harby gullukçylaryň sany 19 adama ýetdi.

Homçak 30-njy martda Moskwany "strategiki türgenleşiklere taýýarlyk bahanasy bilen" Ukraina-Russiýa serhediniň golaýynda harby güýçlerini artdyrmakda aýyplady.

Bu artdyrmalar adaty rus goşunlarynyň goldawy bilen Donetskiň we Luganskyň söweş brigadalaryna, polklaryna we üpjünçilik bölümlerine ýerleşdirilen müňlerçe esgere goşmaçadyr diýip, Ukrain goşunynyň başlygy “Amerikanyň sesine” beren interwýusynda aýtdy.

“Biz duşman hereketleriniň bolup biljek ähli prowokasiýalaryna we reaksiýalaryna taýýarlyk görýäris” diýip, Homçak aýtdy.

Homçak Russiýanyň serhetde harbylaryny artdyrmagy baradaky aýyplamalaryny ilkibaşda 30-njy martda ukrain parlamentinde eden çykyşynda aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bu kommentariýalara 30-njy martda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron hem-de Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen geçiren wideokonferensiýasynda jogap berdi diýip, Kreml aýtdy.

Putin dartgynlylyk bilen bagly Ukrainany günäkärledi we Kiýewi ýerli separatist güýçler bilen göni gepleşik geçirmäge çagyrdy.

Fransuz prezidentiniň edarasynyň ýaýradan beýanatyna görä, Makron bilen Merkel wideokonferensiýanyň dowamynda Putini dartgynlylygy azaltmak boýunça çäre görmäge çagyrdy.

Germaniýa, Fransiýa, Ukraina we Russiýa ukrain konfliktini çözmek üçin döredilen Normandy aragatnaşyk toparynyň wekilleridir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG