Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Welosiped meşhurlygymy ýa-da halkyň hasabyna oýnalýan gymmat oýun?


 Gurbanguly Berdimuhamedow welosiped ýörişine gatnaşýar. Aşgabat, 7-nji aprel, 2021. Türkmen TW-sinden alnan surat.
Gurbanguly Berdimuhamedow welosiped ýörişine gatnaşýar. Aşgabat, 7-nji aprel, 2021. Türkmen TW-sinden alnan surat.

Paýtagt ýaşaýjylarynyň kösençlikleri Marydaka garanda hem has uly boldy. Aşgabatdaky ýöriş wagtynda Andalyp, Oguzhan, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk we Türkmenbaşy köçeleri birnäçe sagatlap baglandy we şu aralykda bu ugurlarda gatnaýan jemgyýetçilik transporty ýa togtadyldy, ýa-da başga ýerden gitdi.

Müňlerçe türkmenistanly 7-nji aprelde ýene bir gezek welosiped ýörişine gatnaşyp, Bütindünýä saglyk gününi belledi, oňa gatnaşmadyk uly adamlar we çagalar bolsa, býujet edarasynda işleýän ýa student agzalary bar bolsa, maşgala býujetinden täze welosiped we sport eşikleri üçin bölünip alnan serişde sebäpli gysylmaly boldy, iş-derdi bilen köçä çykanlar ýapylan ýollar, ýatyrylan awtobus gatnawlary zerarly kösençlik çekdi diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary habar berýär.

Aşgabatdan we Marydan gelen maglumatlarda köpçülikleýin welosiped ýörişleriniň, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu ýylam mejbury çäre bolandygy, oňa gatnaşýanlaryň köpüsiniň ýüzünde-gözünde şatlyga ýa ruhubelentlige garanda alada-gaýgynyň has köp duýulýandygy bellenýär.

Däp bolşy ýaly, welosiped ýörişi Aşgabatda prezidentiň gatnaşmagynda geçirildi we ýerli ýaşaýjylar üçin, baglanan ýollar sebäpli, aýdylmagyna görä, Mary şäherindäkä garanda hem has kän kynçylyk döretdi.

Paýtagtda bolşy ýaly, Maryda hem ýörişe esasan býujet işgärleri, şol sanda bilim we saglyk hünärmenleri, studentler çekildi.

Maryda guralan welosiped ýörişine hökümet edaralarynyň her birinden azyndan 5 adam gatnaşmaly edildi diýip, ýerli habarçy aýtdy.

"Köpçülikleýin welosiped ýörişi Mollanepes köçesinden başlanyp, Kemine köçesiniň aýagynda tamamlandy; Mollanepes köçesiniň ugrundaky "Ylham" köşgüniň öňünde konsert berildi, şol köçedäki kitaphananyň öňünde bolsa studentler bu ýere öňünden getirilen tomaşaçylara dürli maşklary görkezdiler diýip, habarçy sözüni dowam etdirdi.

Onuň sözlerine görä, görkezilen maşklaryň tomaşaçylary esasan ýaşuly adamlardan ybarat boldy we olar, el çarpsalar-da, gören maşklaryndan uly bir täsir alana meňzemedi.

Marydaky welosiped ýörişi ir sagat 6-dan sagat 9-a çenli dowam etdi, şu aralykda polisiýa Kemine we Mollanepes köçeleriniň hereketini doly petikledi.

"Irden işe gelýän adamlar şähere girip bilmediler. Kemine we Mollanepes köçeleri şäheriň merkezi köçeleri bolansoň, olaryň baglanmagy şäher ýol hereketiniň tasdan doly bökdelmegine sebäp bolýar" diýip, habarçy aýtdy.

"Şäheriň içinde nobatçylyk çekýän polisiýa işgäri gaty kän, olar köçeden pyýada barýan ýa bir ýere geçjek bolýan adamlary hem sakladylar" diýip, habarçy ýolda näme etjegini bilmän duran adamlary köp görendigini hem sözüne goşdy.

Şäher ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyny kynlaşdyran diňe welosiped ýörişi hem bolmady, geçirilýän çäreleriň telewideniýe üçin ýazgy edilmegi, adatça bolşy ýaly, ýaşaýjylar üçin goşmaça kynçylyklary döretdi.

Mollanepes köçesindäki "Bagtyýar" seýilgähinde ýazgy edilen çäre sagat 10-da başlandy. Gyzyl ýarymaý belgili ýeňsizleri geýen studentler telewideniýe üçin ýörite maşklary ýerine ýetirip, surata düşdi, bu ýazga tomaşaçy hökmünde getirilen ýaşululardan başga 30-40 çemesi student gatnaşdy diýip, habarçy aýtdy.

Aşgabatda, prezidentiň we beýleki resmileriň gatnaşmagynda geçirilen welosiped ýörişi hem köçeleriň ir sagat 6-dan 9:30-a çenli ýapylmagyna sebäp boldy.

Ýöne paýtagt ýaşaýjylarynyň kösençlikleri sebit merkezi Marydaka garanda has uly bolana meňzeýär. Aýdylmagyna görä, ýöriş wagtynda merkezi köçeleriň tas ählisi, şol sanda Andalyp, Oguzhan, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk we Türkmenbaşy köçeleri birnäçe sagatlap baglandy we şu aralykda bu ugurlarda gatnaýan jemgyýetçilik transporty ýa togtadyldy, ýa-da ugruny üýtgedip, başga ýerlerden gitmeli edildi.

Bu hereket çäklendirmeleri işi ýa başga bir zerurlygy üçin çykan adamlaryň esli wagtyny aldy diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen metbugaty Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýetiniň 1894-nji ýylda, 127 ýyl mundan ozal döredilendigini, bu günki gün welosiped sportynyň türkmenistanlylaryň arasynda "barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny" belleýär.

Emma hökümet tankytçylary Türkmenistandaky "welosiped meşhurlygyny" býujetden aýlyk alýan adamlaryň we studentleriň, garyp halkyň hasabyna guralýan "gymmat oýun" hökmünde häsiýetlendirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG