Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistana gelýänler sanjym güwänamasyny görkezer. Lukmanlar derman gytçylygynda 'pul ýasaýar'


Aşgabat. Saglyk ministrliginiň binasy

Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji ýanwarda saglyk ministriniň hasabatyny diňläp, daşary ýurtlara okamaga gitjek studentlere sanjym edilmegini, ýurda gelýän myhmanlardan sanjymlaryny tassyklaýan güwänama talap etmegi tabşyrdy. Şu arada lukmanlaryň derman ýazmakdan goşmaça gazanç edýändigi mälim boldy.

Türkmenistanly lukmanlar we dermanhana eýeleri ýurtdaky agyr ýagdaýlardan peýdalanyp, bir-birine müşderi kömegini edýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

Aýylmagyna görä, bu işde esasy işjeňlik lukmalara degişli. Olar saglyk meselesi bilen gelen näsaglara zerur hasaplan dermanlarynyň adyny ýazyp berýär we bu dermanlary almaly dermanynyň adyny, adresini aýdýar.

“Meniň ýazyp beren dermanlarymy diňe meniň salgy beren dermanhanamdan al, bolmasa men saňa seredip bilmerin” diýip, bejeriji lukman ýanyna gelen näsagyň öňünde şert goýýar.

Azatlygyň habarçysy bu ýagdaýyň soňky wagtlarda tasdan adaty zada öwrülip barýandygyny hem sözüne goşdy.

Salgy berlen dermanhana baran näsag ol ýerde öz bejeriji lukmanynyň adyny aýtmaly we dermanhana satyjysy müşderi ibereniň adyny we gelen adamyň adyny ýörite bir depderçede bellige alýar.

Lukmanlaryň derman almaly anyk dermanhana barada aýdanlaryny hiç bir sorag astyna alman, bolmaly zat ýaly kabul edýän näsaglar köplük, emma iki-ýeke sorag berýänler-de tapylýar diýip, habarçy lukmana şeýle sorag beren ýaşaýjylaryň käbiri bilen gürrüňdeş boldy.

Olaryň aýtmaklaryna görä, eger näsag bejeriji lukmandan “Dermany başga dermanhanadan alsam bolmazmy?” diýip sorasa, lukmanlaryň gahary gelýär. “Men seniň nireden we nähili derman alanyňy nädip bileýin? Alan dermanyň ters reaksiýa berse, men seniň ýagdaýyňa jogap beremok” diýip, gelen näsagyň ýüzüni alýan lukmanlar hem bar.

Türkmenistanda satylýan dermanlaryň hili, şol sanda gaçak ýagdaýda getirilýän we ýörite desgalardan, bolmalysy ýaly saklanman satylýan dermanlar hem bar we bu meselede bir tarapdan lukmanlaryň talaplary kanuny hem hasaplanyp biler. Emma synçylaryň käbiri bu ýerde näsagyň saglygy baradaky alada garanda, biznes, işleýän işiň gapdalyndan goşmaça gazanç etmek meýilleriniň agdyk gelýändigini aýdýar.

“Bu näsagyň jan saglygynyň aladasy däl, olaryň öz jübileriniň aladasy” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy Azatlyga öz pikirini aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä “bu biznesden dermanhanalar hem uly peýda görýär”.

Sebäbi olara dermanlaryny wagtynda, ýaramlylyk möhleti tamamlanmanka satyp gutarmak gerek, käbir halatlarda olar adaty ýagdaýda geçmeýän dermanlaryny hem, lukmanlara ýazdyrmak bilen, wagtynda satyp bilýär, lukmanlar näsaga iberýän dermanhanasynda bar dermanlary ýazýarlar diýip, ýeterlik dermanhana tejribesi bolan raýat gürrüň berdi.

Ýerli synçylar Türkmenistandaky saglyk işgärleriniň aýlyklarynyň öwerlik däldigini, munuň üstesine olaryň pandemiýa döwründe hem ýeterlik gorag we goldaw mümkinçiliklerini alyp bilmändiklerini belleýärler. Emma muňa garamazdan, ortaça aýlyklary 1800 manat töweregi bolan lukmanlara “el aklygyny” berýänler hem az däl we dermanhana eýeleri bilen gürleşip gazanan pullary goşmaça gazanç bolýar.

Habarçy bu ýagdaý baradaky pikirini sorap, diýlen dermanhana gelen näsaglaryň hem birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Olar özlerinde lukmanyň diýenini etmekden başga çäräniň ýokdugyny, “şonda dertden saplanyp bilseler hem kaýyldyklaryny” aýtdylar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, derman meselesindäki kynçylyklar, olaryň hemişe gyt bolmagy ýa-da gymmatlamagy esasan sada halky horlaýar.

Dermanlaryň gytlygynyň we gymmatlygynyň sebäbi diňe olaryň köplenç walýuta, daşary ýurtlardan getirilmegi bilen hem bagly däl. Dermanhana eýeleriniň özara gürrüňçilikde aýtmaklaryna görä, olar köplenç häkimiýet adamlaryna para bermeli, derman satmak üçin ygtyýarnama almak üçin 30-50 müň dollar aralygynda pul harçlan adamlar işini ýitirmezlik üçin ugur, ýol gözlemäge mejbur bolýar.

Synçylar bu ýagdaýlaryň dermanlaryň bahasynyň ýyl-ýyldan ýokarlanmagyna, näsaglan adamlary bolanja zadyny satmaga mejbur edýändigini aýdýarlar.

Türkmenistan dünýäde koronawirus hadysalaryny resmi taýdan hasaba almadyk az sanlary ýurtlaryň biri bolup durýar. Şol bir wagtda, resmi Aşgabat ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin zerur bolan çäreleriň ählisini görýändigini aýdýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji ýanwarda saglyk ministriniň hasabatyny diňläp, daşary ýurtlara okamaga gitjek studentlere sanjym edilmegini, ýurda gelýän myhmanlardan sanjymlaryny tassyklaýan güwänama soramagy tabşyrdy.

Şu aralykda “Turkmen.news” tanymal türkmen alpinisti Mäliknyýaz Hojanyýazowyň we onuň aýaly Hesel Amanowanyň ýogalandygyny habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri garaşsyz neşirlere syzyp çykýan maglumatlara, koronawirusdan ýogalandygy aýdylýan adamlar baradaky habarlara reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG