Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda we Maryda köçeleri arassalamak işleri ýaýbaňlanýar. Wekilbazar etrabynda itler üçin ýaryş meýdançasy gurulýar


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda köçeleri arassalamak işlerine gatnaşdyrylýan adamlar.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda köçeleri arassalamak işlerine gatnaşdyrylýan adamlar.

Şu günler Maryda we Aşgabatda arassaçylyk işleri güýçlendirilýär. Arassaçylyga jemagat gullugynyň işgärleri bilen bir hatarda beýleki býujet edaralarynyň işgärleri hem çekilýär. Aşgabatda talyplar bir hepde töweregi wagt bäri şäheriň arassaçylyk işlerine çekilýär. Bu aralykda, Maryda bir at aýlawynyň golaýynda alabaý itleriniň arasynda ýaryş geçirmek üçin ýörite meýdança gurulýar. Meýdançanyň gurluşygyna käbir döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri öz işlerinden daşary mejbury gatnaşdyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, şu günler käbir býujet edaralarynyň işgärleri, şol sanda jemagat gulluklary Mary – Baýramaly şa ýolunyň ugrunda göze iljek ýerleri arassalap reňkleýär, köçeleri ýuwýar, köçäniň gyrasynda oturdylan agaçlaryň aşagyny hekleýär. Şulara meňzeş arassaçylyk işleri Mary şäherinde-de dowam edýär.

“Bu işlere diňe jemagat gullugynyň işgärleri gatnaşdyrylmaýar, beýleki edaralardan hem adam goşýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, köpçülikleýin arassaçylyk işleri paýtagt Aşgabatda hem alnyp barylýar. Azatlygyň habarçysy geçen hepdäniň dowamynda talyplaryň şäherdäki arassaçylyk işlerine çekilendigini habar berdi. 5-nji aprelde bolsa paýtagtyň jemagat gulluklarynyň işgärleri, býujet edaralarynyň işgärleri arassaçylyk işleri üçin “Saglyk ýoluna” äkidildi.

Habarçy Köpetdagyň etegine arassaçylyk işleri üçin äkidilen býujet işgärleriniň şähere dolanmakda kynçylyk çekendigini habar berýär.

“Adamlary ol ýere eltip taşladylar. Olar agşam sagat 7-den soň öýlerine zordan dolandylar. Içi boş barýan awtobuslar olaryň deňinde togtamady. Awtobuslar elleri kürekli adamlary almady” diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bu aralykda, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän at aýlawynyň golaýynda alabaý itleriniň arasynda ýaryş geçirmek üçin ýörite meýdança gurulýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, meýdançanyň gurluşyk işlerini käbir döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri ýerine ýetirýär.

“Bu it meýdançasyny gurmak üçin işsiz adamlar işe kabul edilmeýär. Ony gurmaga döwlet edaralarynda öňden bäri işleýän adamlar çekilýär. Bu iş üçin olara goşmaça töleg tölenmeýär” diýip, it meýdançasynyň gurluşygyna çekilen bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Maryda alabaý itleriniň arasynda geçiriljek bäsleşige niýetlenen meýdançanyň gurluşygy Türkmenistanda belleniljek Bedew we alabaý baýramlarynyň öňýanyna gabat gelýär.

Türkmenistanda apreliň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bellener.

Bu baýramçylyk senelerine Türkmenistanda ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Baýramçylyk günlerinde türkmen häkimiýetleri alabaý itleriniň arasynda gözellik bäsleşigini geçirmegi meýilleşdirýär.

Galyberse-de, türkmen kanun çykaryjylary bu baýramçylygyň öňýany ýurtda itşynaslar üçin hormatly atlary döretmegi maslahat etdi.

Türkmenistanda welaýatlarda arassaçylyk işleri adatça baýramçylyk günleriniň öňýany ýa-da prezidentiň welaýatlara edýän saparynyň öňüsyrasynda güýçlenýär.

Azatlygyň habarçysyna görä, käbir ýerli ýaşaýjylar Maryda güýçlendirilýän arassaçylygy prezidentiň ogly hem-de hökümet başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň sebite amala aşyrmagy ahmal sapary bilen ilteşdirýärler.

Ýatlasak, Mary welaýatynda arassaçylyk we abatlaýyş işleri martyň başlaryndan bäri ýaýbaňlanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG