Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nobatlar, garaşmak, COVID synaglary. Türkmenistanlylar ýurtdan çykmak üçin mümkinçilik gözleýärler


Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy, maý, 2019-njy ýyl.
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy, maý, 2019-njy ýyl.

Soňky aýlarda ykdysady kynçylyklaryň we sosial taýdan goragsyzlygyň güýçlenmegi ilatyň ýurtdan çykmak isleglerini artdyrýar. Habarçylaryň sözlerine görä, daşary ýurt pasportyny we daşary ýurt ilçihanalaryndan zerur resminamalary almak üçin uly nobatlar saklanýar. Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly halkara howa gatnawynyň ýola goýulmazlygy we sanitariýa talaplarynyň girizilmegi köp sanly türkmen raýatynyň ýurduň daşyna çykmak mümkinçiliklerini hasam çäklendirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, Türkmenistany terk etmegi planlaşdyrýan we bu ugurda hereket edýän raýatlaryň sany azyndan müňlerçe adama ýetýär. Häzirki wagtda köpler ýurtdan çykmak mümkinçiligine eýe bolmak üçin Russiýa Federasiýasyna ýüz tutýarlar, şol sanda Orsýetde wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama almaga synanyşýarlar. Köpler dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Habarçylar kynçylyklaryň ilçihana ýüz tutmakdan başlanýandygyny we ýazylmak üçin bir-bir ýarym aý garaşmaly bolýandygyny aýdýarlar. Goşmaça soraglar ýüze çykan halatynda gaýtadan nobata ýazylyp, ýene garaşmaly bolýandygyny habarçylar belleýärler. Olar internete girmekdäki kynçylyklaryň web sahypa arkaly ýazga durmak prosesini agyrlaşdyrýandygyny, mundan başga-da, koronawirus testiniň aýratyn bir mesele bolup durýandygyny aýdýarlar.

"Meniň ýagdaýymda, Orsýetde wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama almak üçin düýn ilçihana ýüz tutmak isledim, munuň üçin COVID-19 testini tabşyrdym. Ýüz tutmak üçin bir aý öňünden ýazylypdym, ýöne testiň netijelerini öýlän sagat 15:00 alyp bildim, günortanlyk arakesmeden soň bolsa konsullyk işlemeýär we indi taýýar resminamalary gowşuryp bolmady" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna indi öz dokumentlerini tabşyrmak üçin ýene gaýtadan nobata ýazylmaly boljakdygyny we bu aralykda koronawirus testiniň manysynyň gaçýandygyny belledi.

Bahasy 100 manatlyk koronawirus testiniň netijesiniň möhleti 72 sagatdan gutarýar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, mundan başga-da, koronawirus testiniň netijelerini konsullygyň özünde tassyklatmak hem zerur, bu hyzmatyň bahasy 12 amerikan dollaryna barabar. Munuň üçin 27-nji aprelde Russiýanyň Aşgabatdaky konsullygynda 200 töweregi adamyň birnäçe sagatlap nobata durandygyny habarçy aýdýar.

Ýene bir mesele, adamlaryň ýurdan gidýän senesi barada öňünden bihabar bolmagy bilen bagly. Sanlyja uçar bilen gitmek isleýänler köp we adamlar özleriniň gidýän senesi barada habar berilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, käwagt olara gitmezden bir gün öň aýdylýar diýip, habarçylarymyzyň ýene biri aýdýar.

Türkmenistandan Orsýete yzygiderli uçar gatnaýar. Şu aýda Türkmenistandan Orsýete planlaşdyrylan uçarlaryň biri 22-nji aprelde gidipdir. Uçuşlary guraýan orsýet ilçihanasynyň resmi habaryna görä, 169 adam Russiýanyň "S7" awiakompaniýasynyň 8536-njy uçary bilen Türkmenabadyň halkara howa menzilinden Moskwa gidip bilipdir. Ilçihananyň habaryna görä, 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistana halkara howa gatnawy togtadylandan bäri bu on birinji uçar bolupdyr.

Bu resmi maglumata görä, orsýet uçarlary arkaly Türkmenistandan çykyp bilýän toparlara esasanam Russiýa Federasiýasynyň raýatlary, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň çäginde hemişelik hasaba alnan ýa-da maşgalasy bilen birleşmek maksady bilen Russiýa gidýän goşa raýatlykly adamlar, şeýle hem Orsýete girmäge rugsady bolan daşary ýurt döwletleriniň raýatlary, şol sanda diplomatik, iş ýa-da hususy wizalara eýe bolan adamlar girýär.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenabat-Moskwa arasyndaky indiki uçar aprel aýynyň ahyrynda, 29-njy aprelde garaşylýar. Azatlyk Radiosy indiki uçaryň takyk senesini resmi taýdan anyklap bilmedi. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan we Türkmenabadyň halkara aeroportundan maglumat alyp bolmady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri migrasiýanyň möçberini, şol sanda ilat sanyny we ýurtdan çykýanlaryň sanyny görkezýän resmi statistikany çap etmeýär. 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurduň hökümetindäki çeşme soňky on ýylda tas 2 million adamyň Türkmenistandan çykyp gidendigini Azatlyga habar berdi.

Häzirki wagtda ýurtdan çykýanlar, zerur dokumentlere eýe bolmakdan başga-da, paýtagtdan 600 km uzaklykda ýerleşýän Türkmenabat şäherine barmaly. Soňky ýylyň dowamynda Türkmenistandan daşary ýurtlara uçýan uçarlaryň ählisi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden gaýdýar.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň mart aýynda uçuşlary togtatdy we ýylyň dowamynda halkara gatnawlara girizilen gadaganlygy birnäçe gezek uzaltdy. Aprel aýynyň başynda "Türkmenhowaýollary" milli kompaniýasy ýurduň daşyna uçuşlaryň häzirlikçe dikeldilmejekdigini habar berdi we ýakyn wagtda howa gatnawynyň gaýtadan başlanjak wagty barada goşmaça maglumatlaryň çap ediljegini yglan etdi.

Halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy müňlerçe türkmen raýatyň ýurduna gaýdyp bilmezligine-de sebäp boldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG