Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prokuratura Lebabyň käbir hassahanalarynda soňky alty aýda geçirilen abort işlerini derňeýär


Illýustrasiýa suraty.

Lebabyň Farap we Çärjew etraplarynyň hem-de Türkmenabat şäheriniň hassahanalarynyň çaga dogurylýan öýlerinde prokuratura işgärleri soňky alty aýda kanuny esaslar bilen abort işlerine gatnaşan ona golaý akuşer-ginekology derňeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, 2015-nji ýyldan bäri türkmen kanunçylygy abort işine diňe ýörite komissiýanyň karary bilen bellenen zerurlyk ýüze çykan halatynda rugsat berýär, ýöne Lebapda prokuratura işgärleri soňky alty aýda geçirilen abort işlerinde ähli zerur resminamalaryň düzüwdigine garamazdan, olara gatnaşan akuşer-ginekologlary derňeýär.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi hassahanada ýa-da başga ýerde çaga bikanun esasda abort edilse, oňa gatnaşan lukmanlara iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasyny berýär, eger-de abort işleri ýörite lukmançylyk bilimi bolmadyk lukmanlar tarapyndan geçirilse, onda kanunçylyk olary iki ýyla çenli azatlykdan mahrum edip bilýär.

Türkmenistanda abortyň diňe bellenen halatlardaky zerurlygy ýörite komissiýa tarapyndan tassyklansa-da, habarçynyň maglumatlaryna görä, bu komissiýanyň rugsadyny müňlerçe manat para bilen almak mümkin.

Faraply bir akuşer habarçy bilen gürrüňdeşlikde özüniň şu günler prokuratura işgärleri tarapyndan tas her gün diýen ýaly sorag edişlige çagyrylýandygyny aýtdy. Onuň maglumatlaryna görä, Farap, Çärjew we Türkmenabat hassahanalarynda ençeme akuşer öz üstlerinden jenaýat işleriniň açylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz galýar.

Kanun goraýjy işgärler lukmanlary soraga çagyrýan mahaly, degişli hassahanalarda wagtal-wagtal näsaglar garawsyz galýar.

“Türkmenistanda islendik bir pudakda bir işgär ýalňyşsa, şol pudakda ähli işgär kösenýär” diýip, habarçy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli hünärmen aýtdy.

Bu aralykda, habarçy hassahanalarda öz ugry boýunça ýokary bilim alan sowatly kadrlaryň azlyk edýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň lebap hassahanalaryndaky derňewler boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti abort barada statistiki sanlary köpçülige äşgär etmeýär.

Türkmenistanyň “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky” kanuny göwrelilik möhleti bäş hepdä çenli bolan we 18 ýaşyny dolduran aýallara göwreliligi emeli usul bilen aýyrtmaga rugsat berýär. Munuň üçin aýaldan onuň ene-atasynyň ýa-da adamsynyň razyçylygy talap edilmeýär. Ýöne 18 ýaşyna ýetmedik göwreli aýallar üçin onuň ene-atasynyň ýazmaça razyçylygy hem-de lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň netijenamasy talap edilýär.

Şeýle-de, göwrelilik möhleti 22 hepdä çenli bolan aýallara onuň saglyk we durmuş görkezijileri nazarda tutulyp hem-de lukmançylyk toparynyň maslahaty bilen abort etmäge, bu möhlet 22 hepdeden ýokary bolan halatynda saglyk görkezijileri bilen bir hatarda ygtyýarly edara tarapyndan bellenen ýörite toparyň karary bilen göwreliligi emeli usul bilen aýyrmaga rugsat berilýär.

Kanunçylyk göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagynyň diňe döwlet eýeçiligindäki saglygy goraýyş edaralarynda geçirilmegine rugsat berýär.

Jemgyýetçilik saglygy boýunça türkmen dilinde habarlylyk işlerini alyp barýan garaşsyz Saglyk.org web-saýtyna görä, türkmen jemgyýetinde islenilmeýän göwreliligiň öňüni almak hem-de maşgalany meýilleşdirmek işleri köplenç aýalyň boýnuna ýüklenýär.

Neşiriň 2015-2016-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar fondunyň (ÝUNISEF) tehniki goldawy bilen Türkmenistanda geçirilen bir barlagyň netijelerine salgylanyp ýazmagyna görä, degişli döwürde Türkmenistanda 15-49 ýaş aralygyndaky zenanlaryň 50,2 %-niň kontrasepsiýadan peýdalanýandygy anyklanypdyr.

Neşir beýleki käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda göwreliligiň emeli usul bilen aýyrdylmagy boýunça käbir sanlary getirýär. Gazagystanyň Saglyk ministrliginiň web-saýtyna görä, Gazagystanda 15-18 ýaşly gyzlardan her ýyl ortaça 1000-den 4-5 sanysyny abort etdirýär.

Halkara Statistika komitetiniň sanlaryna görä, diňe 2017-nji ýylda Gyrgyzystanda 19,5 müň töweregi zenan abort etdiripdir.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ýurduň abort sanlaryny äşgär etmeýän mahaly, döwlet eýeçiligindäki metbugat serişdeleri-de ýurtda islenilmeýän göwreliligiň hem-de abortyň gerimi barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG